Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
52 verses
1Şol günlerde kaýsar Awgust bütin dünýäde ilat ýazuwyny geçirmeli diýen buýrugy çykardy.
2Bu Kiriniusyň Siriýa häkimlik edýän wagtynda geçirilen ilkinji ýazuwdy.
3Hemmeler ýazylmak üçin öz şäherlerine gitdiler.
4Ýusup-da Dawudyň öýünden we neslinden bolansoň, ol ýerde adyny ýazdyrmak üçin, Jeliledäki Nasyra şäherinden ýola düşüp, Dawudyň Ýahudadaky Beýtullaham diýen şäherine gitdi.
5Göwreli adaglysy Merem hem ýanyndady.
6Olar Beýtullahamdakalar, Meremiň dogurmaly güni-sagady geldi.
7Ol ilkinji ogluny dogrup, gundaga dolady-da, Ony bir ahyrda ýatyrdy. Çünki olara myhmanhanada ýer ýokdy.
8Şol töwereklerde çopanlar bardy. Olar gijelerine düzde galyp, sürülerini bakardylar.
9Ine, Rebbiň perişdesi olara göründi, Rebbiň ýalkymy daş-töweregi ýagtyltdy. Çopanlar gaty gorkdular.
10Perişde olara şeýle diýdi: «Gorkmaň, ine, men size bütin halky begendirjek şatlygy buşlaýaryn:
11Şu gün Dawudyň şäherinde size Halasgär doguldy. Ol Reb Mesihdir.
12Size alamat şeýle: siz ahyrda ýatan, gundaga dolangy bir çagany taparsyňyz».
13Birdenkä perişde bilen birlikde Gökdäki goşundan bir uly mähelle göründi. Olar Hudaýy öwüp diýýärdiler:
14«Iň ýokarlarda Hudaýa şöhrat, ýer ýüzünde parahatlyk, ynsanlar arasynda hoşniýetlilik bolsun!»
15Perişdeler çopanlaryň ýanyndan aýrylyp, Göge çykanlarynda, çopanlar biri-birlerine: «Beýtullahama gidip, bu bolan wakany, Rebbiň bize bildiren zadyny göreliň» diýişdiler.
16Şeýlelikde, ylgap baryp, Meremi, Ýusuby we ahyrda ýatan çagany tapdylar.
17Muny görenlerinde, bu çaga hakda özlerine aýdylan sözi olara gürrüň berdiler.
18Muny eşidenleriň bary çopanlaryň aýdanlaryna haýran galdylar.
19Merem bolsa bu zatlar hakda ýagşy oýlanyp, bularyň baryny ýüreginde saklaýardy.
20Çopanlar hemme görüp-eşidenleriniň özlerine aýdylyşy ýaly bolanlygy üçin, Hudaýy şöhratlandyryp, öwüp, yzlaryna öwrüldiler.
21Sekizinji gün dolup, çagany sünnetleme wagty ýetende, enesiniň göwresine düşmezden öň, perişdäniň aýdyşy ýaly, Onuň adyna Isa dakdylar.
22Musanyň kanunynda beýan edilen çile döwri tamam bolanda, Rebbe bagyşlamak üçin, Isany Iýerusalime getirdiler. Çünki Rebbiň kanunynda: «Ilkinji doglan her bir erkek çaga Rebbe bagyşlanmalydyr» diýip ýazylypdyr.
23Ýene Rebbiň kanunynda aýdylyşyna görä, olar
24bir jübüt gumry ýa-da iki kepderi çagasyny gurban etmek üçin gitdiler.
25Iýerusalimde Simun atly bir adam bardy. Ol dogry hem dindar bolup, Ysraýylyň teselli tapjak wagtyna garaşýardy we Mukaddes Ruh onuň üstündedi.
26Oňa Rebbiň Mesihini görmezden öň ölüm garasyny görmejekdigi Mukaddes Ruh tarapyndan aýdylypdy.
27Ol Ruhuň ýol görkezmesi bilen ybadathana geldi. Isanyň ene-atasy kanunda ýazylan adaty berjaý etmek üçin, çagany içerik getirenlerinde,
28Simun Ony gujagyna alyp, Hudaýa alkyş okap, şeýle diýdi:
29Ýa Reb, beren sözüňe görä, indi hyzmatkäriňi sag-aman goýber.
30Çünki Seniň bütin halklaryň gözüniň alnynda taýýarlap goýan,
31milletleri ýagtyltjak yşygyňy,
32halkyň Ysraýylyň şöhraty bolan gutaryşyňy gözüm gördi».
33Ýusup bilen çaganyň enesi Ol hakda aýdylýan sözlere haýran galdylar.
34Simun olara ak pata berip, ejesi Mereme şeýle diýdi: «Ine, bu çaga Ysraýylda köpleriň ýykylmagy we galmagy üçin, çekişmeler turuzjak alamat bolmak üçin bellenendir.
35Ençeme ýürekleriň pikirleri äşgär bolar ýaly, seniň hem janyňa bir gylyç sokular».
36Aşer taýpasyndan bolan Fanuiliň welilik edýän gyzy Anna-da şol ýerdedi. Onuň ýaşy garrylyga ýetipdi. Gyzlygyndan soňra äri bilen ýedi ýyl ýaşap,
37indi bolsa ýaşy segsen dörde ýeten bu dul hatyn ybadathanadan çykman, gije-gündiz oraza tutup, doga edip, ybadat bilen meşguldy.
38Ol hem edil şol wagt gelip, Rebbe öwgi aýdyp, Iýerusalimiň gutulmagyna garaşýanlaryň baryna bu çaga hakda gürrüň berdi.
39Ýusup bilen Merem Rebbiň kanuny boýunça ähli zady berjaý edenlerinden soň, Jeliledäki şäherleri Nasyra dolandylar.
40Çaga ulalýardy, güýçlenip akyldarlykda ösýärdi. Hudaýyň merhemeti Onuň üstündedi.
41Isanyň ene-atasy her ýyl Pesah baýramynda Iýerusalime giderdiler.
42Ol on iki ýaşyndaka, baýram adaty boýunça Iýerusalime gitdiler.
43Olar baýram günlerini ötürip, yzlaryna dolananlarynda, ýetginjek Isa Iýerusalimde galdy. Ýusup bilen çaganyň ejesi muny bilmeýärdiler.
44Olar Ony ýolagçylaryň arasyndadyr öýdüp, bir günlük ýoly ýörediler. Onsoň, Ony dogan-garyndaşlaryň, dost-ýarlaryň arasyndan gözläp başladylar.
45Tapmansoňlar, Ony gözläp, yzlaryna Iýerusalime dolandylar.
46Üç günden soň, Ony ybadathanadan tapdylar. Ol mugallymlaryň arasynda oturyp, olara gulak asyp, soraglar berýärdi.
47Isany diňleýänleriň bary Onuň paýhasyna, berýän jogaplaryna haýran galýardylar.
48Ene-atasy Ony görenlerinde geň galdylar, ejesi Oňa: «Oglum! Näme beýtdiň? Ine, kakaň ikimiz Seni gaty gaýgy edip gözledik» diýdi.
49Isa olara: «Meni nämä gözlediňiz? Siz Meniň Atamyň öýünde bolmalydygymy bilmeýärmidiňiz?» diýdi.
50Emma olar Onuň aýdan bu sözüne düşünmediler.
51Onsoň Isa ene-atasy bilen bile Nasyra gaýtdy, olaryň tabynlygynda galdy. Onuň ejesi bütin bu zatlary ýüreginde saklaýardy.
52Isa akyldarlykda, boýda ösüp, Hudaýyň hem adamlaryň mährini gazanýardy.