Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
44 verses
1Isa olara tymsallar bilen gürrüň bermäge durdy: «Bir adam üzüm agaçlaryny oturdyp, daşyna haýat aýlaýar. Üzümi sykmak üçin bir çukur gazýar, bir-de diň salyp, üzümligi bagbanlara ekerine berýär-de, uzak ýola gidýär.
2Möwsümi gelende, üzümligiň miwesinden alyp gel diýip, bir hyzmatkärini bagbanlara iberýär.
3Emma olar ony tutup ýenjip, boş kowup goýberýärler.
4Üzümligiň eýesi ýene başga bir hyzmatkärini iberýär. Olar onuň kellesini ýaryp, biabraý edýärler.
5Ýene birini iberýär, muny öldürýärler. Ýene köp hyzmatkärini iberýär. Bularyň-da käbirini ýenjip, käbirini hem öldürýärler.
6Üzümligiň eýesiniň ýene bir adamy bar eken, ol-da özüniň söýýän ýekeje ogly eken. „Oglumy sylarlar" diýip, iň soňy bagbanlara ogluny iberýär.
7Emma bagbanlar biri-birlerine: „Mirasdar şu, geliň, şuny öldüreliň, miras bize galar" diýişýärler.
8Ony tutup öldürýärler-de, üzümlikden daşaryk taşlaýarlar.
9Indi üzümligiň eýesi näme eder? Ol gelip, bu bagbanlary heläk eder-de, üzümligi başgalaryna berer.
10Siz bu Ýazgyny okamadyňyzmy? „Ussalaryň ret eden daşy, burçuň başy boldy.
11Bu Rebbiň edenidi, biziň gözümize bir täsinlik"».
12Ony tutjak boldular, çünki bu tymsaly özlerine kakdyryp aýdanyny aňdylar. Ýöne halkdan gorkup, Ony taşlap gitdiler.
13Isany gepde tutjak bolup, fariseýleriň, hirodesçileriň birnäçesini Onuň ýanyna iberdiler.
14Olar hem gelip, Oňa şeýle diýdiler: «Mugallym! Biz Seniň dogruçyldygyňy, hiç kime ýaranjak bolmaýandygyňy bilýäris, çünki Sen adamlaryň derejesine bakman, Hudaýyň ýoluny hakykat ýüzünden öwredýärsiň. Kaýsara salgyt tölemek dogrumy ýa dälmi? Tölälimi ýa tölemälimi?»
15Isa olaryň ikiýüzlüligini bilip, şeýle diýdi: «Meni näme üçin synaýarsyňyz? Maňa bir dinar getiriň, göreýin».
16Olar hem getirdiler. Isa olara: «Bu surat bilen ýazgy kimiňki?» diýdi. Olar-da Oňa: «Kaýsaryňky» diýdiler.
17Isa olara: «Kaýsaryňkyny kaýsara, Hudaýyňkyny Hudaýa beriň» diýdi. Olar Oňa aňka-taňka boldular.
18Isanyň ýanyna ölümden direlme ýokdur diýýän saddukeýler gelip, Oňa şeýle sorag berdiler:
19Mugallym! Musa bize, bir adamyň dogany zürýatsyz ölüp, yzynda aýaly galsa, dogany onuň aýalyny alyp, doganyna nesil ýetişdirmelidir diýip ýazypdyr.
20Ýedi dogan bardy. Birinjisi bir aýal aldy, ýöne yzynda nesil galdyrman öldi.
21Ikinjisi şol aýaly aldy, ol hem yzynda nesil galdyrman öldi. Olaryň üçünjisi hem şeýle boldy.
22Ýedisi-de nesil galdyrmady. Olardan soň aýal hem öldi.
23Ölüleriň direlen mahaly, olar direlenlerinde, ol haýsysynyň aýaly bolar? Çünki ýedisi hem ony aýal edinipdiler».
24Isa olara şeýle jogap berdi: «Siz Mukaddes Ýazgylary we Hudaýyň gudratyny bilmän ýalňyşmaýarsyňyzmy?
25Çünki ölümden direlen mahallary olar öýlenmän, äre çykman, Gökdäki perişdeler ýaly bolarlar.
26Ölüleriň direlişine gelenimizde bolsa, Musanyň kitabynyň ýanan çaly baradaky babynda siz Hudaýyň oňa: „Men Ybraýymyň, Yshagyň, Ýakubyň Hudaýydyryn" diýip ýazanyny okamadyňyzmy?
27Ol ölüleriň däl, dirileriň Hudaýydyr; siz gaty ýalňyşýarsyňyz».
28Golaýa gelip, olaryň çekişmelerini eşiden kanunçylardan biri Isanyň olara gowy jogap berenini görüp, Ondan: «Haýsy tabşyryk ähli tabşyryklaryň birinjisidir?» diýip sorady.
29Isa şeýle jogap berdi: «Birinji tabşyryk şu: „Diňle, eý Ysraýyl! Hudaýymyz Reb ýalňyz Rebdir.
30Öz Hudaýyň Rebbi bütin ýüregiň, bütin janyň, bütin düşünjäň, bütin güýjüň bilen söý!"
31Ikinjisi şu: „Goňşyňy özüň ýaly söý!" Bulardan uly tabşyryk bolmaz».
32Kanunçy Oňa şeýle diýdi: «Eý, ýagşy Mugallym! Sen „Ol birdir, Ondan başgasy ýokdur" diýip, dogry aýtdyň.
33Ony bütin ýürek bilen, bütin düşünje bilen, bütin güýç bilen söýmeklik, goňşyňy özüň ýaly söýmeklik ýakylýan sowgatlaryň, kesilýän gurbanlaryň hemmesinden artykdyr».
34Isa onuň paýhasly jogap berenini görüp: «Sen Hudaýyň Patyşalygyndan uzak dälsiň» diýdi. Şondan soň Ondan bir zat soramaga hiç kim ýürek etmedi.
35Isa ybadathanada sapak berip otyrka, şeýle diýdi: «Kanunçylar nähili Mesih Dawudyň Ogludyr diýýärler?
36Dawudyň özi Mukaddes Ruhdan ylham alyp, şeýle diýipdir: „Reb Meniň Rebbime diýdi: Duşmanlaryňy aýaklaryň astynda basgançak edip goýýançam, Meniň sagymda otur".
37Dawudyň özi Oňa Reb diýýär. Ol nähili onuň ogly bolýar?» Uly märeke Ony hezil edip diňleýärdi.
38Isa öwredip diýýärdi: «Kanunçylardan ägä boluň! Olar uzyn geýimler geýnip gezmegi, bazar ýerinde salam almagy,
39sinagogalarda baş kürsüleri, zyýapatlarda töri halaýandyr.
40Olar dul hatynlaryň öýlerini talap, göz üçin uzyn-uzyn dogalar okan bolýandyrlar. Bular has agyr jeza sezewar bolarlar».
41Isa hazynanyň garşysynda hazyna pul atýan halky synlap otyrdy. Köp baý adamlar kän pul atdylar.
42Bir garyp dul hatyn gelip, hazyna iki lepta, ýagny bir kodrant atdy.
43Isa şägirtlerini ýanyna çagyryp, olara şeýle diýdi: «Size dogrusyny aýdýaryn, şu garyp dul hatyn hazyna pul atýanlaryň hemmesinden kän atdy.
44Çünki olaryň hemmesi özlerinden artany atdylar, ýöne bu hatyn garyplygyna garamazdan, bütin elde baryny, bütin çörek puluny atdy».