Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
50 verses
1Isa bu sözleri halka eşitdirip bolandan soň, Kapernauma bardy.
2Bir ýüzbaşynyň eziz görýän hyzmatkäri syrkawlap, ölüm ýassygynda ýatyrdy.
3Ýüzbaşy Isa baradaky gürrüňleri eşidende, baryp, hyzmatkärini sagaltmagy Ondan haýyş etsinler diýip, ýehudylaryň birnäçe ýaşulusyny Onuň ýanyna iberdi.
4Olar hem Isanyň ýanyna gelenlerinde, Oňa çyny bilen ýalbaryp, şeýle diýdiler: «Ol muny etmegiňe mynasypdyr.
5Çünki ol biziň milletimizi söýýär, sinagogany-da bize şol salyp berdi».
6Isa olar bilen bile gitdi. Ol onuň öýüne golaýlanda, ýüzbaşy dostlaryny iberip, Oňa şeýle diýdi: «Ýa Reb, zähmet çekme. Seniň öýüme gelmegiňe men mynasyp däl.
7Şonuň üçin hem men özümi Seniň ýanyňa gelmäge mynasyp görmedim, ýöne bir söz aýt, meniň hyzmatkärim sagalar.
8Çünki men bir gol astyndaky adam, meniň gol astymda hem esgerler bar, birine: „Git" diýýärin, gidýär, ýene birine: „Gel" diýýärin, gelýär, hyzmatkärime: „Şuny et" diýýärin, edýär».
9Isa muny eşidende, oňa haýran galdy, yzyna düşüp gelýän halaýyga ýüzlenip, şeýle diýdi: «Size diýýärin: Men hatda Ysraýylda-da beýle imany göremok».
10Iberilenler öýe gaýdyp gelenlerinde, syrkaw hyzmatkär sagalan eken.
11Ertesi Isa Nain diýen şähere gitdi. Şägirtleriniň köpüsi we uly märeke hem Onuň bilen bile gitdi.
12Isa şäheriň derwezesine golaýlanda, ine, bir ölini ugradyp barýardylar. Ol dul galan ejesiniň ýalňyz ogludy. Şäher halkynyň birtopary hem aýalyň ýanyndadylar.
13Reb enäni görende, oňa haýpy gelip: «Aglama!» diýdi.
14Baryp tabyda elini degirdi, gölegçiler hem durdular. Ol diýdi: «Eý, ýaş ýigit! Saňa diýýärin, tur!»
15Öli ýerinden galyp oturdy-da, geplemäge başlady. Isa ony enesine gowşurdy.
16Hemmelere gorky aralaşdy. Olar: «Aramyzda bir uly pygamber peýda bolupdyr, Hudaý Öz halkyny idemäge gelipdir» diýip, Hudaýy şöhratlandyrdylar.
17Isa hakdaky bu gürrüň bütin Ýahuda, dumly-duşa ýaýrady.
18Ýahýanyň şägirtleri bularyň ählisini oňa habar berdiler.
19Ýahýa-da öz şägirtlerinden ikisini ýanyna çagyryp, Rebden: «Sen şol geljek Mesihmi ýa biz başga birine garaşmalymy!» diýip soramaga Onuň ýanyna iberdi.
20Olar Onuň ýanyna gelip, şeýle diýdiler: «Çokundyryjy Ýahýa bizi Seniň ýanyňa: „Sen şol geljek Mesihmi ýa biz başga birine garaşmalymy?" diýip soramaga iberdi».
21Edil şol wagt Isa birtopar adamlary syrkawlyklardan, dertlerden we erbet ruhlardan sagaltdy. Köp körleriň gözüni açdy.
22Şeýlelikde, Ol olara şeýle diýdi: «Gidiň-de, görüp-eşidenleriňizi Ýahýa habar beriň: körler görýär, agsaklar ýöreýär, heýwere keselliler tämizlenýär, kerler eşidýär, ölüler direlýär, garyplara Hoş Habar wagyz edilýär.
23Men sebäpli büdremedik bagtlydyr!»
24Ýahýanyň iberen adamlary gidenden soň, Isa halaýyga Ýahýa hakda gürrüň bermäge durdy: «Çöle näme görmäge gitdiňiz? Ýeliň yraýan gamşynymy?
25Eýsem, näme görmäge gitdiňiz? Nepis eşikler geýnen bir adamymy? Nepis eşikler geýnip, zowky-sapada ýaşaýanlar patyşalaryň köşklerindedir.
26Eýsem, näme görmäge gitdiňiz? Bir pygamberimi? Hawa, size aýdýaryn: ol pygamberden hem artykdyr.
27„Ine, Men Öz habarçymy Seniň öňüňden iberýärin. Ol öňden gidip, Seniň ýoluňy taýýarlar" diýip ýazylan şudur.
28Size diýýärin: aýaldan doglanlaryň arasynda Çokundyryjy Ýahýadan uly pygamber ýok, ýöne Hudaýyň Patyşalygynda iň kiçi hem ondan uludyr».
29Ony diňlän bütin halaýyk hem salgytçylar Hudaýyň ýoluny oňladylar. Sebäbi Ýahýa tarapyndan çokundyryldylar.
30Ýöne fariseýler bilen kanunçylar onuň tarapyndan çokundyrylman, Hudaýyň özleri hakdaky niýetinden boýun gaçyrdylar.
31Şonda Isa olara şeýle diýdi: «Bu nesliň adamlaryny Men kime meňzedeýin? Olar kime meňzeýär!
32Olar bazar ýerinde oturyp, öz ýoldaşlaryna: „Size tüýdük çaldyk, tans etmediňiz, agy etdik, aglamadyňyz" diýip gygyrýan çagalara meňzeýärler.
33Çünki Çokundyryjy Ýahýa geldi, ol ne çörek iýýär, ne-de şerap içýär, siz bolsa oňa „jynly" diýýärsiňiz.
34Ynsan Ogly geldi, iýýär hem içýär, siz: „Ine, horan, arakhor, salgytçy, günäkärleriň dosty" diýýärsiňiz.
35Ýöne akyldarlyk özüniň ähli çagalary tarapyndan tassyklandy».
36Fariseýlerden biri Isadan özi bilen bile nahar iýmegini haýyş etdi. Ol hem ýaňky fariseýiň öýüne baryp, saçak başynda oturdy.
37Ol şäherde bir günäkär aýal bardy. Ol Isanyň fariseýiň öýünde saçak başynda oturandygyny eşidende, bir ak mermer gapda atyr ysly ýag getirdi.
38Ol aýal yzda, Isanyň aýagyna ýakyn durup, aglap, gözýaşlary bilen Onuň aýagyny ýuwmaga durdy. Onsoň öz saçy bilen süpürip, aýaklaryndan öpüp, ysly ýag bilen ýaglady.
39Isany öýüne çagyran fariseý muny görende: «Bu Adam pygamber bolsa, onda Özüne elini degirýän aýalyň kimdigini, nähilidigini bilerdi. Bu aýal bir günäkär ahyryn» diýip, içini gepletdi.
40Isa oňa: «Simun! Saňa bir aýtjak zadym bar» diýdi. Ol hem: «Aýdyber, Mugallym» diýdi.
41Isa şeýle diýdi: «Iki adam bir karz berijä bergilidi. Biriniň bäş ýüz dinar, biriniň hem elli dinar bergisi bardy.
42Olaryň bermäge zatlary bolmansoň, karz beriji ikisiniň hem bergisini geçdi. Indi Maňa aýt, olaryň haýsysy ony köp söýer?»
43Simun: «Meniň pikirimçe, köpräk karzy geçilen bolsa gerek» diýdi. Isa: «Dogry pikir etdiň» diýdi.
44Onsoň aýala tarap öwrülip, Simuna şeýle diýdi: «Bu aýaly görýäňmi? Men seniň öýüňe geldim, sen Maňa aýagym üçin suw-da bermediň. Emma ol Meniň aýagymy gözýaşlary bilen ýuwup, saçy bilen süpürdi.
45Sen meni öpmediň, emma bu aýal gelelim bäri, yzyny üzmän aýaklarymdan öpüp otyr.
46Sen Meniň başymy zeýtun ýagy bilen-de ýaglamadyň, emma bu aýal aýaklarymy ysly ýag bilen ýaglady.
47Şonuň üçin saňa aýdýaryn: onuň köp bolan günäleri geçildi. Onuň köp söýýändiginiň sebäbi, ine, şunda. Emma kimiň az günäsi geçilse, ol az söýer».
48Aýala bolsa: «Seniň günäleriň geçildi» diýdi.
49Onuň bilen bile saçak başynda oturanlar: «Günäleri-de geçýän bu kimkä?» diýşip, içlerini gepletmäge başladylar.
50Isa bolsa aýala: «Imanyň seni halas etdi. Sag-aman git» diýdi.