Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
53 verses
1Hepdäniň ilkinji güni ertir ir bilen aýallar taýýarlan ýakymly ysly ýaglaryny alyp, mazara bardylar; ýanlarynda başga aýallar hem bardy.
2Ine, mazaryň agzyndaky daş bir çete togalanan eken.
3Olar içerik girenlerinde, Reb Isanyň jesedini tapmadylar.
4Muňa geňirgenişip durkalar, birdenkä, garşylarynda ýalkym salýan eşikli iki sany adam peýda boldy.
5Aýallar gorkup, ýüzlerini ýere egenlerinde, ýaňky adamlar olara şeýle diýdiler: «Siz näme üçin dirini ölüleriň arasyndan gözleýärsiňiz?
6Ol bu ýerde däl, direldi! Onuň entek Jeliledekä size aýdanlaryny ýatlaň.
7Ol: „Ynsan Ogly günäkär adamlara tabşyrylmaly, haça çüýlenmeli, ölenden üç günden soň direlmelidir" diýipdi».
8Onsoň Isanyň bu sözleri olaryň ýatlaryna düşdi.
9Aýallar mazardan öwrülip gelip, bularyň baryny Onbirlere we beýlekileriň hemmesine habar berdiler.
10Resullara bu habary ýetirenler Magdalaly Merem, Ýuhanna, Ýakubyň ejesi Merem we olaryň ýanyndaky beýleki aýallardy.
11Bu sözler resullaryň göwnüne manysyz geldi, olar aýallaryň gepine ynanmadylar.
12Onsoň Petrus turup, mazara ylgady-da, egilip, kepen matalaryň boş ýatanyny görende, bolan waka geňirgenip, yzyna gaýtdy.
13Ine, şol gün olaryň ikisi Emmaus diýen oba barýardy. Bu obanyň Iýerusalimden on bir kilometre golaý aralygy bardy.
14Olar bolan bu wakalar hakda özara gürleşýärdiler.
15Şeýlelikde, gürleşip, pikir alşyp barýarkalar, Isanyň Özi ýakyna gelip, olar bilen bile ýöräberdi.
16Ýöne Ony tanamaz ýaly, olaryň gözleri baglanypdy.
17Isa olardan sorady: «Bu barşyňyza näme hakda gürrüň edişýärsiňiz?» Olar gaýgyly ýagdaýda aýak çekdiler.
18Olaryň Kleopas atlysy: «Iýerusalimde bolup-da, şu günler ol ýerde bolan wakalary bilmeýän keseki ýeke Senmi?» diýdi.
19Isa olardan: «Haýsy wakalary?» diýip sorady. Olar şeýle jogap berdiler: «Nasyraly Isa hakdaky wakalary. Ol Hudaýyň we bütin halkyň ýanynda sözde hem işde güýçli pygamberdi.
20Baş ruhanylar bilen başlyklarymyz ölüm jezasy berilsin diýip, Ony häkime tabşyrdylar, haça çüýlediler.
21Biz Ysraýyly halas etjek Şoldur diýip umyt ederdik. Mundan başga hem, bu zatlaryň bolanyna üç gün boldy.
22Üstesine-de, aýallarymyzyň käbiri hem bizi geňirgendirdi. Olar şu gün ir bilen mazara baryp,
23Onuň jesedini tapmandyrlar. Gelip, gözlerine perişdeleriň görnenini aýtdylar. Perişdeler Oňa diri diýýärmiş.
24Onsoň biziňkileriň käbiri mazara baryp, ýagdaýyň edil aýallaryň aýdyşy ýalydygyny görüpdirler, ýöne Isany görmändiler».
25Isa olara şeýle diýdi: «Eý akmak adamlar, pygamberleriň ähli aýdanlaryna giç ynanýanlar!
26Mesih bu görgüleri görüp, şöhratyna girmeli dälmidi?»
27Onsoň Musa bilen ähli pygamberlerden başlap, hemme Mukaddes Ýazgylarda Özi hakda aýdylanlary olara düşündirdi.
28Olar barýan obalaryna golaýlanlarynda, Isa uzagrak giderli göründi.
29Emma olar Ony saklap: «Biziň ýanymyzda galaý, çünki agşam golaýlap, Gün ýaşyp barýar» diýdiler. Şeýlelikde, Isa olaryň ýanynda galdy.
30Isa olar bilen saçak başynda otyrka, çörek alyp, şükür etdi-de, bölüp olara berdi.
31Şonda olaryň gözleri açylyp, Ony tanadylar, emma Ol gözlerinden gaýyp boldy.
32Olar biri-birlerine: «Ýolda biziň bilen gepleşip gelýärkä, bize Ýazgylary düşündirýärkä, içimizde ýüregimiz ýanmaýarmydy?» diýişdiler.
33Turup, şol sagadyň özünde Iýerusalime öwrüldiler. Görseler, on bir resul bilen olaryň ýanyndakylar üýşüşip oturan eken.
34Bular: «Çyn! Reb direlipdir, Simuna görnüpdir» diýişýärdiler.
35Onsoň olar-da ýolda bolan wakalary, Isa çöregi bölende, Ony tanandyklaryny aýtdylar.
36Olar heniz bu barada gürrüň berip durkalar, Isanyň Özi ortalarynda durup: «Size parahatlyk!» diýdi.
37Olar ruh görýändiris öýdüp, tisginip gorka düşdüler.
38Isa olara şeýle diýdi: «Näme üçin aljyraşýarsyňyz? Näme sebäpden göwnüňize beýle pikirler gelýär?
39Meniň ellerime, aýaklaryma serediň. Bu Meniň Özüm! Maňa elleriňizi degrip görüň. Ruhuň et bilen süňki bolmaz, ýöne siziň görşüňiz ýaly, Meniňki bar».
40Muny aýdyp, ellerini, aýaklaryny olara görkezdi.
41Olar şatlykdan ýaňa entek ynanman, geňirgenişip durkalar, Isa olara: «Bu ýerde iýmäge bir zadyňyz barmy?» diýdi.
42Oňa bişirilen balygyň bir bölegi bilen biraz bal berdiler.
43Isa alyp, olaryň gözleriniň alnynda ony iýdi.
44Olara şeýle diýdi: «Men hakda Musanyň Kanunynda, pygamberleriň ýazgylarynda, Zeburda ýazylanlaryň bary berjaý bolmalydyr diýip, entek siziň ýanyňyzdakam aýdan sözlerim şulardyr».
45Onsoň Ýazgylara düşünmekleri üçin, olaryň aňlaryny açdy.
46Isa olara şeýle diýdi: «Şeýle ýazylgydyr: Mesih görgi görüp, ölenden üç günden soň direljekdir.
47Iýerusalimden başlap, bütin milletler günäleriň geçilmegi üçin, Onuň adyndan toba çagyryljakdyr.
48Siz bu zatlara şaýat bolarsyňyz.
49Ine, Men Atamyň wada edenini size ýollaryn. Siz özüňize ýokardan güýç geýdirilýänçä, Iýerusalim şäherinde boluň».
50Onsoň olary daşaryk çykaryp, Beýtaniýanyň golaýyna getirdi, ellerini galdyryp, olara ak pata berdi.
51Ak pata berip durşuna olardan aýrylyp, Göge göterildi.
52Olar hem Oňa sežde edip, uly şatlyk bilen Iýerusalime tarap öwrüldiler.
53Elmydama ybadathanada bolup, Hudaýa öwgi aýdyp, alkyş okaýardylar. Omyn.