Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
56 verses
1Şundan soň, Isa şäherme-şäher, obama-oba aýlanyp, wagyz edip, Hudaýyň Patyşalygynyň hoş habaryny bildirýärdi.
2On iki şägirt we erbet ruhlardan hem syrkawlyklardan gutulan käbir aýallar, içinden ýedi jyn çykan Magdalaly diýilýän Merem,
3Hirodesiň öýüni dolandyrýan Huzanyň aýaly Ýuhanna, Suzanna we başga-da birtopar aýallar Onuň ýanyndady. Olar öz emläkleri bilen Oňa gulluk edýärdiler.
4Köp halaýyk üýşüp, her şäherden Isanyň ýanyna ýygnananlarynda, Ol tymsal bilen gürrüň berdi:
5Bir daýhan ekin ekmäge gidýär. Ekip ýörkä, tohumlaryň birnäçesi ýoluň ýakasyna düşýär, olar depelenýär we guşlar gelip, olary çokalaýarlar.
6Birnäçesi hem daşlyga düşüp, gögeren badyna guraýar, çünki yzgar ýok eken.
7Birnäçesi tikenleriň arasyna düşýär, tikenler olar bilen ösüp, olary basýar.
8Birnäçesi-de gowy ýere düşensoň, gögerip, ýüz esse hasyl berýär». Bulary aýdansoň: «Gulagy barlar eşitsin!» diýip gygyrdy.
9Şägirtleri Ondan: «Bu tymsalyň manysy näme?» diýip soradylar.
10Ol şeýle diýdi: «Hudaýyň Patyşalygynyň syrlaryna düşünmek ukyby size berildi, ýöne başgalaryna gözläp görmesinler, eşidip düşünmesinler diýip, tymsallar bilen aýdylýar.
11Tymsalyň manysy şeýle: Tohum Hudaýyň sözüdir.
12Ýoluň ýakasyna düşen däneler sözi eşidýän adamlary aňladýar. Ýöne soň gutulmazlyklary üçin şeýtan olaryň kalbyndan sözi sogrup alar.
13Daşlyk ýere düşenler bolsa sözi eşidenlerinde şatlyk bilen kabul edýän adamlary aňladýar. Ýöne olar kökleriniň ýoklugy üçin, az wagtlaýyn iman edip, synag wagty imandan dänýärler.
14Tikenler arasyna düşenler bolsa sözi eşidýänleri aňladýar, ýöne bu ýaşaýşyň gaýgylary, baýlyklary, keýpi-sapasy olary barha bogýar, olar hasyl bermeýärler.
15Gowy topraga düşenler bolsa, Sözi eşidip, ony ýagşy hem ak ýürekde saklap, sabyr bilen miwe berýänleri aňladýar.
16Hiç kim çyrany ýakyp, onuň üstüni bir gap bilen örtýän däldir ýa-da ony çarpaýanyň aşagynda goýýan däldir. Gaýtam, içerik girenler yşygy görer ýaly, ony çyradanyň üstünde goýýandyr.
17Çünki belli bolmajak gizlin zat ýokdur, bilnip üsti açylmajak ýaşyryn zat ýokdur.
18Şonuň üçin, eşidişiňize üns beriň, çünki kimde bar bolsa, oňa berler, ýöne kimde ýok bolsa, özünde bardyr diýip güman edýäni hem ondan alnar».
19Isanyň ejesi bilen doganlary Ony görmäge geldi, ýöne märeke zerarly, olar Onuň ýanyna baryp bilmediler.
20Oňa: «Ejeň bilen doganlaryň daşarda durlar, Seni görmek isleýärler» diýip habar berildi.
21Emma Isa: «Meniň ejem, doganlarym ― Hudaýyň Sözüni diňläp, ony berjaý edýänlerdir» diýdi.
22Bir gün Isa şägirtleri bilen bir gaýyga münüp, olara: «Kölüň aňyrsyna geçeliň» diýdi. Şeýlelikde, ugradylar.
23Barýarkalar, Ol uka gitdi. Kölde birden güýçli ýel turup, gaýyga suw dolup başlady, olar howply ýagdaýa düşdüler.
24Şägirtler baryp, Ony oýaryp: «Ussat, Ussat, heläklenip barýarys!» diýdiler. Isa turup, ýele hem çaýkanýan suwa käýedi, olar-da ýatdy, şeýle imi-salalyk boldy.
25Ol şägirtlerine: «Siziň imanyňyz hany?» diýdi. Olar bolsa geňirgenişip, gorkuşyp, biri-birlerine: «Bu kim? Bu ýele hem suwa buýruk berýär, olar-da gulak asýar» diýişdiler.
26Olar Jeliläniň garşysynda ýerleşen gadaralylaryň ýurduna geldiler.
27Isa kenarda gaýykdan düşende, Oňa şol şäherden bolan we kän wagt bäri jyny bar bir adam gabat geldi. Bu eginbaş geýmän, öýde ýaşaman, mazarlaryň içinde ýaşardy.
28Ol Isany görende gygyryp, Onuň öňünde ýere ýüzin ýykylyp, batly ses bilen şeýle diýdi: «Eý Isa! hemmelerden beýik Hudaýyň Ogly, meniň bilen näme işiň bar? Saňa ýalbarýaryn, meni gynama».
29Çünki Isa arwaha ol adamdan çykmagy buýrupdy, sebäbi arwah ony ýygy-ýygydan tutýardy. Munuň üçin ol adamy zynjyrlap, kündeläp saklardylar. Emma ol baglary gyrardy, jyn ony çöllere çekerdi.
30Isa ondan: «Adyň näme?» diýip sorady. Ol hem: «Legion» diýip jogap berdi. Çünki oňa köp jyn giripdi.
31Jynlar özlerine dowzah çukuryna gitmegi buýurmasyn diýip, Isa ýalbardylar.
32Şol ýerde dagyň üstünde bir uly doňuz sürüsi otlap ýördi. Jynlar doňuzlaryň içine girmäge rugsat bermegi üçin, Oňa ýalbardylar. Ol hem rugsat berdi.
33Olar ýaňky adamdan çykyp, doňuzlara girdiler. Süri bolsa uçutdan kölüň içine paýyrdaşyp gark boldy.
34Çopanlar bolan zady görenlerinde gaçyp, şäherdir obalara muny habar berdiler.
35Halaýyk-da bolan zady görmek üçin çykyp, Isanyň ýanyna geldi. Olar içinden jynlaryň çykan adamynyň geýnip, Isanyň aýaklarynyň düýbünde oturanyny, akylynyň hem ýerindedigini görüp gorkdular.
36Bu wakany görenler bolsa jyn uran adamyň nähili sagalanyny olara gürrüň berdiler.
37Onsoň gadaralylar ýurdunyň bütin ilaty Isadan ýanlaryndan gitmegini haýyş etdiler, sebäbi olara uly gorky aralaşypdy. Isa-da gaýyga münüp, yzyna gaýtdy.
38Emma içinden jynlar çykan adam Onuň ýanynda bolmak üçin, Isa ýalbardy.
39Isa-da: «Bar, öýüňe gaýt, Hudaýyň saňa edenlerini gürrüň ber» diýip, ony ugratdy. Ol hem gidip, Isanyň özüne edenlerini bütin şähere jar etdi.
40Isa yzyna öwrülip gelende, halk Ony garşylady, çünki hemmeler Oňa garaşýardy.
41Ine, sinagoganyň başlygy bolan Ýaýrus atly bir adam gelip, Isanyň aýagyna ýykylyp, Ondan öýüne barmagy haýyş etdi.
42Çünki onuň on iki ýaşlaryndaky ýekeje gyzy ölüm ýassygynda ýatyrdy. Isa ol ýere barýarka, halaýyk her ýandan Ony gysýardy.
43Ol ýerde on iki ýyldan bäri gan akmasy tutup, bar-ýoguny tebiplere harç etse-de, hiç birisinden şypa tapmadyk bir aýal bardy.
44Ol Isanyň ýeňsesinden baryp, Onuň geýiminiň syýyna elini degirdi welin, şol bada onuň gan akmasy kesildi.
45Isa: «Maňa kim el degirdi!» diýdi. Hemmeler inkär edende, Petrus bilen ýanyndakylar: «Ussat! Halk daşyňy alyp, Seni gysyp-gowrup barýar, Sen bolsaň: „Maňa kim el degirdi?" diýýärsiň» diýdiler.
46Emma Isa: «Maňa biri elini degirdi, çünki Men Özümden bir güýjüň çykanyny aňdym» diýdi.
47Aýal gizlin galyp bilmänini görüp, titräp, Onuň öňünde ýere ýykyldy. Bütin halkyň öňünde näme üçin Oňa elini degrenini, şol bada hem şypa tapanyny aýtdy.
48Isa oňa: «Gyzym! Imanyň saňa şypa berdi. Sag-aman git» diýdi.
49Isa bu sözleri aýdyp durka, sinagoga başlygynyň öýünden biri gelip: «Gyzyň aýryldy, Mugallymy azara goýma» diýdi.
50Emma Isa muny eşidende, oňa: «Gorkma, diňe iman et, ol gutular» diýdi.
51Öýe gelip ýetenlerinde bolsa, Petrus, Ýahýa, Ýakup we gyzyň ene-atasyndan başga hiç kime Özi bilen içerik girmäge rugsat etmedi.
52Hemmeler aglaşyp, ýas tutup otyrdylar. Isa: «Aglamaň, ol ölenok, ol uklap ýatyr» diýdi.
53Gyzyň ölüdigini bilýändikleri üçin, Oňa gülüşdiler.
54Emma Isa hemmeleri daşaryk kowup, gyzyň elinden tutdy-da, gygyryp: «Gyzym, gal!» diýdi.
55Onuň ruhy yzyna gelip, gyz şolbada ýokary galdy. Isa oňa nahar berilmegini buýurdy.
56Gyzyň ene-atasy geň galdy. Isa bolsa näme bolanyny hiç kime aýtmazlygy tabşyrdy.