Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
20 verses
1Sabat güni geçenden soň, magdalaly Merem, Ýakubyň ejesi Merem we Salome dagylar gidip, Isanyň meýidini ýaglamak üçin, ýakymly ysly ýaglar satyn aldylar.
2Hepdäniň ilkinji güni daň bilen, Gün doganda, mazaryň başyna geldiler.
3Olar biri-birlerine: «Daşy mazaryň agzyndan bize kim aýryp bererkä?» diýişýärdiler.
4Gabaklaryny galdyranlarynda, daşyň bir çete togalanandygyny gördüler. Daş gaty uludy.
5Mazara girenlerinde bolsa, sag tarapda ak don geýnip oturan bir ýaş ýigidi görüp geňirgenişdiler.
6Ol olara şeýle diýdi: «Geňirgenişmäň! Siz haça çüýlenen nasyraly Isany gözleýärsiňiz. Ol direldi. Ol bu ýerde däl. Ine, Onuň jaýlanan ýeri.
7Ýöne baryň-da, Onuň şägirtlerine, Petrusa: „Ol sizden öň Jelilä barýar, Özüniň size aýdyşy ýaly, Ony şol ýerde görersiňiz" diýiň».
8Olar mazardan çykyp gaçdylar. Olara sandyrama hem aljyraňňylyk aralaşypdy, hiç kime-de hiç zat aýtmadylar, çünki gorkýardylar.
9Isa hepdäniň ilkinji güni ir bilen direlip, ilki magdalaly Mereme göründi. Isa onuň içinden ýedi jyny kowup çykarypdy.
10Ol hem muny Isa bilen bile bolanlara habar berdi. Olar ýas tutup, aglaşyp otyrdylar.
11Isanyň diridigini, Mereme görnendigini eşidenlerinde, Olar ynanmadylar.
12Şondan soň Isa olaryň ikisi oba barýarka, başga keşpde göründi.
13Olar-da yzlaryna öwrülip, beýlekilere habar berdiler, ýöne bulara-da ynanmadylar.
14Soňra Isa saçak başynda oturan Onbirleriň özlerine görnüp, imansyzdyklary, ýürekleriniň gatydygy üçin olary ýazgardy. Çünki olar Onuň direlendigini görenlere ynanmandylar.
15Olara şeýle diýdi: «Bütin dünýä aýlanyň-da, Hoş Habary hemme adamlara wagyz ediň.
16Kim iman edip çokundyrylsa, halas bolar, ýöne iman etmedige höküm ediler.
17Şu alamatlar iman edýänleriň hemrasy bolar: Meniň adym bilen jynlary kowup çykararlar, täze dillerde geplärler.
18Ýylanlary tutarlar, öldürýän zäher içseler-de, olara zyýan ýetmez. Syrkawlaryň üstüne ellerini goýarlar, olar hem sagalar».
19Reb olara gürrüň bereninden soň, Göge alyndy we Hudaýyň sagynda oturdy.
20Olar-da çykyp, hemme ýerde wagyz edýärdiler, Reb hem olar bilen işläp, olara hemralyk edýän alamatlar arkaly Öz sözüni tassyklaýardy. Omyn.