Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
54 verses
1Günleriň birinde Isa bir ýerde doga edýärdi. Dogasyny gutaranda, şägirtleriniň biri Oňa: «Ýa Reb! Ýahýanyň öz şägirtlerine öwredişi ýaly, Sen hem bize doga etmegi öwret» diýdi.
2Olara şeýle diýdi: «Doga edeniňizde şeýle diýiň: Eý, Gökdäki Atamyz! Adyň mukaddes bolsun. Patyşalygyň gelsin, Gökde bolşy ýaly, Ýerde-de Seniň islegiň amala aşsyn.
3Gündelik çöregimizi bize günde ber.
4Günälerimizi geç. Çünki biz hem özümize garşy günä edenleriň barynyň günäsini geçýäris. Bizi synaga salma, bizi iblisden halas et».
5Onsoň Isa olara şeýle diýdi: «Aýdaly, siziň biriňiziň bir dostuňyz bar. Ol ýarygije oňa baryp, şeýle diýýär: „Dost! Maňa üç çörek karz ber.
6Çünki bir dostum ýoldan meniňkä geldi. Onuň öňünde goýara zadym ýok".
7Ol hem içerden şeýle diýýär: „Maňa zähmet berme, gapy eýýäm ýapyldy, çagalarym meniň bilen bile düşekde ýatyr, men turup, saňa zat berip biljek däl".
8Size diýýärin, ýaňky dostluk hatyrasyna turup, oňa çörek bermese-de, onuň höçjetligi üçin näçe islese berer.
9Size diýýärin, diläň, size berler. Agtaryň, taparsyňyz. Gapyny kakyň, size açylar.
10Çünki her dilän alar, agtaran tapar, gapy kakana gapy açylar.
11Sizden haýsy ata ogly çörek dilände, oňa daş berer? Ýa-da balyk dilände, balyk ýerine oňa ýylan berer?
12Ýa-da ýumurtga dilände, oňa içýan berer?
13Şeýlelikde, erbet bolan siz öz oglanlaryňyza oňat sylaglar bermegi bilýän bolsaňyz, Gökdäki Ataňyz Özünden dilänlere has-da köp Mukaddes Ruhy berer!»
14Bir gezek Isa bir lal jyny kowýardy. Jyn çykan badyna, lal adam geplemäge başlady, halaýyk muňa geňirgendi.
15Ýöne olaryň käbiri: «Ol jynlaryň hany Beýelzebul arkaly jynlary kowýar» diýdiler.
16Beýlekiler hem Gökden bir alamat görkezmegini talap edip, Ony synamakçy boldular.
17Emma Isa olaryň pikirlerini bilip, şeýle diýdi: «Içinde bölünişik bolan patyşalyk dargar, öz içinden bölnen öý ýykylar.
18Şeýtan öz içinden bölünse, onuň patyşalygy nähili durar? Muny siziň „Jynlary Beýelzebul arkaly kowýar" diýýäniňiz üçin aýdýaryn.
19Men jynlary Beýelzebul arkaly kowýan bolsam, onda siziň adamlaryňyz olary kim arkaly kowýar? Munuň üçin, olar size kazylyk ederler.
20Men jynlary Hudaýyň barmagy arkaly kowýan bolsam, onda Hudaýyň Patyşalygy size gelendir.
21Doly ýaraglanan bir güýçli adam öz öýüni goraýan bolsa, onuň mal-mülki howpsuzlykdadyr.
22Emma özünden güýçli adam hüjüm edip, ony ýeňse, onda onuň buýsanýan hemme ýaraglaryny alyp, oljasyny paýlar.
23Meniň bilen bile bolmadyk Maňa garşydyr, Meniň bilen bile ýygmadyk dagadar.
24Al-arwah adamdan çykanda, gurak ýerlere aýlanyp, dynçlyk gözleýär, ýöne ony tapmanda: „Çykan öýüme öwrüleýin" diýýär.
25Dolanyp gelende, öýüň süpürilgi, ýerbe-ýerdigini görýär.
26Onsoň gidip, özünden hem erbet ýedi ruhy ýanyna alýar-da, şol ýere baryp, mesgen tutýar. Şeýlelikde, ol adamyň soňky ýagdaýy ozalkysyndan hem erbet bolýar».
27Isa bu zatlary aýdyp durka, halaýygyň arasyndan bir aýal sesini gataldyp: «Seni dogran, Seni emdiren ene ne bagtly!» diýdi.
28Ol bolsa şeýle jogap berdi: «Hawa, Hudaýyň sözüni eşidip, ony ýerine ýetirýänler has hem bagtlydyr!»
29Halaýyk ýygnanyberende, Isa şeýle diýdi: «Bu nesil erbet nesil, ol alamat talap edýär, ýöne oňa Ýunus pygamberiňkiden başga alamat berilmez.
30Ýunus Ninewiýa halkyna nähili alamat bolan bolsa, şonuň ýaly-da, Ynsan Ogly bu nesle alamat bolar.
31Günortanyň aýal patyşasy höküm gününde bu nesliň adamlary bilen bilelikde galyp, olary höküm eder. Çünki ol Süleýmanyň pähimini diňlemek üçin, Ýeriň ol ujundan geldi, ine, bu ýerde Süleýmandan-da uly Biri bar.
32Ninewiýa halky höküm gününde bu nesil bilen bilelikde galyp, ony höküm eder, çünki olar Ýunusyň wagzy bilen toba etdiler, ine, bu ýerde Ýunusdan-da uly Biri bar».
33Hiç kim çyrany ýakyp, gizlin ýerde ýa-da galla ölçeginiň aşagynda goýýan däldir, tersine, içeri girenler yşygy görer ýaly, ony çyradanyň üstünde goýýandyr.
34Seniň bedeniň çyrasy gözüňdir. Gözüň sag bolsa, bütin bedeniň hem ýagty bolar, gözüň şikesli bolsa, bütin bedeniň hem garaňky bolar.
35Şeýlelikde, ägä bol, sendäki yşyk garaňky bolaýmasyn.
36Seniň bütin bedeniň ýagty bolup, hiç bir garaňky ýeri ýok bolsa, çyra seni öz şöhlesi bilen ýagtyldýan ýaly, bedeniň bütinleý ýagty bolar».
37Isa bu zatlary aýdyp durka, bir fariseý Ony öýüne nahara çagyrdy. Ol baryp, saçak başynda oturdy.
38Fariseý Onuň nahardan öň ýuwunmanlygyny görende geňirgendi.
39Emma Reb oňa şeýle diýdi: «Ine, siz fariseýler käsedir gap-çanagyň daşyny arassalaýarsyňyz, ýöne içiňiz ogrulyk hem ýamanlykdan doly.
40Akmaklar! Daşaryny ýaradan içerini-de ýaratmadymy?
41Bar zadyňyzdan sadaka beriň, ine, hemmesi siziň üçin arassa bolar.
42Waý günüňize, eý fariseýler! Çünki siz narpyzdan, sadap otundan, her hili gök önümden zekat berýärsiňiz, ýöne adyllyk we Hudaýyň söýgüsini äsgermezlik edýärsiňiz. Siz bulary etmeli, beýlekileri-de äsgermezlik etmeli däldiňiz.
43Waý günüňize, eý fariseýler! Çünki siz sinagogalarda baş kürsüleri, bazar ýerlerinde salam almagy söýýärsiňiz.
44Waý günüňize! Çünki siz belgisiz gabyrlar ýalysyňyz. Bu gabyrlaryň üstünde gezýän adamlar olaryň barlygyny bilýän däldir».
45Kanunçylaryň biri Oňa: «Eý Mugallym! Sen bu zatlary aýtmak bilen, biziň hem göwnümize degýärsiň» diýdi.
46Isa hem şeýle diýdi: «Waý siziň hem günüňize, eý kanunçylar! Çünki siz götermegi kyn ýükleri adamlara ýükleýärsiňiz, özüňiz bolsa ol ýüklere bir barmagyňyzy hem degirmeýärsiňiz.
47Waý günüňize! Çünki siz pygamberleriň guburlaryny salýarsyňyz, olary öldürenler bolsa siziň atalaryňyz.
48Şeýdip hem, atalaryňyzyň eden işlerine güwälik berip, olar bilen ylalaşýarsyňyz. Olar pygamberleri öldürdiler, siz hem olaryň guburlaryny salýarsyňyz.
49Şu sebäpden hem Hudaýyň hikmeti aýdypdyr: „Men olara pygamberler, resullar ibererin, olaryň käbirini öldürerler, käbirini hem yzarlarlar".
50Şonuň üçin, dünýä gurlaly dökülen bütin pygamberleriň gany şu nesilden soralar.
51Hawa, Men size aýdýaryn: Habylyň ganyndan başlap, tä gurbanlyk edilýän ýer bilen ybadathana arasynda öldürilen Zekerýanyň ganyna çenli dökülen ganlar şu nesilden soralar.
52Waý günüňize, eý kanunçylar! Çünki siz bilimiň açaryny alyp gitdiňiz, ne özüňiz girdiňiz, ne-de girjeklere ýol berdiňiz».
53Isa ol ýerden gidensoň, kanunçylar bilen fariseýler Ony gaty gyssap, birentek zatlara jogap bermegini islediler.
54Şeýlelikde, Onuň agzyndan bir zat gapjak bolup, duzak gurdular.