Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
72 verses
1Pesaha ― Petir baýramyna iki gün galypdy. Baş ruhanylar, kanunçylar Isany hile bilen tutup öldürmegiň ýoluny agtarýardylar.
2Ýöne welin biri-birlerine: «Baýram günlerinde däl, halk galmagal turzaýmasyn» diýişýärdiler.
3Isa Beýtaniýada heýwere keselli Simunyň öýünde saçak başynda otyrka, bir aýal içi gymmatbaha sap-arassa nard ýagly ak mermer gap bilen gelip, gaby döwdi-de, ýagy Onuň depesinden guýdy.
4Käbirleri gaharlanyp, biri-birlerine: «Näme üçin bu ýag beýle isrip edildi?
5Bu ýagy üç ýüz dinardan ýokara satyp, garyplara-da paýlap bolardy» diýşip, aýala igendiler.
6Emma Isa şeýle diýdi: «Oňa degmäň, näme üçin ony ynjydýarsyňyz? Ol Maňa ýagşylyk etdi.
7Çünki garyplar hemişe siziň ýanyňyzda, olara halan mahalyňyz ýagşylyk edip bilýärsiňiz, ýöne Men hemişe ýanyňyzda bolmaryn.
8Ol elde baryny etdi, jaýlanmagyma taýýarlyk hökmünde bedenimi öňünden ýaglady.
9Size dogrusyny aýdýaryn, Hoş Habar bütin dünýäniň niresinde wagyz edilse, bu aýalyň edeni-de ony ýatlamak üçin aýdylar».
10Onsoň Onkileriň biri bolan Iuda Iskariot Isa dönüklik etmek üçin, baş ruhanylaryň ýanyna bardy.
11Olar hem muny eşidip begenişdiler, oňa pul bermäge söz berdiler. Ol-da Isany olara tabşyrmak üçin amatly pursat peýläp gezdi.
12Pesah gurbanynyň kesilýän wagty bolan Petir baýramynyň ilkinji güni şägirtleri Isa: «Pesah gurbanlygyny iýmegiň üçin, nirä baryp taýýarlyk görmegimizi isleýärsiň?» diýdiler.
13Isa şägirtleriniň ikisini ýollap, olara şeýle diýdi: «Şähere baryň, küýze bilen suw alyp barýan bir adama sataşarsyňyz, şonuň yzyna düşüp gidiň.
14Ol baryp nirä girse, şol öýüň eýesine: „Mugallym: 'Şägirtlerim bilen Pesah baýramyny geçirer ýaly, Meniň myhman otagym nirede?' diýip soraýar" diýiň.
15Ol hem ýokarky mertebede düşek düşelgi, taýýar giň bir otagy görkezer, şol ýerde bize taýýarlyk görüň».
16Şägirtler ýola düşüp, şähere geldiler, ähli zady Isanyň özlerine aýdyşy ýaly, tapyp, Pesahy taýýarladylar.
17Agşam düşende, Isa Onkiler bilen bilelikde geldi.
18Saçak başynda nahar iýip otyrkalar, Isa: «Size dogrusyny aýdýaryn: siziň biriňiz ― Meniň bilen nahar iýip oturan biri Maňa haýynlyk eder» diýdi.
19Olar hem tukatlanyp, yzly-yzyna Oňa: «Menmi?» diýmäge başladylar.
20Isa olara şeýle diýdi: «Onkilerden biri ― Meniň bilen tabaga çörek batyryp oturanyň biri.
21Çünki Ynsan Ogly Özi hakda ýazylyşy ýaly barýar, ýöne Ynsan Ogluna haýynlyk edeniň gününe waý! Ol adam eneden dogulmadyk bolsa, onuň üçin has oňat bolardy».
22Nahar iýip otyrkalar, Isa çörek alyp, şükür etdi-de, ony döwüp şägirtlere berdi we: «Alyň, bu Meniň bedenimdir» diýdi.
23Onsoň bir käse alyp, şükür edeninden soň, olara berdi, hemmesi ondan içdiler.
24Soňra Isa olara şeýle diýdi: «Bu Meniň ganym, Täze ähtiň köp adamlar üçin dökülen ganydyr.
25Size dogrusyny aýdýaryn, Hudaýyň Patyşalygynda täzesini içjek günüme deňeç, üzüm şiresini gaýtadan içmerin».
26Olar bir öwgüli aýdym aýdyp bolanlaryndan soň, Zeýtun dagyna çykdylar.
27Isa olara şeýle diýdi: «Siziň hemmäňiz Menden ýüz dönderersiňiz, çünki: „Çopany uraryn, goýunlar dagar" diýip ýazylgydyr.
28Emma Men ölümden direlenimden soň, sizden öň Jelilä bararyn».
29Petrus Oňa: «Hemmeler Senden ýüz dönderse-de, men döndermerin» diýdi.
30Isa-da oňa: «Saňa dogrusyny aýdýaryn: şu gün, şu gije horaz iki gezek gygyrmazyndan öň, sen Meni üç gezek inkär edersiň» diýdi.
31Emma Petrus janygyp: «Men Seniň bilen ölmeli bolsam-da, Seni asla inkär etmerin» diýdi. Hemmesi-de şeýle diýdiler.
32Olar Getsemani diýen bir ýere geldiler. Isa şägirtlerine: «Men doga edip bolýançam, siz şu ýerde oturyň» diýdi.
33Petrusy, Ýakuby we Ýahýany Özi bilen äkitdi, uly galagopluga düşüp, gaýgylanmaga başlady.
34Olara: «Meniň janym öler ýaly tukat, siz şu ýerde galyň-da, oýa boluň» diýdi.
35Isa biraz öňe gidip, ýere ýykylyp: «Mümkin bolsa, şu sagat Menden geçsin» diýip doga etdi.
36Ol: «Abba, Ata, Seniň üçin hemme zat mümkin. Bu käsäni Menden geçir, ýöne Meniň islegim däl, Seniň islegiň bolsun» diýdi.
37Gaýdyp gelse, şägirtleri uklap ýatan eken. Petrusa şeýle diýdi: «Uklap ýatyrsyňmy? Bir sagat-da oýa bolup bilmediňmi?
38Synaga düşmez ýaly, oýa boluň, doga ediň. Ruh islegli, ý��ne beden ejizdir».
39Isa ýene gidip, şol öňki sözleri aýdyp doga etdi.
40Ýene gelende, şägirtleri uklap ýatan eken, çünki olaryň gözleri gaty ýumlup gelýärdi. Oňa näme diýjeklerini bilmediler.
41Üçünji gezek gelip, olara şeýle diýdi: «Siz entek-de uklap ýatyrsyňyzmy? Dynjyňyzy alýarsyňyzmy? Bu ýeterlik, sagat geldi, Ynsan Ogly günäkärleriň eline berilýär.
42Turuň, gideliň, ine, Maňa haýynlyk eden golaýlady».
43Edil şol pursatda, Isa entek gepläp durka, Onkileriň biri bolan Iuda we onuň bilen bilelikde baş ruhanylardan, kanunçylar we ýaşulular tarapyndan gylyçly, taýakly bir märeke geldi.
44Oňa haýynlyk eden Iuda olara: «Men kimi öpsem, Şoldur. Ony tutuň-da, seresap alyp gidiň» diýip gepleşipdi.
45Ol gelip, derrew Isanyň ýanyna bardy-da: «Mugallym» diýip, Ony öpdi.
46Olar hem el urup, Ony tutdular.
47Ýanynda duranlaryň biri gylyjyny syrdy, baş ruhanynyň hyzmatkärini urup, onuň gulagyny kesdi.
48Isa olara şeýle diýdi: «Bir talaňçynyň garşysyna çykýan ýaly, Meni tutmak üçin gylyç hem taýak bilen geldiňizmi?
49Her gün ybadathanada, siz bilen bile bolup sapak berenimde, Meni tutmandyňyz. Ýöne, goý, Mukaddes Ýazgylar berjaý bolsun».
50Şägirtleriniň bary Ony taşlap, gaçyp gitdiler.
51Ýalaňaç bedenini diňe bir kendir mata bilen bürän bir ýaş ýigit Onuň yzyna düşdi, ony hem tutdular.
52Emma ol kendir matany taşlap, ýalaňaç halda olardan gaçyp gitdi.
53Isany baş ruhanynyň ýanyna getirdiler. Hemme baş ruhanylar, ýaşulular we kanunçylar ýygnanypdylar.
54Petrus baş ruhanynyň howlusyna çenli gara görnümden Isanyň yzyna düşüp gitdi, baryp hem hyzmatkärler bilen bile oda çoýunyp oturdy.
55Baş ruhanylar we bütin mejlis Isa ölüm jezasyny bermek üçin, Oňa garşy güwäler agtardylar, ýöne tapyp bilmediler.
56Köpler Oňa garşy ýalan güwälik berseler-de, olaryň güwälikleri bir çykmady.
57Käbirleri turup, Oňa garşy ýalan güwälik berip, şeýle diýdiler:
58«Biz Onuň: „Men el bilen salnan şu ybadathanany ýykyp, üç günüň içinde, el bilen salynmadyk başga bir ybadathana salaryn" diýenini eşitdik».
59Barybir, olaryň güwälikleri bir çykmady.
60Baş ruhany mejlisiň ortasynda ýokaryk galyp, Isa sorag berip, şeýle diýdi: «Sen asla jogap berjek dälmi? Bu adamlaryň Saňa garşy berýän güwäligi näme?»
61Ol dymdy, hiç bir jogap bermedi. Baş ruhany ýene Ondan: «Mübärek Hudaýyň Ogly Mesih Senmi?» diýip sorady.
62Isa: «Mendirin, siz Ynsan Oglunyň gudratly Hudaýyň sagynda oturanyny, Gögüň bulutlary bilen gelýänini görersiňiz!» diýdi.
63Baş ruhany şonda öz egin-eşigini ýyrtyp: «Bize başga güwä nämä gerek?
64Onuň Hudaýa dil ýetirenini özüňiz eşitdiňiz. Näme diýýärsiňiz?» diýdi. Olaryň hemmesi höküm edip, Ony ölüme laýyk bildiler.
65Käbirleri hem Onuň üstüne tüýkürip başladylar, ýüzüni örtüp, Ony ýumruklap: «Welilik et!» diýişýärdiler. Hyzmatkärler-de Oňa şapbat urýardylar.
66Petrus howluda aşakda durka, baş ruhanynyň kenizlerinden biri geldi.
67Çoýunyp oturan Petrusy görende, oňa seredip: «Sen-de şo-o-l Nasyradan dörän Isa bilen bilediň» diýdi.
68Emma ol muny inkär edip: «Men seniň näme diýýäniňi ne bilýärin, ne-de oňa düşünýärin» diýip, daşaryk, howlynyň öň tarapyna gitdi. Şol wagt hem horaz gygyrdy.
69Ony gören keniz ol ýerde duranlara ýene-de: «Bu şolardan» diýip başlady.
70Emma ol muny ýene-de inkär etdi. Az salymdan soň, ol ýerde duranlar Petrusa ýene-de: «Dogrudan-da, sen hem şolardan, çünki sen jelileli, gepleýşiňden bildirip dur» diýdiler.
71Emma ol: «Men siziň aýdýan bu Adamyňyzy tanamaýaryn» diýip, ant içip, awy ýalamaga durdy.
72Edil şol wagt horaz ikinji gezek gygyrdy. Petrus Isanyň özüne: «Horaz iki gezek gygyrmazyndan öň, sen Meni üç gezek inkär edersiň» diýen sözüni ýatlady-da, möňňürip aglady.