Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
76 verses
1Gadyrly Teofilus, aramyzda ýüze çykan wakalaryň taryhyny köp adamlar başdan öz gözleri bilen görenleriň we Sözüň hyzmatçysy bolanlaryň bize aýdyşy ýaly edip ýazmaga girişdiler.
2Muňa görä men-de tä başyndan hemmesini üns bilen barlaşdyryp,
3seniň özüňe öwredilenleriň dogrudygyny bilmegiň üçin,
4ählisini bolşy ýaly, birin-birin saňa ýazmaklygy maslahat bildim.
5Ýahuda patyşasy Hirodesiň zamanynda Abiýa bölüminden Zekerýa atly bir ruhany bardy. Onuň aýaly hem Harunyň neslinden bolup, ady Elizabetdi.
6Bularyň ikisi-de Hudaýyň öňünde dogry bolup, Rebbiň bütin buýruk hem tabşyryklaryny kemsiz berjaý ederdiler.
7Olaryň perzendi ýokdy, çünki Elizabet önelgesizdi. Olaryň ikisi-de eýýäm garrylyk ýaşyna ýetipdiler.
8Bir gün Zekerýa öz bölüminiň nobatynda Hudaýyň huzurynda ruhanylyk hyzmatyny berjaý edip ýörkä,
9ruhanylyk adaty boýunça, buhur ýakmak üçin Rebbiň ybadathanasyna girmek onuň bijesine düşdi.
10Ähli jemagat buhur ýakylýan sagatda daşarda doga edip durdy.
11Rebbiň buhurdanyň sagynda duran bir perişdesi Zekerýa göründi.
12Zekerýa ony görende, gorkup aljyrady.
13Emma perişde oňa şeýle diýdi: «Eý Zekerýa, gorkma, çünki dogaň kabul boldy. Aýalyň Elizabet saňa bir ogul dograr, onuň adyna Ýahýa dakarsyň.
14Sen şatlanarsyň, begenersiň, onuň dogulmagyna köp adamlar şatlanar.
15Çünki ol Rebbiň nazarynda uly bolar, şerap, içgi içmez. Ol heniz enesiniň göwresindekä, Mukaddes Ruh bilen dolar.
16Ysraýyl ogullarynyň köpüsini öz Hudaýlary Rebbe tarap öwrer.
17Ol atalaryň ýüreklerini ogullara, günälileri dogrulara tarap öwürmek we Rebbe taýýar halk taýynlamak üçin, Rebbiň huzurynda Ylýasyň ruhy we gudraty bilen gezer».
18Zekerýa perişdä: «Men muny nähili bileýin? Çünki men bir garry adam, aýalym-da garrylyk ýaşyna ýeten» diýdi.
19Perişde oňa şeýle jogap berdi: «Men Hudaýyň huzurynda durýan Jebraýyl. Men seniň bilen gepleşmek, saňa bu hoş habary gowşurmak üçin iberildim.
20Ine, diliň tutulyp, bu zatlar bolýança, gepläp bilmersiň. Çünki sen meniň bellenen wagtda ýerine ýetjek sözlerime ynanmadyň».
21Şol wagt halk Zekerýa garaşýardy, onuň ybadathanada eglenenine geňirgenýärdiler.
22Zekerýa daşary çykanda, olar bilen gepleşip bilmedi. Halk onuň ybadathanada görnüş görenini bildi. Çünki Zekerýa olara üm bilen yşarat edip, lal galdy.
23Ol hyzmat günleri dolanda, öýüne gaýtdy.
24Şu günlerden soň, onuň aýaly Elizabet göwreli boldy. Ol bäş aýlap gözden-ilden çekilip: «Adamlar arasyndaky utanjymy aýyrjak bolup, Reb şu günler maňa nazaryny saldy, meni şeýle etdi» diýýärdi.
26Elizabetiň göwreliliginiň altynjy aýynda Jebraýyl perişde Hudaý tarapyndan Jeliläniň Nasyra atly şäherine,
27Dawudyň neslinden Ýusup atly adamyň adaglysy bolan bir çykmadyk gyzyň ýanyna iberildi. Bu gyzyň ady Meremdi.
28Perişde onuň ýanyna gelip: «Salam, eý, merhemete sezewar bolan! Reb seniň bilendir, sen aýallar arasynda mübäreksiň!» diýdi.
29Merem bu sözlere gaty aljyrap, «Bu nähili salam?» diýip içini gepletdi.
30Perişde oňa şeýle diýdi: «Gorkma, Merem, sen Hudaýdan merhemet tapdyň.
31Ine, sen göwreli bolup, bir ogul dograrsyň. Onuň adyna Isa dakarsyň.
32Ol uly bolar, Oňa hemmelerden beýik Hudaýyň Ogly diýler. Reb Hudaý Oňa atasy Dawudyň tagtyny berer.
33Ol Ýakubyň öýüne ebedi patyşalyk eder, patyşalygynyň soňy bolmaz».
34Merem perişdä: «Bu nähili bolar? Men heniz durmuşa çykamok» diýdi.
35Perişde oňa şeýle jogap berdi: «Mukaddes Ruh seniň üstüňe iner, hemmelerden Beýigiň gudraty seniň üstüňe kölege salar. Şonuň üçin hem doguljaga Mukaddese Hudaýyň Ogly diýler.
36Ine, seniň garyndaşyň Elizabetiň hem garrylygynda göwresinde oglany bar. Önelgesiz diýilýäniň eýýäm altynjy aýy.
37Çünki Hudaýyň ýanynda bolmajak zat ýokdur».
38Merem: «Ine, men Rebbiň gyrnagy. Maňa seniň aýdyşyň ýaly bolsun» diýdi. Perişde onuň ýanyndan gitdi.
39Merem şol günlerde turup, gyssanmaç daglyga, Ýahuda ülkesiniň bir şäherine gitdi.
40Ol Zekerýanyň öýüne baryp, Elizabete salam berdi.
41Elizabet Meremiň salamyny eşidende, göwresindäki çaga gymyldap, Elizabet Mukaddes Ruh bilen doldy.
42Ol batly gygyryp, şeýle diýdi: «Sen aýallar içinde bagtlysyň, seniň göwräňiň miwesi-de bagtlydyr!
43Bu nähili boldy-da, Rebbimiň enesi meniň ýanyma geldi.
44Ine, salamyň gulagyma gelip ýeten badyna, göwrämdäki çaga begençden gymyldady.
45Iman getiren aýal bagtlydyr! Çünki Reb tarapyndan oňa aýdylanlar ýerine ýeter».
46Merem şeýle diýdi: «Janym Rebbi öwgi bilen beýgeldýär,
47Halasgärim Hudaýa ruhum şatlanýar.
48Çünki Ol Öz gyrnagynyň ejizligini gördi. Mundan beýläk bütin nesiller maňa bagtly diýer.
49Çünki Gudratygüýçli maňa uly işler etdi. Onuň ady mukaddesdir.
50Onuň rehimi nesilden-nesle Özünden gorkýanlaryň üstündedir.
51Ol goly bilen güýçli işler etdi, öz ýürek pikirleri bilen magtanýanlary dargatdy.
52Güýçlüleri tagtlaryndan düşürip, ejizleri galdyrdy.
53Açlary nygmatlar bilen doýrup, baýlary boş gaýtardy.
54Atalarymyza beren sözi boýunça, Ybraýym bilen onuň nesline mydamalyk rehim etmegi unutman, guly Ysraýyla ýardam etdi».
56Merem Elizabetiň öýünde üç aýa golaý bolup, soň öýüne gaýtdy.
57Elizabetiň güni-sagady dolup, bir ogul dogurdy.
58Goňşulary hem-de dogan-garyndaşlary Rebbiň oňa uly rehimdarlyk edenini eşidip, onuň bilen bile şatlandylar.
59Sekizinji güni oglany sünnetlemäge gelenlerinde, onuň adyna kakasynyň ady ýaly Zekerýa dakjak boldular.
60Ýöne ejesi garşy bolup: «Ýok, onuň ady Ýahýa bolmalydyr» diýdi.
61Oňa: «Seniň garyndaşlaryňyň arasynda Ýahýa atly adam ýok» diýdiler.
62Olar oglanyň kakasyna üm bilen düşündirip, onuň näme at dakmakçydygyny soradylar.
63Ol hem bir kiçiräk tagta isläp, «Ady Ýahýadyr» diýip ýazdy. Hemmeler haýran galdylar.
64Şol bada Zekerýanyň dili açylyp, Hudaýa öwgi aýdyp, geplemäge başlady.
65Bütin goňşular gorkdular. Ýahuda daglygynyň ähli ýerinde bütin bu wakalaryň gürrüňi edildi.
66Muny eşidenleriň bary bu zatlary ýüreklerinde saklap: «Bu çaga näme bolarka?» diýişýärdiler. Çünki Rebbiň eli onuň bilendi.
67Oglanyň kakasy Zekerýa Mukaddes Ruh bilen dolup, welilik edip diýdi:
68Ysraýylyň Hudaýy Reb mübärek bolsun! Ol Öz halkyny idemäge geldi, oňa gutulyş gazandyrdy.
69Ol gadymdan Öz mukaddes pygamberleriniň agzy bilen aýdyşy ýaly, bize bendesi Dawudyň neslinden bir güýçli Halasgär çykaryp, duşmanlarymyzdan, bizi ýigrenýänleriň ählisiniň elinden gutular ýaly etdi.
72Ol muny atalarymyza rehim etjek, Öz mukaddes ähtini,
73biziň atamyz Ybraýyma eden kasamyny ýatlajak bolup etdi.
74Ol bizi duşmanlarymyzyň elinden halas edip,
75takwalyk hem dogrulyk bilen, öňünde ömürboýy Özüne ybadat etmäge bize mümkinçilik berjekdigini aýdypdy.
76Eý çaga, sen hem hemmelerden beýik Hudaýyň pygamberi diýen ady alarsyň!
77Çünki sen Onuň ýollaryny taýýarlamak, Onuň halkyna günäleriniň ötülmegi bilen gutuljakdyklaryny bildirmek üçin, Rebbiň öňünden ýörärsiň.
78Sebäbi Hudaýymyz ýüreginiň rehimliligine görä, garaňkyda, ölüm kölegesinde oturanlara yşyk bermek üçin,
79aýaklarymyzy parahatlyk ýoluna gönükdirmek üçin, dogan Gün kimin ýokarlardan bizi idemäge geler».
80Oglan bolsa ulalyp, ruhy güýçlenýärdi. Ol Ysraýyla görünmeli günlerine çenli çöllerde boldy.