Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
35 verses
1Bir Sabat güni Isa fariseýleriň başlyklaryndan biriniň öýüne nahara geldi. Olar hem Ony göz astyna alýardylar.
2Ine, suw ýygnanma keselli bir adam Onuň garşysyna geldi.
3Isa kanunçylara, fariseýlere ýüzlenip: «Sabat güni şypa bermek dogrumy ýa dogry dälmi?» diýdi.
4Olar seslerini çykarmadylar. Isa hem ýaňky adamy ýanyna çekip, ony sagaldyp goýberdi.
5Onsoň olardan: «Sabat güni sizden biriniň eşegi ýa-da öküzi guýa gaçsa, ony derrew çykarmazmy?» diýip sorady.
6Olar bu soraglara jogap berip bilmediler.
7Isa çagyrylanlaryň töri saýlaýandyklaryny görüp, olara bir tymsal aýtdy:
8Biri seni toýa çagyranda, baryp, töre geçme, ol senden has gadyrly birini hem çagyran bolaýmasyn.
9Seni çagyran gelip, saňa: „Ýeriňi muňa ber" diýäýmesin. Onsoň sen utanyp, iň pes ýerde oturmaly bolarsyň.
10Çagyrylanyňda, seni çagyran ýanyňa gelip: „Eý dost! Töre geç" diýer ýaly, baryp, iň pes ýerde otur. Onsoň saçak başynda özüň bilen oturanlaryň ýanynda hormatyň bolar.
11Çünki kim özüni beýgeltse, peseler, özüni peseltse, beýgeler».
12Onsoň Isa Özüni çagyrana şeýle diýdi: «Öýlänlik ýa-da agşamlyk naharyny bereňde dostlaryňy, doganlaryňy ýa garyndaşlaryňy, ýa-da baý goňşularyňy çagyrma. Çagyrsaň, olar hem seni çagyryp, öwezini dolar.
13Zyýapat bereňde garyplary, maýyplary, agsaklary, körleri çagyr.
14Olar saňa öwezini dolup bilmedikleri üçin, sen bagtly bolarsyň, çünki dogrularyň direlen wagty, saňa onuň öwezi berler».
15Isa bilen bile saçak başynda oturanlaryň biri muny eşidende Oňa: «Hudaýyň patyşalygynda çörek iýjek ne bagtly!» diýdi.
16Ol hem oňa şeýle diýdi: «Bir adam uly zyýapat berip, birtopar adamy çagyrýar.
17Nahar wagty bolanda çagyrylanlara: „Geliň, ähli zat taýýar" diýip, hyzmatkärini iberýär.
18Emma olaryň bary, dilleşen ýaly, ötünç soramaga başlaýarlar. Ilkinjisi oňa: „Men bir bölek ýer satyn aldym, gidip şony görmeli. Haýyş edýärin, meni bagyşla" diýýär.
19Beýlekisi: „Men bäş jübüt öküz satyn aldym, şolary barlamaga barýaryn. Haýyş edýärin, meni bagyşla" diýýär.
20Ýene biri: „Men ýaňy öýlendim, şonuň üçin gelip bilmeýärin" diýýär.
21Hyzmatkär gelip, bulary agasyna habar berýär. Onsoň öý eýesi gaharlanyp, hyzmatkärine: „Tiz şäheriň köçelerine, ýollaryna git-de, garyplary, maýyplary, körleri, agsaklary, şu ýere getir" diýýär.
22Hyzmatkär: „Aga! Seniň aýdanyň ýerine ýetirildi, ýöne entek hem ýer bar" diýýär.
23Onsoň aga hyzmatkärine: „Ýollara, haýatlara bar-da, adamlary güýç bilen getir, öýüm dolsun" diýýär.
24Size aýdýaryn, çagyrylan adamlaryň ýekejesi hem Meniň zyýapat naharymdan datmaz».
25Uly märeke Isa bilen bile barýardy. Isa yzyna öwrülip, olara şeýle diýdi:
26Kim Meniň ýanyma gelip, atasyny, enesini, aýalyny, oglan-uşagyny, doganyny, uýasyny hatda öz janyny hem ýigrenmese, Meniň şägirdim bolup bilmez.
27Kim öz haçyny göterip, Meniň yzyma düşmese, Meniň şägirdim bolup bilmez.
28Sizden biri bir minara saljak bolýar diýeli. Ol: „Muny tamamlamaga pulum ýetermikä?" diýip, ilki oturyp, harjyny hasaplamazmy?
29Çünki binany tutup, soň işi tamamlap bilmese, muny görenleriň hemmesi oňa gülüp:
30„Bu adam salmaga başlady welin, ýöne tamamlap bilmedi" diýer.
31Ýa-da bir patyşa başga bir patyşa bilen uruş etmäge barýar diýeli. On müň esger bilen üstüme gelýän ýigrimi müňe garşylyk görkezmegi başararynmy diýip, ilki oturyp maslahatlaşmazmy?
32Başarmajak bolsa, ol duşman entek uzakdaka, ilçi iberip, ýaraşyk şertlerini sorar.
33Şeýlelikde, siziň her biriňiz bar zadyňyzdan el çekmeseňiz, Meniň şägirdim bolup bilmersiňiz.
34Duz gowy zatdyr, ýöne ol öz tagamyny ýitirse, onda oňa näme bilen tagam berler?
35Ol ne ýere, ne-de döküne ýarar, ony daşaryk zyňarlar. Gulagy barlar eşitsin!»