Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
59 verses
1Bu aralykda halkdan müňlerçe adam üýşüşip, biri-birlerine gysylyşyp durkalar, Isa öňürti Öz şägirtlerine gürrüň bermäge başlady: «Özüňizi fariseýleriň hamyrmaýasyndan, ýagny ikiýüzlülikden goraň.
2Üsti açylmajak ýapyk zat, bilinmejek gizlin zat ýokdur.
3Garaňkylykda näme aýtsaňyz, ýagtylykda eşidiler, içki otaglarda çakan çawuşyňyz tamlaryň üstünden yglan ediler.
4Emma Men, eý dostlarym, size aýdýaryn, teni öldürip-de, başga zat etmegi başarmaýanlardan gorkmaň.
5Kimden gorkmalydygyňyzy Men size aýdaýyn: öldürenden soň dowzaha zyňmaga gudraty güýçli Hudaýdan gorkuň. Hawa, size aýdýaryn, Ondan gorkuň.
6Bäş serçe iki köpüge satylmaýarmy? Muňa garamazdan, Hudaý olaryň hiç birini unutmaýar.
7Siziň başyňyzyň saçlary hem bütinleý sanalgydyr. Gorkmaň, siz köp serçelerden gymmatlysyňyz.
8Size diýýärin, kim Meni adamlaryň öňünde ykrar etse, Ynsan Ogly hem ony Hudaýyň perişdeleriniň öňünde ykrar eder.
9Kim Meni adamlaryň öňünde inkär etse, ol Hudaýyň perişdeleriniň öňünde inkär ediler.
10Kim Ynsan Ogluna garşy bir söz aýtsa, bagyşlanar, ýöne kim Mukaddes Ruha dil ýetirse, bagyşlanmaz.
11Sizi sinagogalara, başlyklaryň, hökümdarlaryň öňüne getirenlerinde, nähili, näme jogap berjegiňizi, näme diýjegiňizi gaýgy etmäň.
12Çünki Mukaddes Ruh näme diýmelidigiňizi şol sagadyň özünde size öwreder».
13Halaýygyň arasyndan biri Oňa: «Mugallym! Doganyma aýt, goý, ol mirasy meniň bilen bölüşsin» diýdi.
14Isa oňa: «Eý adam, kim Meni siziň kazyňyz ýa miras bölüjiňiz edip belledi?» diýdi.
15Onsoň olara: «Habardar boluň! Özüňizi her hili betnebislikden goraň, çünki biriniň ýaşaýşy onuň mal-mülküniň bollugyna bagly däldir» diýdi.
16Olara bir tymsal aýtdy: «Bir baý adamyň ýeri bol hasyl berýär.
17Ol adam: „Näme etsemkäm? Hasylymy goýmaga jaýym ýok" diýip içini gepledýär.
18Onsoň şeýle diýýär: „Şeýle ederin: ammarlarymy söküp, ulurak ammarlar salaryn-da, bütin gallamy, bar zadymy şol ýere ýygnap,
19özüme: Eý janym, köp ýyl üçin ýygnalan birtopar zadym bar, dynjyňy al, iý, iç, keýp çek" diýerin.
20Emma Hudaý oňa: „Eý akmak! Edil şu gijäniň özünde janyň senden alnar. Onsoň taýýarlan zatlaryň kime galar?" diýýär.
21Hudaýyň nazarynda baý bolman, özi üçin döwlet ýygnaýan adamyň ýagdaýy şeýledir».
22Onsoň Isa şägirtlerine şeýle nesihat berdi: «Şonuň üçin size diýýärin: näme iýerkäm diýip janyňyzy, näme geýerkäm diýip teniňizi gaýgy etmäň.
23Jan ― iýmitden, ten egin-eşikden ýokarydyr.
24Gargalara serediň, olar ne ekýär, ne-de orýar. Olaryň ne ammarlary, ne-de azyk saklanýan jaýlary bar. Muňa garamazdan, Hudaý olary iýmitlendirýär. Siz guşlardan näçe gymmatlysyňyz!
25Siziň haýsy biriňiz alada edip, öz boýuňyzy tirsek boýy artdyryp bilýärsiňiz?
26Bu kiçijik zady edip bilmeýän bolsaňyz, onda nämä galan zatlaryň gaýgysyny edýärsiňiz?
27Liliýalaryň ösüşine serediň, olar ne zähmet çekýär, ne-de ýüp egirýär. Emma size diýýärin: Süleýman özüniň bütin şan-şöhratynda hem bularyň biri ýaly-da geýinmändi.
28Bu gün meýdanda bolup, ertir ojaga taşlanýan oty Hudaý şeýle geýindirýän bolsa, sizi nähili artyk geýindirer, eý, imany azlar!
29Siz-de näme iýjegiňizi, näme içjegiňizi agtarmaň, gaýgy etmäň.
30Çünki dünýäniň milletleri bularyň hemmesini agtarýarlar, Ataňyz hem bularyň size gerekdigini bilýär.
31Hudaýyň patyşalygyny agtaryň, bu zatlaryň hem bary size onuň üstüne goşulyp berler.
32Gorkma, eý kiçijik süri! Çünki Ataňyz Patyşalygy size bermäge razy boldy.
33Nämäňiz bar bolsa satyň, sadaka beriň. Özüňize Gökde könelmeýän kiseler, tükenmeýän hazyna taýýarlaň. Ol ýere ogry golaýlaşýan däldir, güýe degýän däldir.
34Hazynaňyz nirede bolsa, ýüregiňiz hem şol ýerde bolar».
35Billeriňiz guşalgy, çyralaryňyz ýakylgy bolsun.
36Agalary toýdan gelip, gapyny kakanda, tiz oňa açmak üçin garaşýan adamlar ýaly boluň.
37Agasy gelende, oýadygyny görjek hyzmatkärleri nähili bagtly! Size dogrusyny aýdýaryn, ol bilini guşap, olary saçak başynda oturdyp, geler-de, olara hyzmat eder.
38Ikinji nobatda ýa-da üçünji nobatda gelip-de, olaryň oýadygyny görse, ol hyzmatkärler bagtlydyr.
39Emma muny biliň: öý eýesi ogrynyň haýsy sagatda geljegini bilsedi, oýa galardy we öýüni ýardyrmazdy.
40Siz hem taýýar boluň. Çünki Ynsan Ogly oslamaýan sagadyňyzda geler».
41Şonda Petrus: «Ýa Reb! Bu tymsaly diňe bize aýdýarsyňmy ýa-da hemmelere?» diýdi.
42Reb şeýle diýdi: «Onda, wagtly-wagtynda hyzmatkärlere nahar paýlaryny bermek üçin, agasynyň olaryň üstünden goýan sadyk hem akylly iş dolandyryjysy kim?
43Agasy gelende, onuň şeýle edip ýörenini görjek hyzmatkäri ne bagtly!
44Size dogrusyny aýdýaryn: agasy bütin mal-mülküni şoňa ynanar.
45Bu hyzmatkär öz içinden: „Agam giç geler" diýip, hyzmatkärleri, kenizleri urmaga, iýip-içip serhoş bolmaga başlasa,
46Ol hyzmatkäriň agasy onuň oslamaýan gününde, bilmeýän sagadynda gelip, ony iki böler-de, paýyny imansyzlaryňky bilen deň eder.
47Agasynyň islegini bilip, taýynlanmadyk, onuň islegini ýerine ýetirmedik hyzmatkär köp ýenjiler.
48Ýöne bilmän, taýaga mynasyp iş eden az ýenjiler. Kime köp berlen bolsa, ondan has köp talap ediler, kime köp zat ynanylan bolsa, ondan köp hem islener.
49Men dünýä ot ýagdyrmaga geldim, artykmaç tutaşyp ýanmagyny nähili arzuw edýärin!
50Meniň ýerine ýetirmeli bir çokunmam bar, bu bolýança nähili darygýaryn!
51Men ýer ýüzüne parahatlyk getirmäge gelendir öýdýärsiňizmi? Ýok, size aýdýaryn: tersine, bölünişik getirmäge geldim.
52Mundan beýläk bir öýde ýaşaýan bäş adam bölünişip, üçüsi ikisine garşy, ikisi hem üçüsine garşy bolar.
53Ata ogla garşy, ogul ata garşy, ene gyza garşy, gyz hem enä garşy, gaýynene gelne garşy, gelin hem gaýynenä garşy bolar».
54Isa halaýyga hem şeýle diýdi: «Siz bir buludyň günbatardan galanyny gören badyňyza: „Ýagyş gelýär" diýýärsiňiz, şeýle hem bolýar.
55Ýel ilerden öwsende: „Yssy boljak" diýýärsiňiz, şeýle hem bolýar.
56Eý ikiýüzlüler! Ýeriň, Gögüň ýüzüni tanap bilýän siz, nähili bolýar-da, häzirki wagty tanap bilmeýärsiňiz?
57Näme üçin öz ýanyňyzdan dogryny saýgaryp bilmeýärsiňiz?
58Dawagäriň bilen häkime barýarkaň, ýolda onuň bilen ýaraşjak bol, ol seni kazynyň öňüne sürmesin, kazy hem seni nobatçynyň eline bermesin, nobatçy hem seni zyndana salmasyn.
59Saňa aýdýaryn, soňkuja köpügiňi berýänçäň, ol ýerden çykmarsyň».