Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
47 verses
1Ertir irden baş ruhanylar, ýaşulular, kanunçylar we bütin mejlis maslahat geçirip, Isany daňyp, Pilatusa eltip tabşyrdylar.
2Pilatus Ondan: «Sen ýehudylaryň patyşasymy?» diýip sorady. Ol jogap berdi: «Seniň aýdyşyň ýalydyr» diýip jogap berdi.
3Baş ruhanylar Ony köp zatlarda aýypladylar.
4Pilatus ýene-de Oňa: «Sen hiç hili jogap berjek dälmi? Gör, näçe zatlarda Seni aýyplaýarlar» diýdi.
5Emma Isa başga hiç hili jogap bermedi. Pilatus geň galdy.
6Pilatus her Pesah baýramynda halkyň dilän tussagyny boşadardy.
7Pitnede adam öldüren gozgalaňçylar bilen bile tussaga salnan Barabbas atly biri bardy.
8Halk Pilatusdan hemişeki edýän zadyny özleri üçin ýerine ýetirmegini gygyryşyp haýyş etdi.
9Pilatus bolsa olara: «Ýehudylaryň patyşasyny boşatmagymy isleýärsiňizmi?» diýdi.
10Çünki ol baş ruhanylaryň Ony göriplikden tabşyrandyklaryny bilýärdi.
11Emma Munuň ýerine Barabbasy boşatmagyny talap ediň diýip, baş ruhanylar halky dürtgülediler.
12Pilatus ýene olara: «Onda, men siziň ýehudylaryň patyşasy diýýän Adamyňyzy näme edeýin?» diýdi.
13Olar bolsa: «Ony haça çüýle!» diýip, ýene gygyryşdylar.
14Pilatus olara: «Ol näme ýaman iş etdi?» diýdi. Emma Olar: «Ony haça çüýle!» diýip, has beter gygyryşdylar.
15Şonda Pilatus halky kanagatlandyrma kararyna gelip, Barabbasy boşatdy, Isany bolsa gamçyladyp, haça çüýlemäge berdi.
16Esgerler Ony Pretorium diýen hökümet köşgüne eltip, bütin goşun bölümlerini çagyrdylar.
17Onuň egnine gyrmyzy don, başyna hem tikenden täç geýdirdiler.
18«Salam, eý, ýehudylaryň patyşasy» diýip, Oňa salam beren boldular.
19Başyna taýak bilen urdular, üstüne tüýkürdiler, öňünde dyza çöküp, Oňa sežde eden boldular.
20Ony masgaralanlaryndan soň, gyrmyzy dony egninden çykardylar-da, Öz egin-eşigini geýdirip, haça çüýlemäge äkitdiler.
21Isgender bilen Rufusyň kakasy kireneli Simun meýdandan gelşine, şol ýerden geçip barýardy. Ony Isanyň haçyny götermäge mejbur etdiler.
22Isany Golgata, ýagny «Kelleçanak» diýen ýere eltdiler.
23Oňa mür gatylan şerap berdiler, ýöne Ol almady.
24Ony haça çüýlediler, kim näme alarka diýip bije atyşyp, Onuň egin-eşigini özara paýlaşdylar.
25Ony haça çüýlänlerinde günortan bolmaga üç sagat wagt galypdy.
26Depesindäki etmiş ýazgysynda bolsa: «ÝeHUDYLARYŇ PATYŞASY» diýip ýazylgydy.
27Isa bilen bile iki garakçyny haça çüýlediler, olaryň biri Onuň sag tarapynda, biri-de çep tarapyndady.
28Şeýlelik bilen, «ol şer iş edýänlerden saýyldy» diýen Ýazgy berjaý boldy.
29Geçip barýanlar başlaryny ýaýkap, Oňa sögüp: «Päheý-de welin, ybadathanany ýykyp-da, üç günde saljak Sen,
30haçdan aşak in-de, Özüňi halas et!» diýişýärdiler.
31Şonuň ýaly, baş ruhanylar bilen kanunçylar-da Isany masgaralap, biri-birlerine: «Özgeleri halas etdi, ýöne Özüni halas edip bilmeýär.
32Biz görüp iman eder ýaly, Ysraýylyň Patyşasy Mesih häzir haçdan aşak insin» diýişýärdiler. Onuň bilen bile haça çüýlenenler-de Oňa sögýärdiler.
33Günortan bütin ýurda garaňky düşüp, üç sagatlap dowam etdi.
34Öýlän sagat üçde Isa gaty ses bilen gygyryp: «Elohi, Elohi! Lama sabaktani?» ýagny: «Hudaýym, Hudaýym! Näme üçin Meni terk etdiň?» diýdi.
35Ol ýerde duranlaryň käbiri muny eşidenlerinde: «Ine, Ylýasy çagyrýar» diýişdiler.
36Biri ylgap, bir gubkany sirkeden dolduryp, gamşyň başyna dakdy-da, içirjek bolup, Isa uzadyp: «Duruň göreliň, Ylýas Ony aşak indermäge gelermikä?» diýdi.
37Emma Isa gaty gygyryp jan berdi.
38Ybadathananyň tutusy ýokardan aşaklygyna ýyrtylyp, ikä bölündi.
39Isanyň garşysynda duran ýüzbaşy Onuň şeýle gygyryp jan berenini görende: «Bu Adam, dogrudan hem, Hudaýyň Ogly eken» diýdi.
40Ol ýerde uzakdan seredişip duran aýallar hem bardy. Hem magdalaly Merem hem-de kiçi Ýakupdyr Iosesiň ejesi Merem we Salome olaryň arasyndady.
41Bular Isa Jeliledekä yzyna düşüp, Oňa hyzmat edýärdiler. Ol ýerde Onuň bilen bile Iýerusalime gelen başga köp aýallar hem bardy.
42Agşam düşende, Taýýarlyk güni, ýagny Sabatdan bir gün öň bolany üçin,
43Mejlisiň sylanýan agzasy, Hudaýyň Patyşalygyna garaşyp ýören arimatiýaly Ýusup Pilatusyň ýanyna barmaga batyrlyk edip, ondan Isanyň jesedini diledi.
44Pilatus Onuň eýýäm ölenine geň galdy, ýüzbaşyny çagyryp: «Ölenine köp wagt boldumy?» diýip sorady.
45Muny ýüzbaşydan bilensoň, jesedi Ýusuba berdi.
46Ol hem kepen mata satyn aldy, jesedi aşak inderip, kepene dolady-da, gaýada oýulan bir mazarda jaýlap, mazaryň agzyna hem bir daş togalady.
47Magdalaly Merem bilen Iosesiň ejesi Merem Onuň nirede jaýlananyny gördüler.