Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
38 verses
1Kaýsar Tiberiusyň häkimliginiň on bäşinji ýylynda, Pontius Pilatus Ýahudanyň häkimikä, Hirodes Jelile tetrarhy, onuň dogany Filipus Iturea we Trahonitis welaýatynyň tetrarhy, Lisaniýas Abiliniň tetrarhydy.
2Hanna bilen Kaýafa hem baş ruhanydy. Şonda çölde Zekerýanyň ogly Ýahýa Hudaýyň sözi geldi.
3Ol Iordanyň töweregindäki bütin ýurtlara aýlanyp, günäleriň ötülmegi üçin toba edip çokundyrylmagy wagyz edýärdi.
4Şonuň ýaly-da, Işaýa pygamberiň kitabynda ýazylgydyr: «Çölde gygyrýanyň sesi: Rebbiň ýoluny taýýarlaň, Onuň ýodalaryny dogrulaň.
5Her dere doldurylar, her dag, depe peseldiler, egri ýollar dograldylar, çarkandakly ýollar tekizlener.
6Bütin adamzat Hudaýyň gutaryşyny görer».
7Ýahýa çokundyryljak bolup ýanyna gelýän halaýyga şeýle diýýärdi: «Eý, alahöwrenler nesli! Geljek gazapdan gaçmagy size kim salgy berdi?
8Indi, toba mynasyp miweler öndüriň. Içiňizden: „Biziň atamyz Ybraýymdyr" diýip başlamaň. Çünki men size aýdýaryn: Hudaý Ybraýyma şu daşlardan-da perzent ýaratmagy başarýandyr.
9Palta eýýäm agaçlaryň düýbünde ýatyr: oňat miwe bermeýän agaç kesilip, oda taşlanar».
10Halaýyk ondan: «Onda, biz näme etmeli?» diýip sorady.
11Ol: «Iki köýnekli birini köýneksize bersin. Azykly hem şonuň ýaly etsin» diýdi.
12Salgytçylar-da çokundyrylmak üçin onuň ýanyna gelip: «Mugallym, biz näme etmeli!» diýdiler.
13Ýahýa olara: «Özüňize bellenenden artyk almaň» diýdi.
14Esgerler-de: «Onda, biz näme etmeli?» diýip, ondan soradylar. Olara: «Hiç kimi talamaň, hiç kime töhmet atmaň, öz hakyňyza kaýyl boluň» diýdi.
15Halk garaşyp durka, hemmesi Ýahýa hakda öz içlerinden: «Bu Mesihmikä?» diýip oýlanýardylar.
16Ýahýa hemmesine şeýle diýdi: «Men sizi suw bilen çokundyrýaryn, ýöne menden güýçli Biri geler. Men Onuň çarygynyň bagyny çözmäge-de mynasyp däldirin. Ol sizi Mukaddes Ruh hem ot bilen çokundyrar.
17Onuň küregi elindedir. Ol harman ýerini süpürip, bugdaýy ammaryna üýşürip, samany sönmez otda ýakar».
18Ol başga-da köp öwüt-ündew edip, halka Hoş Habary wagyz edýärdi.
19Emma Hirodes tetrarh doganynyň aýaly Hirodiýa üçin we öz eden ähli erbet işleri üçin, Ýahýanyň käýinjine sezewar bolany zerarly,
20bu ähli erbetlikleriň üstüne Ýahýany zyndana salmaklygy hem goşdy.
21Bütin halk çokundyrylyp ýörkä, Isa-da çokundyryldy. Ol doga edip otyrka, Gök açylyp,
22Mukaddes Ruh jan-ten bolup, kepderi kimin Onuň üstüne indi. Gökden: «Sen Meniň söýgüli Oglumsyň. Men senden köp razydyryn» diýen owaz geldi.
23Isa Öz hyzmatyna başlan wagty otuz ýaşlaryndady, çak edilişine görä, Ýusup ogly, Eli ogly,
24Mattat ogly, Lewi ogly, Melki ogly, Ýannaý ogly, Ýusup ogly,
25Mattatýa ogly, Amos ogly, Nahum ogly, Esli ogly, Naggaý ogly,
26Maat ogly, Mattatýa ogly, Semeýn ogly, Ýoseh ogly, Ýoda ogly,
27Ýoanan ogly, Risa ogly, Zerubabel ogly, Şealtiýel ogly, Neri ogly,
28Melki ogly, Addi ogly, Kosam ogly, Elmadam ogly, Er ogly,
29Ýeşu ogly, Elizer ogly, Ýorim ogly, Mattat ogly, Lewi ogly,
30Simun ogly, Iuda ogly, Ýusup ogly, Ýonam ogly, Elýakim ogly,
31Melea ogly, Menna ogly, Mattata ogly, Natan ogly, Dawut ogly,
32Ýesse ogly, Obed ogly, Boaz ogly, Salmon ogly, Nahşon ogly,
33Aminadap ogly, Ram ogly, Hesron ogly, Peres ogly, Iuda ogly,
34Ýakup ogly, Yshak ogly, Ybraýym ogly, Teraz ogly, Nahor ogly,
35Seruh ogly, Reu ogly, Peleg ogly, Eber ogly, Şela ogly,
36Kainan ogly, Arfakşad ogly, Sam ogly, Nuh ogly, Lamek ogly,
37Metuşelah ogly, Hanok ogly, Ýared ogly, Mahalaleýel ogly, Kainan ogly,
38Enoş ogly, Şit ogly, Adam ogly, Hudaý ogludy.