Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
35 verses
1Şol wagt birnäçe adam gelip, Pilatusyň gurbanlaryny öz ganlaryna garan jelilelileri hakda Oňa gürrüň berdiler.
2Isa şeýle jogap berdi: «Bu görgüleri görendikleri üçin, siz ol jelilelileri beýleki bütin jelilelilerden günäkärdir öýdýärsiňizmi?
3Men size diýýärin: ýok! Ýöne toba etmeseňiz, siziň hemmäňiz şeýle heläk bolarsyňyz.
4Ýa-da üstlerine Siloam minarasy ýykylyp ölen ol on sekiz adamy Iýerusalimde ýaşaýan ähli adamlardan ýazyklydyr öýdýärsiňizmi?
5Men size diýýärin: ýok! Ýöne toba etmeseňiz, siziň hemmäňiz şolar ýaly heläk bolarsyňyz».
6Onsoň Isa olara şu tymsaly aýtdy: «Bir adamyň bagynda bitip oturan bir injir agajy bar eken. Ol gelip, ondan miwe agtarýar, ýöne tapmaýar.
7Bagbana: „Ine, üç ýyldyr, men gelip, bu agaçdan miwe agtarýaryn, emma tapmaýaryn. Ony kes, nämä ýeri biderek tutup otyr?" diýýär.
8Emma bagban oňa şeýle diýýär: „Aga, oňa bu ýyl hem degme, men onuň töweregini gazyp, dökünläýin.
9Miwe bersä oňat, bermese-de, geljek ýyl kesäýersiň"».
10Isa Sabat güni sinagogalaryň birinde sapak berip otyrdy.
11Ol ýerde on sekiz ýyl bäri içinde ejizlik ruhy bolan bir aýal bardy. Ol iki eplenip, asla gönelip bilmeýärdi.
12Isa ony görende, ýanyna çagyryp, oňa: «Naçar! Sen öz ejizligiňden halas edildiň» diýdi.
13Onsoň elini onuň üstünde goýdy welin, aýal derrew göneldi-de, Hudaýy şöhratlandyrmaga başlady.
14Sinagoganyň başlygy Isanyň Sabat güni şypa berenine gahary geldi, halaýyga ýüzlenip: «Iş etmek üçin alty gün bardyr, şypa tapmaga Sabat güni däl-de, şol günlerde geliň» diýdi.
15Reb hem oňa şeýle diýdi: «Ikiýüzlüler! Siziň haýsy biriňiz Sabat güni öküz ýa eşegini ahyryň başyndan çözüp, suwa ýakmaga äkitmeýär?
16Bu bolsa Ybraýymyň on sekiz ýyllap şeýtan tarapyndan baglanan gyzy. Ol Sabat güni bu daňydan halas edilmeli dälmi?»
17Isa bu sözleri aýdanda, Oňa garşy çykýanlaryň hemmesi utandylar, Onuň edýän dabaraly işlerine bütin halaýyk begendi.
18Onsoň Isa şeýle diýdi: «Hudaýyň Patyşalygy nämä meňzeýär? Men ony nämä meňzedeýin?
19Ol bir adamyň alyp, öz bagynda eken gorçisa tohumy ýalydyr. Ol ösüp, bir uly agaç boldy, gögüň guşlary şahalarynda höwürtgelediler».
20Ýene-de şeýle diýdi: «Hudaýyň Patyşalygyny nämä meňzedeýin?
21Ol bir aýalyň alyp, bütin hamyr turşaýança üç çanak una goşan hamyrmaýasy ýalydyr».
22Isa Iýerusalime tarap barşyna, şäherleriň, obalaryň içinden geçip, sapak berýärdi.
23Bir adam Oňa: «Ýa Reb! Halas boljaklar azmy?» diýdi. Isa olara şeýle diýdi:
24Dar gapydan girmäge çalşyň, çünki size diýýärin: birentekler girjek bolar, ýöne başarmaz.
25Öý eýesi turup, gapyny ýapanda, siz daşarda galyp: „Ýa Reb, gapyny bize aç" diýip, gapyny kakmaga durarsyňyz. Emma Ol size: „Men sizi tanamaýaryn, nireden gelendigiňizi bilmeýärin" diýip jogap berer.
26Şonda siz şeýle diýersiňiz: „Biz Seniň öňüňde iýip-içdik, Sen biziň köçelerimizde sapak berdiň".
27Emma Ol: „Men sizi tanamaýaryn, niredendigiňizi bilmeýärin diýip aýdýaryn ahyryn. Baryňyz ýanymdan aýrylyň, eý, nähak iş edenler" diýer.
28Ybraýymy, Yshagy, Ýakuby we ähli pygamberleri Hudaýyň Patyşalygynda, özüňiziň bolsa daşaryk kowulanyňyzy göreniňizde, ol ýerde aglama we diş gyjama bolar.
29Gündogardan, günbatardan, demirgazykdan, günortadan adamlar gelip, Hudaýyň Patyşalygynda saçak başynda oturarlar.
30Ine, ilkinjiler boljak ahyrkylar bar we ahyrkylar boljak ilkinjiler bar».
31Şol wagt käbir fariseýler gelip, Oňa: «Bu ýerden aýryl, git, Hirodes Seni öldürmek isleýär» diýdiler.
32Isa olara şeýle diýdi: «Gidiň-de, ol tilkä aýdyň, ine, Men bu gün we ertir jynlary kowup, şypa bererin, üçünji güni işimi bitirerin.
33Ýöne Men bu gün, ertir we birigün ýol ýöremeli. Çünki bir pygamberiň Iýerusalimden daşarda ölmegi bolup biljek zat däldir.
34Eý Iýerusalim! Pygamberleri öldürýän, özüne iberilenleri daşlaýan Iýerusalim! Bir towugyň jüýjelerini ganatlarynyň aşagyna ýygnaýşy ýaly, Men hem näçe gezek seniň çagalaryňy üýşürjek boldum, emma siz islemediňiz!
35Ine, öýüňiz size haraba bolup galýar. Men size aýdýaryn: siz: „Rebbi�� adyndan gelen gutly bolsun" diýene deňeç Meni görmersiňiz».