Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
62 verses
1Isa on iki şägirdini bir ýere çagyryp, olara bütin jynlary kowmaga, syrkawlyklara em etmäge, güýç hem ygtyýar berip,
2olary Hudaýyň Patyşalygyny wagyz etmäge, syrkawlara şypa bermäge ýollady.
3Olara şeýle diýdi: «Ýol üçin hiç zat almaň: ne taýak, ne torba, ne çörek, ne pul, ne-de iki köýnek.
4Haýsy öýe barsaňyz, şol ýerde galyp, şol ýerden hem ýola çykyň.
5Sizi nirede kabul etmeseler, şol şäherden çykyp barýarkaňyz, olara güwälik bolar ýaly, aýagyňyzyň tozuny kakyň».
6Olar-da ýola düşüp, obama-oba aýlandylar, Hoş Habary yglan edip, hemme ýerde şypa berdiler.
7Tetrarh Hirodes bolan wakalaryň baryny eşidip, gaty aljyrady. Çünki käbirleri: «Ýahýa ölümden direlipdir»,
8käbirleri: «Ylýas peýda bolupdyr», başgalary hem: «Gadym pygamberleriň biri direlipdir» diýişýärdiler.
9Hirodes bolsa: «Men Ýahýanyň başyny kesdim, ýöne bu habarlaryny eşidýän Adamym kimkä?» diýip, Ony görjek bolýardy.
10Resullar yzlaryna öwrülip gelenlerinde, öz eden işlerini Isa habar berdiler. Ol hem olary ýanyna alyp, Betsaýda diýen şäheriň golaýynda bir çola ýere çekildi.
11Halaýyk muny bilip, Onuň yzyndan bardy. Ol hem olary oňat garşylap, Hudaýyň Patyşalygy hakda gürrüň berip, şypa mätäçleri sagaltdy.
12Gün ýaşyp barýarka, Onkiler Isanyň ýanyna gelip, şeýle diýdiler: «Halky goýber, töwerekdäki obalara, meýdanlara gidip, ýatara ýer we azyk tapsynlar. Çünki biz bir çola ýerde».
13Emma Ol: «Olara siz iýere zat beriň» diýdi. Olar hem: «Gidip, bütin bu halaýyga iýmit satyn almasak, biziň bäş çörek bilen iki balykdan başga zadymyz ýok» diýdiler.
14Sebäbi olar bäş müňe golaý adamdy. Emma Isa şägirtlerine: «Olary elli-elliden topar-topar bölüň-de oturdyň» diýip tabşyrdy.
15Olar hem şeýle edip, hemmeleri oturtdylar.
16Isa bolsa bäş çörek bilen iki balygy alyp, Göge bakyp, olar üçin şükür etdi-de, halka paýlar ýaly, bölüşdirip, şägirtlerine berdi.
17Hemmeler iýip doýdy, artyp galan çöregiň döwümlerini bolsa ýygnap, on iki sebedi doldurdylar.
18Bir gün Isa ýekelikde doga edýärdi, şägirtleri hem Onuň ýanyndady. Isa olardan: «Halk Maňa kim diýýär?» diýip sorady.
19Olar şeýle jogap berdiler: «Çokundyryjy Ýahýa diýýärler. Käbirleri-de Ylýas, käbirleri hem gadym pygamberleriň biri direlipdir diýýär».
20Olara: «Siz Maňa kim diýýärsiňiz?» diýdi. Petrus: «Sen Hudaýyň Mesihisiň» diýdi.
21Isa bolsa muny hiç kime aýtmaň diýip, olara berk tabşyrdy.
22Ol ýene şeýle diýdi: «Ynsan Ogly köp görgi görmeli, ýaşulular, baş ruhanylar we kanunçylar tarapyndan ret edilmeli, öldürilmeli we ölenden üç günden soň direlmelidir».
23Hemmelere şeýle diýdi: «Kim Meniň yzyma eýermek isleýän bolsa, özüni inkär etsin-de, her gün haçyny alyp, yzyma düşsün.
24Çünki kim janyny halas etmek islese, ony ýitirer, ýöne kim janyny Meniň ugrumda ýitirse, ony halas eder.
25Sebäbi bir adam bütin dünýäni gazanyp-da, özüni ýogaltsa ýa özüne zyýan ýetirse, oňa näme peýdasy bar?
26Kim Menden we Meniň sözlerimden utansa, Ynsan Ogly-da Özüniň, Atasynyň we mukaddes perişdeleriň şöhraty bilen gelen mahaly ondan utanar.
27Emma size dogrusyny aýdýaryn: bu ýerde duranlaryň arasynda Hudaýyň Patyşalygyny görmezden öň ölümi datmajak käbir adamlar bar».
28Bu sözleri aýdanyndan sekiz güne golaý wagt geçensoň, Isa Petrusy, Ýahýany we Ýakuby ýanyna alyp, doga etmäge daga çykdy.
29Doga edip otyrka, Onuň ýüz keşbi üýtgäp, eginbaşy ýaldyrap agardy.
30Ine, iki adam Onuň bilen gürrüň edip durdular. Bu Musa bilen Ylýasdy.
31Olar şöhrat bilen peýda bolup, Onuň Iýerusalimde amala aşjak aýrylyşy hakda gürrüň edýärdiler.
32Petrus bilen onuň ýanyndakylary uky basmarlaýardy, ýöne ukudan açylanlarynda, Isanyň şöhratyny hem Onuň ýanynda duran iki adamy gördüler.
33Musa bilen Ylýas Isanyň ýanyndan aýrylyp barýarkalar, Petrus näme diýýänini bilmän Oňa: «Ussat, Bize bu ýerde bolmak gowy, üç çadyr guraly: biri ― Saňa, biri ― Musa, biri ― Ylýasa» diýdi.
34Petrus bulary aýdyp durka, bir bulut gelip, olara kölege saldy. Olar buluda girenlerinde gorkdular.
35Bulutdan: «Meniň söýgüli Oglum Bu! Ony diňläň» diýen owaz geldi.
36Bu owaz gelen wagty, Isa ýeke galdy. Şägirtler bolsa dymyp, gören zatlary barada şol günlerde hiç kime gürrüň bermediler.
37Şol günüň ertesi dagdan inenlerinde, bir uly märeke Isany garşylady.
38Märekäniň içinden bir adam gygyryp, şeýle diýdi: «Mugallym! Saňa ýalbarýaryn, meniň ogluma bir seret, çünki ol meniň ýalňyz çagam.
39Ine, ony bir ruh tutýar-da, çaga birden çygyrýar. Ruh silterläp, onuň agzyndan ak köpük getirip, pagyş-para edenden soň, ondan zordan aýrylýar.
40Ony çykarmaklary üçin, Seniň şägirtleriňe ýalbardym, ýöne olar başarmadylar».
41Isa oňa: «Eý, ýoldan çykan imansyz nesil! Men haçana çenli siz bilen bile bolup, size çydaýyn? Ogluňy bärik getir» diýdi.
42Çaga Isanyň ýanyna gelýärkä, jyn ony ýere urup, köp silterledi. Emma Isa arwaha käýäp, çagany sagaldyp, atasyna gowşurdy.
43Hemmeler Hudaýyň beýikdigine geň galdylar. Hemmeler Isanyň bütin işlerine geň galyşyp durkalar, Ol Öz şägirtlerine:
44«Bu sözler gulagyňyzda galsyn: Ynsan Ogly ynsan eline berler» diýdi.
45Emma olar bu söze düşünmediler. Söz olar akyl ýetirmez ýaly ýaşyryndy, olar hem bu barada Isadan soramaga çekindiler.
46Şägirtleriň arasynda olaryň haýsynyň uludygy barada jedel ýüze çykdy.
47Isa olaryň ýüregindäki pikiri aňyp, bir çagany aldy-da, ýanynda duruzdy.
48Onsoň olara şeýle diýdi: «Kim bu çagany Meniň adymdan kabul etse, Meni kabul etdigidir. Kim-de Meni kabul etse, Meni Ýollany kabul etdigidir. Siziň araňyzda kim hemmeden kiçi bolsa, ol uly bolar».
49Ýahýa şeýle diýdi: «Mugallym! Biz Seniň adyň bilen jynlary çykarýan bir adamy görüp, ony bökdedik, çünki ol biziň bilen birlikde Seniň yzyňa eýerenok».
50Isa oňa: «Ony bökdemäň! Çünki kim size garşy bolmasa, siziň tarapdaryňyzdyr» diýdi.
51Göge alynmaly mahaly golaýlanda, Isa Iýerusalime tarap aýgytly ýola düşdi.
52Ol Özünden öň birnäçe çapary ýollady. Olar hem Oňa taýýarlyk görmek üçin baryp, samariýalylaryň bir obasyna girdiler.
53Emma Ony ol ýerde kabul etmediler, çünki ugry Iýerusalime tarapdy.
54Şägirtleri Ýakup bilen Ýahýa muny görüp: «Ýa Reb! Olary heläk etsin diýip, Ylýasyň edişi ýaly, Gökden ot ýagdyrmagymyzy isleýärsiňmi?» diýdiler.
55Isa öwrülip, olara käýedi: «Siz haýsy ruhdandygyňyzy bilmeýärsiňiz.
56Ynsan ogly adamlary heläk etmäge däl-de, halas etmäge geldi». Onsoň başga oba gitdiler.
57Ýol bilen barýarkalar, bir adam Oňa: «Ýa Reb! Sen nirä gitseň, men-de yzyňa düşerin» diýdi.
58Isa oňa: «Tilkileriň süreni, guşlaryň höwürtgesi bardyr, ýöne Ynsan Oglunyň başyny goýara-da ýeri ýokdur» diýdi.
59Başga birine: «Meniň yzyma düş» diýdi. Emma ol: «Ýa Reb! Rugsat et, öňürti gidip, kakamy jaýlaýyn» diýdi.
60Emma Isa oňa: «Goý, ölüler öz ölülerini jaýlasynlar, ýöne sen git-de, Hudaýyň Patyşalygyny wagyz et» diýdi.
61Ýene birisi: «Ýa Reb! Seniň yzyňa düşeýin, ýöne rugsat ber, öňürti öz maşgalam bilen hoşlaşaýyn» diýdi.
62Isa oňa: «Eline azaly alansoň, yzyna seredýän adam Hudaýyň Patyşalygyna ýaraşmaz» diýdi.