Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
49 verses
1Pesahyň ikinji gününden soňky ilkinji sabat güni Isa bugdaýlygyň arasyndan geçip barýarka, şägirtleri bugdaý başlaryny ýolup, aýalarynda owup iýýärdiler.
2Fariseýleriň käbirleri olara: «Näme üçin Sabat güni etmesiz zady edýärsiňiz?» diýdiler.
3Isa olara şeýle diýdi: «Siz özi we ýanyndakylar aç galanlarynda, Dawudyň näme edenini okamadyňyzmy?
4Ol Hudaýyň öýüne bardy-da, Hudaýa hödürlenen, ruhanylardan başga hiç kimiň iýmeli däl çöreklerini alyp iýdi we ýanyndakylara hem berdi».
5Olara: «Ynsan Ogly sabat gününiň hem Rebbidir» diýdi.
6Ýene bir sabat güni Isa sinagoga baryp, sapak bermäge durdy. Ol ýerde sag eli gurap, inçelen bir adam bardy.
7Kanunçylar bilen fariseýler Ony aýyplajak bolup, «Sabat güni şypa edermikä?» diýip, Ony aňtadylar.
8Isa olaryň pikirlerini bilip, eli gurap, inçelen adama: «Ýokary gal-da, ortada dur» diýdi. Ol hem ýokary galyp durdy.
9Onsoň Isa olara şeýle diýdi: «Sizden soraýaryn: Sabat güni näme etmek dogry, ýagşylyk etmekmi ýa ýamanlyk etmek? Jan halas etmekmi ýa öldürmek?»
10Onsoň töweregindäkileriň hemmesine seretdi-de, ýaňky adama: «Eliňi uzat!» diýdi. Ol hem şeýle etdi we eli beýlekisi ýaly sagaldy.
11Olar bolsa gahar-gazaba münüp, Isa näme etmelidigi barada öz aralarynda gürrüňe başladylar.
12Şol günleriň birinde Isa doga etmäge daga çykyp, uzyn gijäni Hudaýa doga etmek bilen geçirdi.
13Gündiz bolanda şägirtlerini ýanyna çagyrdy. Olardan on ikisini saýlap, resullar adyny dakdy. Saýlanlary şulardyr:
14Petrus adyny bereni Simun we onuň dogany Andreas, Ýakup we Ýahýa, Filipus we Bartolomeus,
15Matta we Tomas, Alfeusyň ogly Ýakup we Watançy diýilýän Simun.
16Ýakubyň ogly Iuda we soňra Oňa haýynlyk eden Iuda Iskariot.
17Isa olar bilen aşak inip, bir tekiz ýerde durdy. Ol ýerde şägirtlerinden ybarat bir uly märeke we bütin Ýahudadan, Iýerusalimden, Saýdanyň we Suruň kenar ýakalaryndan Ony diňlemäge, syrkawlygyndan açylmaga gelen uly halk köpçüligi bardy.
18Al-arwahlardan yza çekýänler-de şypa tapýardylar.
19Bütin märeke Oňa el degirjek bolup dyrjaşýardy. Çünki Ondan güýç çykyp, hemmesine şypa berýärdi.
20Isa şägirtlerine garap, şeýle diýdi: «Eý garyplar, siz bagtlysyňyz, çünki Hudaýyň Patyşalygy siziňkidir.
21Häzirki açlar, siz bagtlysyňyz, çünki doýarsyňyz. Häzirki aglaýanlar, siz bagtlysyňyz, çünki gülersiňiz.
22Ynsan Ogly sebäpli adamlar sizi ýigrenip, aralaryndan kowan wagtlary, size sögüp, adyňyzy ýamana çykaran wagtlary siz bagtlysyňyz!
23Şol gün şatlanyň, begençden böküň, çünki Gökde aljak sylagyňyz uludyr. Olaryň atalary-da pygamberlere şeýle edendirler.
24Emma waý size, eý baýlar! Çünki siz öz teselliňizi alansyňyz.
25Waý size, eý, häzirki doklar! Çünki siz aç galarsyňyz. Waý size, eý, häzirki gülýänler! Çünki siz ýas tutup aglarsyňyz.
26Ähli adamlar sizi taryplan mahaly waý halyňyza! Çünki olaryň atalary ýalan pygamberlere-de şeýle edendirler».
27Emma, eý, Meni diňleýänler, size diýýärin, duşmanlaryňyzy söýüň, özüňizi ýigrenýänlere ýagşylyk ediň.
28Özüňize gargaýanlar barada ýagşy dilegde boluň, özüňizi ynjydýanlara doga ediň.
29Bir ýaňagyňa urana ol ýaňagyňy-da tut. Donuňy alandan köýnegiňi hem gaýgyrma.
30Saňa dileg salana ber, özüňden bir zat alandan yzyna dileme.
31Adamlaryň özüňize näme etmegini isleýän bolsaňyz, siz-de olara şeýle ediň.
32Siz özüňizi söýýänleri söýýän bolsaňyz, munuň bilen näme abraý gazanýarsyňyz? Çünki günäkärlär-de özlerini söýýänleri söýýärler.
33Siz özüňize ýagşylyk edýänlere ýagşylyk edýän bolsaňyz, munuň bilen näme abraý gazanýarsyňyz? Çünki günäkärler-de muny edýärler.
34Yzyna almak tamasy bilen karz berýän bolsaňyz, munuň bilen näme abraý gazanýarsyňyz? Çünki günäkärler-de doly yzyna almak niýeti bilen günäkärlere karz berýärler.
35Duşmanlaryňyzy söýüň, ýagşylyk ediň, yzyna almagy umyt etmän karz beriň. Şeýlelikde, baýragyňyz uly bolup, Hemmelerden Beýik Bolanyň ogullary bolarsyňyz. Çünki Ol gadyr bilmezlere-de, ýamanlara-da mähribandyr.
36Ataňyzyň rehimdar bolşy ýaly, siz-de rehimdar boluň».
37Başgalaryň üstünden höküm çykarmaň, siziň-de üstüňizden höküm çykarylmaz. Iş kesmäň, size-de iş kesilmez. Bagyşlaň, siz-de bagyşlanarsyňyz.
38Beriň, size-de berler. Gujagyňyza basylyp silkelenip, pürepür, oňat ölçeg bilen berler. Çünki haýsy ölçeg bilen ölçeseňiz, size-de şol ölçeg bilen ölçeler».
39Isa olara bir tymsal hem aýtdy: «Kör köri idip bilermi? Ikisi hem guýa gaçaýmazmy.
40Şägirt öz mugallymyndan ýokary däldir, ýöne kämilleşensoň, her kes öz mugallymy ýaly bolar.
41Näme üçin sen doganyňyň gözündäki çöpi görýärsiň-de, öz gözüňdäki agajy saýgarmaýarsyň?
42Ýa-da öz gözüňdäki agajy görmän, doganyňa nädip: „Dogan! Gel, seniň gözüňdäki çöpi çykaraýyn" diýjek? Eý ikiýüzli! Ilki öz gözüňden agajy çykar. Şonda doganyňyň gözündäki çöpi çykarmak üçin oňat saýgararsyň».
43Oňat agajyň erbet miwe bermeýşi ýaly, erbet agaç-da oňat miwe bermez.
44Agaç öz miwesinden tanalýandyr. Sebäbi ne tikenden injir alynýandyr, ne-de çalydan üzüm ýygylýandyr.
45Oňat adam ýüreginiň oňat hazynasyndan oňat zat çykarýandyr. Erbet adam-da ýüreginiň erbet hazynasyndan erbet zat çykarýandyr. Çünki onuň agzy ýüreginden joşanyny sözleýändir.
46Näme üçin Maňa „Ýa Reb! Ýa Reb!" diýip-de, aýdanlarymy etmeýärsiňiz?
47Meniň ýanyma gelýän, Meniň sözlerimi eşidip, olary berjaý edýän adamyň kim ýalydygyny Men size aýdaýyn.
48Ol bir öý salan adam ýalydyr. Bu adam ýeri çuň gazyp, binany bir gaýanyň üstünde tutdy. Sil gelende bolsa derýa ol öýe urup, ony gymyldadyp bilmedi. Çünki onuň binasy gaýanyň üstünde tutulypdy.
49Ýöne Meniň sözlerimi eşidip-de, berjaý etmedik topragyň üstünde binýatsyz öý salan adam ýalydyr. Derýa ol öýe uran badyna, öý ýykylyp, onuň dargaýşy gorkunç boldy».