Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
44 verses
1Isa Mukaddes Ruh bilen dolup, Iordandan yzyna öwrüldi. Ruh ony çöle äkitdi.
2Iblis Isany kyrk günläp synady. Ol bu günleriň dowamynda hiç bir zat iýmän, olar ötende bolsa ajykdy.
3Iblis Oňa: «Sen Hudaýyň Ogly bolsaň, şu daşa çörek bol diýip buýur» diýdi.
4Isa oňa şeýle jogap berdi: «„Adam diňe çörek bilen däl, eýsem, Hudaýyň her sözi bilen hem ýaşaýandyr" diýip ýazylgydyr» diýdi.
5Iblis Ony bir belent ýere çykaryp, bir salymyň içinde dünýäniň bütin patyşalyklaryny görkezip,
6şeýle diýdi: «Men Saňa şularyň hemmesiniň ygtyýaryny hem şöhratyny bereýin, çünki bular maňa tabşyryldy. Men olary islänime berip bilýärin.
7Sen maňa sežde etseň, bularyň bary Seniňki bolar».
8Isa oňa şeýle jogap berdi: «Meniň ýanymdan güm bol, şeýtan! Öz Hudaýyň Rebbe sežde et, diňe Oňa gulluk et diýip ýazylgydyr».
9Iblis Ony Iýerusalime eltdi, ybadathananyň küňresinde oturdyp, Oňa şeýle diýdi: «Sen Hudaýyň Ogly bolsaň, Özüňi şu ýerden aşak zyň.
10Sebäbi: „Ol Sen hakda Öz perişdelerine Seni gorasynlar diýip buýruk berer".
11„Olar aýagyň daşa degäýmesin diýip, Seni ellerinde götererler" diýip ýazylgydyr».
12Isa oňa: «„Öz Hudaýyň Rebbi synama" diýlendir» diýdi.
13Iblis bütin synaglary gutarandan soň, birnäçe wagtlap Onuň ýanyndan aýrylyp gitdi.
14Isa Ruhuň güýji bilen Jelilä öwrüldi. Ol hakdaky gürrüňler bütin şol töwereklere ýaýrady.
15Ol hemmeler tarapyndan hormatlanyp, olaryň sinagogalarynda sapak berýärdi.
16Isa Öz önüp-ösen ýeri bolan Nasyra geldi. Endigi boýunça Sabat güni sinagoga bardy we Mukaddes Ýazgylardan okamak üçin, ýokary turdy.
17Oňa Işaýa pygamberiň kitaby berildi. Ol hem kitaby açyp, şu sözleriň ýazylan ýerini tapdy:
18«Rebbiň Ruhy üstümdedir. Çünki garyplara Hoş Habary bildirmegim üçin Meni mesh etdi; Meni tussaglara azatlygy, körlere gözleriniň açylmagyny yglan etmäge, zulum astyndakylary azatlyga çykarmaga,
19Rebbiň merhemet ýylyny yglan etmäge iberdi».
20Onsoň kitaby ýapyp, yzyna ― hyzmatkäre berdi-de oturdy. Sinagogadakylaryň hemmesiniň gözi Oňa dikildi.
21Ol bolsa olara gürrüň bermäge durdy: «Siziň eşiden bu ýazgyňyz şu gün berjaý boldy».
22Hemmeler Ony taryplap, Onuň agzyndan çykýan mähirli sözlere täsin galyp: «Bu Ýusubyň Ogly dälmi?» diýişýärdiler.
23Isa olara şeýle diýdi: «Siz, hökman, Maňa „Tebip, özüňe em et!" diýen nakyly aýdarsyňyz, „Kapernaumda bolanyny eşiden zatlarymyzy şu ýerde, Öz ýurduňda-da et" diýersiňiz».
24Ol ýene şeýle diýdi: «Size dogrusyny aýdýaryn: hiç bir pygamber öz ýurdunda kabul edilýän däldir.
25Size dogrusyny aýdýaryn: Ylýasyň zamanynda Ysraýylda birtopar dul hatyn bardy. Gök üç ýyl alty aýlap baglanyp, bütin ýurda açlyk düşende,
26Ylýas olaryň hiç biriniň ýanyna iberilmän, diňe Saýdadaky Sarepta şäherinde bolan bir dul hatynyň ýanyna iberildi.
27Elişa pygamberiň zamanynda-da Ysraýylda birtopar heýwere keselli adam bardy. Ýöne siriýaly Naamandan başga olaryň hiç biri tämiz bolmady».
28Bu sözleri eşidenlerinde, sinagogadakylaryň hemmesi gahar-gazaba mündüler.
29Turup, Ony şäherden kowdular, şäherleriniň ýerleşen dagynyň başyna eltip, şol ýerden aşak zyňjak boldular.
30Emma Isa olaryň arasyndan geçip, ýola rowana boldy.
31Isa Jeliläniň bir şäheri bolan Kapernauma geldi. Sabat günlerinde halka sapak bererdi.
32Halk Onuň taglymatyna haýran galdy. Çünki Onuň sözi erk-ygtyýarlydy.
33Sinagogada arwah-jynly bir adam bardy. Ol batly ses bilen gygyryp, şeýle diýdi:
34«Goý, biziň bilen näme işiň bar, eý, Nasyraly Isa? Bizi heläk etmäge geldiňmi? Men Seniň kimdigiňi bilýärin, Sen Hudaýyň Mukaddesisiň».
35Isa oňa käýäp: «Sesiňi çykarma-da, çyk!» diýdi. Jyn hem ol adamy sinagoganyň ortasynda ýere ýykdy-da, hiç bir zyýan ýetirmän, ondan çykdy.
36Hemmeler haýran galyşyp, biri-birlerine: «Bu nähili söz? Ol ygtyýar hem gudrat bilen al-arwahlara buýruk berýär. Olar hem çykýarlar» diýişdiler.
37Ol hakdaky gürrüň şol töwerekleriň hemme ýerine ýaýrady.
38Isa sinagogadan çykyp, Simunyň öýüne bardy. Simunyň gaýynenesini agyr gyzzyrma tutup ýatyrdy. Ol hakda Isa haýyş etdiler.
39Isa onuň başujunda durup, gyzzyrma käýedi. Gyzzyrma ondan aýrylyp, ol derrew ör turdy-da, olara hyzmat etmäge durdy.
40Gün ýaşanda, dürli syrkawçylyklary bar adamlary Onuň ýanyna getirdiler. Isa hem ellerini her biriniň üstüne goýup, olary sagaltdy.
41Köpüsinden jynlar: «Sen Hudaýyň Ogly Mesihsiň!» diýip, gygyryşyp çykýardy. Isa hem käýäp, olary gepletmeýärdi. Çünki Onuň Mesihdigini bilýärdiler.
42Daň atanda, Isa çykyp bir ýere gitdi. Ýöne halaýyk Ony gözläp, ýanyna geldi, ol ýerden gitmez ýaly, olar Isany alyp galjak boldular.
43Isa olara şeýle diýdi: «Hudaýyň Patyşalygynyň Hoş Habaryny Men beýleki şäherlere-de bildirmeli. Çünki Men munuň üçin wagyz etdim».
44Şeýdip, Ol Jeliläniň sinagogalarynda wagyz edýärdi.