Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
42 verses
1Şundan soň Reb başga ýetmiş adamy belläp, olary Öz gitjek bolup ýören ähli şäherlerine, ýerlerine iki-ikiden öňünden ýollady.
2Olara şeýle diýdi: «Hasyl bol, ýöne işgär az. Hasylyny ýygmaga işgär iberer ýaly, hasyl eýesi Rebbe ýalbaryň.
3Gidiň! Ine, Men sizi möjekler arasyna guzular ýaly ýollaýaryn.
4Ýanyňyza ne halta, ne torba, ne-de çaryk alyň. Ýolda hiç kime salam bermäň.
5Haýsy öýe barsaňyz, öňürti: „Bu öýe parahatlyk!" diýiň.
6Ol öýde parahatlygy söýýän adam bar bolsa, salamyňyz onuň üstüne gonar, ýok-da bolsa, ýene özüňize öwrüler.
7Ol öýde galyp, olaryň berenlerini iýip-içiň, çünki işgär öz muzduna mynasypdyr. Öýden-öýe gitmäň.
8Bir şähere baryp, kabul edileniňizde, öňüňizde näme goýulsa, şony iýiň.
9Ol ýerdäki syrkawlara şypa beriň-de: „Hudaýyň Patyşalygy size golaýlady" diýiň.
10Emma bir şähere baryp, kabul edilmäniňizde, onuň köçelerine çykyň-da, şeýle diýiň:
11„Şäheriňizde aýagymyza ýapyşan tozany-da size garşy kakýarys. Ýöne Hudaýyň Patyşalygynyň özüňize golaýlaşanyny biliň".
12Men size şol günde Sodomyň ýagdaýynyň ol şäheriň ýagdaýyndan has ýeňil boljagyny aýdýaryn.
13Waý saňa, eý Horazin! Waý saňa, eý Betsaýda! Sizde ýüze çykan mugjyzalar Surda we Saýdada ýüze çykan bolsady, onda olar eýýäm jul hem külüň içinde oturyp toba ederdiler.
14Emma magşar güni Suruň we Saýdanyň ýagdaýy siziň ýagdaýyňyzdan has ýeňil bolar.
15Sen, eý Kapernaum, arşa göterilersiňmi? Ýok, dowzaha çenli aşak taşlanarsyň.
16Sizi diňlän Meni diňlär, sizi ret eden Meni ret eder. Meni ret eden bolsa, Meni Ýollany ret eder».
17Ol ýetmiş şägirt şatlyk bilen öwrülip: «Ýa Reb! Seniň adyňy agzanymyzda, jynlar hem bize boýun bolýarlar» diýdiler.
18Isa olara şeýle diýdi: «Men şeýtanyň Gökden ýyldyrym ýaly bolup aşak inenini gördüm.
19Ine, size ýylanlary, içýanlary we duşmanyň bütin güýjüni depelemäge ygtyýar berdim, hiç zat size zyýan ýetirmez.
20Ýöne ruhlaryň size boýun bolmagyna däl-de, atlaryňyzyň Gökde ýazylmagyna begeniň».
21Şol sagatda Isa Mukaddes Ruh arkaly şatlanyp, şeýle diýdi: «Eý, Ýeriň-gögüň Rebbi Atam, Seniň bu zatlary akyldarlardan, düşünjelilerden ýaşyryp, kiçijik çagalara aýan edeniňe şükür edýärin! Hawa, Ata! Çünki Seniň halaýşyň şeýledi».
22Onsoň şägirtlerine şeýle ýüzlendi: «Hemme zady Maňa Atam tabşyrdy, Ogluň kimdigini Atadan başga hiç kim bilmez. Atanyň hem kimdigini Oguldan we Ogluň äşgär etmek isleýän adamlaryndan başga hiç kim bilmez».
23Ýörite şägirtlere ýüzlenip, şeýle diýdi: «Siziň görýän zatlaryňyzy görýän gözler ne bagtly!
24Size aýdýaryn: köp pygamberler, patyşalar siziň görýänleriňizi görmek islediler, ýöne görmediler, siziň eşidýänleriňizi eşitmek islediler, ýöne eşitmediler».
25Ine, bir kanunçy turup, Isany synamak üçin: «Mugallym! Ebedi ýaşaýşy miras almak üçin, meniň näme etmegim gerek?» diýip. Ondan sorady.
26Isa oňa sorag bilen ýüzlendi: «Kanunda näme ýazylypdyr? Sen nähili okaýarsyň?»
27Ol: «Hudaýyň Rebbi bütin kalbyň, bütin janyň, bütin güýjüň we bütin düşünjäň bilen söý, goňşyňy özüň ýaly söý» diýdi.
28Isa oňa: «Dogry jogap berdiň, şuny et, ýaşarsyň» diýdi.
29Emma ol özüni aklajak bolup: «Meniň goňşym kim?» diýip, Isadan sorady.
30Isa oňa şeýle jogap berdi: «Bir adam Iýerusalimden Eriha barýarka, garakçylaryň eline düşýär. Olar onuň eşiklerini egninden sypyryp alýarlar-da, ony ýenjip, çalajan taşlap gidýärler.
31Tötänlikde bir ruhany şol ýoldan barýarka, ol adamy görende, ýoluň ol tarapy bilen geçip gidýär.
32Onsoň bir lewili-de şol ýere gelip, ony görende, ýoluň ol tarapy bilen geçip gidýär.
33Ýöne şol ýoldan geçip barýan bir samariýaly onuň üstünden gelýär, ony görüp ýüregi awaýar.
34Onuň ýanyna baryp, zeýtun ýagy bilen şerap guýup, ýaralaryny saraýar. Onsoň ol adamy öz eşegine mündürip, bir myhmanhana getirip, oňa garaşyk edýär.
35Şol günüň ertesi çykaryp myhmanhanaça iki dinar berip: „Muňa garaşyk et, artykmaç harajadyňy öwrülip gelýärkäm bererin" diýýär.
36Seniň pikiriňçe, bu üç adamyň haýsysy garakçylaryň eline düşen adamyň goňşusy bolýar?»
37Kanunçy: «Oňa rehim eden adam» diýip jogap berdi. Isa hem oňa: «Bar, sen-de şonuň ýaly et» diýdi.
38Isa bilen şägirtleri ýollaryna dowam edip barýarkalar, Ol bir oba girdi. Ol obada Marta atly bir aýal Ony öýüne myhman aldy.
39Bu aýalyň Merem atly bir gyz dogany bardy. Ol Isanyň aýagyna ýakyn oturyp, Onuň sözlerine gulak asýardy.
40Marta hyzmat bilen başagaý bolup ýörşüne, Isanyň ýanyna gelip, şeýle diýdi: «Ýa Reb! Gyz doganymyň meniň ýeke özüme hyzmat etdirip ýörmegi seniň perwaýyňa dälmi? Oňa aýt, maňa kömekleşsin».
41Isa oňa şeýle diýdi: «Marta, Marta! Sen köp zatlara aladalanyp, biynjalyk bolýarsyň.
42Ýöne diňe bir zat gerek. Merem özünden alynmajak oňat paýy saýlady».