Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
37 verses
1Isa ybadathanadan çykanda, şägirtleriniň biri Oňa: «Mugallym! Gör, ne ajap daşlar, ne ajap jaýlar!» diýdi.
2Isa oňa: «Bu uly jaýlary görýäňmi? Bu ýerde daş üstünde daş galmaz, hemmesi dargar» diýdi.
3Ol Zeýtun dagynda ybadathananyň garşysynda otyrka, Petrus, Ýakup, Ýahýa we Andreas dagy ýekelikde Ondan:
4«Bize aýt, bu zatlar haçan bolar? Bularyň ählisiniň ýerine ýetjek mahaly näme alamat peýda bolar?» diýip soradylar.
5Isa-da olara gürrüň bermäge durdy: «Habardar boluň, sizi aldaýmasynlar!
6Köpler Meniň adym bilen gelip: „Men ― Ol" diýer. Olar köp adamy aldarlar.
7Uruş seslerini, uruş turanlygy barada habar eşideňizde gorkmaň. Bular bolmalydyr, ýöne entek dünýäniň soňy däldir.
8Çünki millet-millete, patyşalyk-patyşalyga garşy çykar. Aýry-aýry ýerlerde ýer titremeler, açlyklar we belalar ýüze çykar. Bu wakalar burgularyň başlangyjydyr.
9Emma siz özüňize habardar boluň! Sebäbi sizi mejlislere tabşyrarlar, sinagogalarda ýenjerler. Olara güwälik üçin Men sebäpli sizi hökümdarlaryň, patyşalaryň alnynda durzarlar.
10Öňürti Hoş Habar bütin milletlere wagyz edilmelidir.
11Sizi suda tabşyrjak bolup alyp barýarkalar, näme diýjegiňizi öňünden gaýgy etmäň, şol sagatda size näme berilse, şony diýiň. Çünki gepleýän siz däl-de, Mukaddes Ruhdur.
12Dogan ― dogany, ata ― çagasyny ölüme tabşyrar. Çagalar hem ata-enelerine garşy bolup, olary öldürderler.
13Meniň adym üçin hemmeler sizi ýigrener, ýöne soňuna çenli çydan halas bolar.
14Weýrançylyk getirýän, Daniýel pygamberiň aýdan ýigrenjisiniň bolmaly däl ýerinde duranyny göreniňizde, (okyjy düşünsin) Ýahudadakylar daglara gaçsyn.
15Öýüň üçegindäki aşak inip, bir zat almak üçin, içerik girmesin.
16Ekin meýdanyndaky donuny almak üçin, yzyna öwrülmesin.
17Ol günlerde göwreli, çaga emdirýän aýallaryň gününe waý!
18Siz bu waka gyşda bolmasyn diýip doga ediň.
19Çünki ol günlerde şeýle bir muşakgat bolar welin, beýle muşakgat Hudaýyň bar eden ýaradylyşynyň başyndan tä şu wagta çenli ne bolandyr, ne-de bolar.
20Reb ol günleri gysgaltmadyk bolsady, onda hiç kim halas bolmazdy. Emma Ol saýlan saýlantgylarynyň hatyrasyna ol günleri gysgaltdy.
21Şonda biri size: „Ine, Mesih şu ýerde" ýa „Ine, ol ýerde" diýse, ynanmaň.
22Çünki ýalan mesihler, ýalan pygamberler döräp, mümkin boldugyça saýlananlary-da azdyrjak bolup, alamatlar, mugjyzalar görkezer.
23Ägä boluň. Men hemme zady size öňünden aýtdym».
24Şol günlerde ol muşakgatdan soň, Gün garalar, Aý yşygyny bermez.
25Ýyldyzlar Gökden gaçar, Gökdäki güýçler titreşer.
26Şonda Ynsan Oglunyň bulutlar içinde uly gudrat hem şöhrat bilen gelýänini görerler.
27Şonda Ol perişdelerini ýollap, Öz saýlanlaryny dört tarapdan Ýeriň ujundan tä Gögüň ujuna çenli ýygnar».
28Injir agajyndan sapak alyň: onuň şahalary ýumşap, ýaprak çykaran mahaly tomsuň golaýdygyny bilýärsiňiz.
29Şonuň ýaly-da, bu zatlaryň bolýanyny göreniňizde, Ynsan Oglunyň golaýdygyny, gapynyň agzyndadygyny biliň.
30Size dogrusyny aýdýaryn, bütin bu zatlar bolýança, bu nesil dünýäden ötmez.
31Gök hem ýer öter, ýöne Meniň sözlerim ötmez».
32Emma ol güni hem ol sagady hiç kim bilýän däldir, ne Gökdäki perişdeler, ne-de Ogul, diňe Ata bilýändir.
33Ägä, oýa boluň, doga ediň! Çünki siz ol wagtyň haçandygyny bilmeýärsiňiz.
34Bu uzak ýola çykan adam kimindir. Ol öýünden aýrylyp barýarka, hyzmatkärlerine ygtyýar, her haýsyna-da öz işini berip, gapynyň garawulyna-da oýa bolmagy tabşyrýandyr.
35Şeýlelikde, oýa boluň, çünki siz öý eýesiniň agşammy, ýary gijemi, horaz gygyrandamy, ertir irdenmi ― haçan geljegini bilmeýärsiňiz.
36Ol birden gelip-de, ukuda üstüňizi basaýmasyn.
37Size aýdýanlarymy hemmelere aýdýaryn: oýa boluň!»