Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
56 verses
1Olaryň mejlisindäkileriň ählisi turup, Isany Pilatusyň huzuryna eltdiler-de:
2«Biz bu Adamy milletimizi azdyrmakda ýazykly tapdyk. Ol kaýsara salgyt bermäge garşy çykyp, Özüne Mesih, ýagny bir patyşa diýýär» diýip, Ony aýyplamaga durdular.
3Pilatus Ondan sorady: «Sen ýehudylaryň patyşasymy?» Isa jogap berdi: «Seniň aýdyşyň ýalydyr».
4Onsoň Pilatus baş ruhanylar bilen halka: «Men bu Adamdan hiç bir ýazyk tapmadym» diýdi.
5Emma olar hötjetlik edip: «Bu Adam Öz taglymaty bilen bütin Ýahudadaky halky öjükdirýär. Ol Jelileden başlap, şu ýere çenli geldi» diýdiler.
6Pilatus muny eşidende: «Bu Adam jelilelimi?» diýip sorady.
7Isanyň Hirodesiň welaýatyndandygyny bilende, Ony Hirodesiň ýanyna iberdi, çünki şol günlerde onuň özi hem Iýerusalimde bolýardy.
8Hirodes Isany görüp, gaty begendi, çünki köp wagt bäri Ony görmek isleýärdi. Sebäbi Ol barada köp zatlar eşidipdi, Ondan bir alamat görerin diýen umydy bardy.
9Hirodes Ondan köp soraglar etdi, emma Isa oňa hiç bir jogap bermedi.
10Baş ruhanylar bilen kanunçylar bolsa ol ýerde durup, Ony gaty aýyplaýardylar.
11Onsoň Hirodes esgerleri bilen birlikde Ony kemsidip, masgaralap, egnine bir nepis geýim geýdirip, yzyna, Pilatusyň ýanyna iberdi.
12Şol gün Pilatus bilen Hirodes dost boldy; ozal aralarynda duşmançylyk bardy.
13Pilatus baş ruhanylary, başlyklary hem halky üýşürip,
14olara şeýle diýdi: «Siz maňa bu Adamy halky azdyrýar diýip getirdiňiz. Ine, men siziň gözüňiziň alnynda barlag geçirip, Ondan hiç bir ýazyk tapmadym.
15Hirodes hem tapmandyr, çünki men Ony Hirodesiň ýanyna iberipdim. Siziň görşüňiz ýaly, Onuň ölüme laýyk eden hiç bir zady ýok.
16Munuň üçin, men Ony jezalandyryp boşatjak».
17Pilatus baýram mynasybetli halka bir adamy boşatmalydy.
18Emma bütin halk: «Bu Adamy ýok et! Bize Barabbasy boşat!» diýip gygyryşdylar.
19Barabbas şäherde ýüze çykan bir gozgalaňa gatnaşany we adam öldüreni üçin zyndana salnypdy.
20Pilatus Isany boşatmak niýeti bilen ýene-de halka ýüzlendi.
21Emma olar: «Ony haça çüýle, haça çüýle!» diýip gygyryşdylar.
22Pilatus üçünji gezek olara: «Bu Adam näme ýaman iş etdi? Men Ondan ölüme laýyk hiç bir zat tapmadym. Munuň üçin, Ony jezalandyryp boşatjak» diýdi.
23Emma olar seslerini gataldyp, hötjetlik bilen Onuň haça çüýlenmegini talap etdiler. Şeýlelikde, olaryň we baş ruhanylaryň sesi üstün çykdy.
24Şunluk bilen, Pilatus olaryň islegini ýerine ýetirme kararyna geldi.
25Olaryň islän adamyny, gozgalaň turzup, adam öldüreni üçin zyndana salnan adamy boşadyp, Isany olaryň erkine berdi.
26Olar Isany alyp barýarkalar, düzden öwrülip gelýän kireneli Simuny tutup, Isanyň yzyndan göterip äkitsin diýip, arkasyna haç ýüklediler.
27Halkdan uly märeke, Onuň üçin zarynlap aglaýan aýallar hem yzyna düşüp gitdiler.
28Isa öwrülip, olara diýdi: «Eý Iýerusalim gyzlary! Meniň üçin aglaman, özüňiz, çagalaryňyz üçin aglaň.
29Çünki, ine, „Önelgesiz aýallar, çaga dogurmadyk göwreler, çaga emdirmedik göwüsler ne bagtly!" diýiljek günler geler.
30Şonda daglara: „Biziň üstümize ýykylyň!" Depelere: „Biziň üstümizi örtüň!" diýerler.
31Çünki gök agaja bu zatlar edilse, onda gury agaja näme ediler?»
32Iki jenaýatçyny hem dardan asjak bolup, Isa bilen bile alyp barýardylar.
33Kelleçanak diýen ýere gelenlerinde Isany ýaňky jenaýatçylar bilen birlikde haça çüýlediler. Jenaýatçylaryň biri Onuň sag tarapynda, biri-de çep tarapyndady.
34Isa: «Ata! Olary bagyşla, çünki näme edýänlerini bilmeýärler» diýdi. Onuň egin-eşigini bolsa bije atyşyp paýlaşdylar.
35Halk Oňa bakyşyp durdy. Başlyklar hem gülüp: «Ol özgeleri halas etdi. Hudaýyň saýlan Mesihi bolsa, Özüni halas etsin» diýişýärdiler.
36Esgerler hem ýanyna gelip, Ony masgaralaýardylar. Oňa sirke hödür edip:
37«Ýehudylaryň patyşasy bolsaň, Özüňi halas et» diýişýärdiler.
38Onuň depesinde bolsa grekçe, latynça we ýewreýçe «BU ADAM ÝeHUDYLARYŇ PATYŞASY» diýen ýazgy bardy.
39Asylan jenaýatçylaryň biri Oňa sögüp: «Sen Mesih dälmi? Özüňi hem-de bizi halas et!» diýdi.
40Beýlekisi bolsa oňa käýäp, şeýle diýdi: «Onuňky bilen bir höküme sezewar bolanyň üçin Hudaýdan gorkmaýarsyňmy?
41Biz adalatlylyk bilen, öz etmişimize laýyk jeza aldyk. Bu Adamyň bolsa hiç bir eden etmişi ýok».
42Onsoň: «Isa, Patyşalygyňa baryp gireniňde, meni ýatla!» diýdi.
43Isa hem oňa: «Saňa dogrusyny aýdýaryn, sen şu gün Meniň bilen bile behiştde bolarsyň» diýdi.
44Wagt günortana golaýdy, şondan soň üç sagatlap ýurda garaňky düşdi.
45Gün garaldy, ybadathananyň tutusy ortarasyndan ýyrtylyp, ikä bölündi.
46Isa gaty ses bilen gygyryp: «Eý Ata! Ruhumy Seniň eliňe berýärin!» diýdi, muny aýdandan soň jan berdi.
47Ýüzbaşy bolan wakany görende, Hudaýy şöhratlandyryp: «Bu, hakykatdan-da, dogry Adam eken!» diýdi.
48Bu tomaşa üçin üýşüşen halaýygyň bary bolan wakalary görüp, gursaklaryna ura-ura yzlaryna gaýtdylar.
49Isany tanaýan adamlaryň bary, Jelileden Onuň yzyna düşüp gelen aýallar daşrakda durup, bu wakalara syn etdiler.
50Ine, mejlis agzalaryndan Ýusup atly biri bardy. Ol gowy hem dogry adamdy.
51Özi-de mejlisiň kararyna we işine razyçylyk bermändi. Ýahudanyň Arimatiýa şäherinden bolan bu Ýusup Hudaýyň Patyşalygyna garaşýardy.
52Bu adam Pilatusyň ýanyna baryp, Isanyň jesedini diledi.
53Onsoň Ony aşak düşürip, kepene dolap, gaýada oýulan we şol wagta çenli hiç kimiň jaýlanmadyk mazarynda jaýlady.
54Ol güni taýýarlyk güni bolup, sabat güni başlanmaga golaýdy.
55Isa bilen bile Jelileden gelen aýallar hem Ýusubyň yzyna düşüp, baryp, mazary we Onuň jesediniň nähili jaýlananyny gördüler.
56Onsoň öýlerine gaýdyp, ýakymly ysly ýag, atyrlar taýýarlap, sabat güni Hudaýyň buýrugy boýunça dynç aldylar.