Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
52 verses
1Isa ol ýerden gidip, Ýahuda çäklerine, Iordan derýasynyň aňyrsyna bardy. Onuň daşyna ýene-de bir topar märeke ýygnanyşyp, Ol ýene-de adaty boýunça olara sapak bermäge durdy.
2Birnäçe fariseý gelip, Ony synamak üçin: «Bir adamyň aýalyny aýyrmagy dogrumydyr?» diýip sorady.
3«Musa size nähili tabşyryk beripdir?» diýip, Isa olaryň özlerinden sorady.
4Olar-da: «Musa talak hatyny ýazyp, aýyrmaga ygtyýar beripdir» diýdiler.
5Isa olara şeýle diýdi: «Musa bu tabşyrygy siziň doňýürekdiňiz zerarly ýazdy.
6Emma ýaradylyşyň başynda Hudaý olary „erkek we aýal edip ýaratdy".
7Şonuň üçin erkek adam ata-enesini terk edip, aýalyna goşular.
8Onsoň ikisi bir ten bolar". Şunluk bilen, olar indi iki däl, bir tendir.
9Şeýlelikde, Hudaýyň goşanyny adam aýyrmasyn».
10Şägirtleri Oňa öýde bu barada ýene sorag berdiler.
11Isa olara: «Kim aýalyny aýryp, başga aýala öýlense, oňa garşy zyna edýändir.
12Aýal-da ärinden aýrylyp, başga erkege barsa, zyna edýändir» diýip jogap berdi.
13Olara elini degirsin diýip, çagalary Isanyň ýanyna getirdiler. Şägirtleri bolsa olary getirenlere käýediler.
14Isa muny görende, gaharlanyp, olara şeýle diýdi: «Degmäň, çagalar Meniň ýanyma gelsin, olary bökdemäň, çünki Hudaýyň Patyşalygy şular ýalylaryňkydyr.
15Size dogrusyny aýdýaryn, kim Hudaýyň Patyşalygyny bir çaga ýaly kabul etmese, ol ýere asla girip bilmez».
16Ol çagalary gujaklap, elini üstlerinde goýup, olara ak pata berdi.
17Isa ýola düşüp barýarka, bir adam ylgap geldi-de, öňünde dyza çöküp: «Eý, ýagşy Mugallym! Men ebedi ýaşaýşy miras alar ýaly näme etmeli?» diýip, Ondan sorady.
18Isa oňa şeýle jogap berdi: «Näme üçin Maňa ýagşy diýýärsiň? Bir Hudaýdan başga hiç kim ýagşy däldir.
19Sen tabşyryklary bilýänsiň: „Adam öldürme, zyna etme, ogrulyk etme, ýalan güwälik berme, hiç kimi talama, ataňy, eneňi syla"».
20Ýaňky adam Oňa: «Men ýaşlygymdan bäri bularyň baryny berjaý edip gelýärin» diýdi.
21Isa oňa söýgi bilen seredip: «Seniň bir zadyň kem, bar, nämäň bar bolsa sat-da, garyplara ber, Gökde hazynaň bolar. Onsoň gel-de, Meniň yzyma düş» diýdi.
22Bu sözlere ýaňky adamyň mazasy gaçyp, ol ýerden tukat bolup gitdi. Çünki onuň köp mal-mülki bardy.
23Isa töweregine seredip, şägirtlerine: «Barlylara Hudaýyň Patyşalygyna girmek nähili çetin!» diýdi.
24Şägirtler Onuň sözlerine geňirgenişdiler. Isa ýene olara şeýle diýdi: «Oglanlar, baýlyga bil baglaýanlara Hudaýyň Patyşalygyna girmek nähili çetin!
25Bir düýäniň iňňäniň gözünden geçmegi barly adamyň Hudaýyň Patyşalygyna girmeginden aňsatdyr».
26Şägirtler çakdanaşa geňirgenişip, biri-birlerine: «Onda, kim halas bolup biler?» diýişdiler.
27Isa olara seredip: «Ynsanlaryň muňa mümkinçiligi ýok, ýöne Hudaý üçin beýle däl ― Hudaý üçin ähli zat mümkin» diýdi.
28Petrus Oňa: «Ine, biz ähli zadymyzy taşlap, Seniň yzyňa düşdük» diýip başlady.
29Isa şeýle diýdi: «Size dogrusyny aýdýaryn, Meniň hatyram üçin, Hoş Habaryň hatyrasy üçin öýüni, doganlaryny, uýalaryny, enesini, atasyny, oglan-uşagyny ýa ýerlerini taşlap-da,
30şindi, bu zamanda çekjek azaplary bilen birlikde, ýüz esse edip öýler, doganlar, uýalar, eneler, atalar, oglan-uşaklar, ýerler we geljek döwürde ebedi ýaşaýyş almajak ýokdur.
31Ýöne köp ilkinjiler iň soňkular, iň soňkular hem ilkinjiler bolar».
32Olar ýola düşüp, Iýerusalime bakan barýardylar. Isa öňlerinden ýöräp barýardy. Şägirtler geňirgenişýärdi, yzyna düşüp barýanlar hem gorky içindediler. Ol ýene-de Onkileri bir çete çekdi-de, Özüne näme boljagy hakda gürrüň bermäge başlap,
33Şeýle diýdi: «Ine, Iýerusalime barýarys. Ynsan Ogly baş ruhanylara, kanunçylara tabşyrylar. Ony ölüme höküm edip, milletlere tabşyrarlar.
34Oňa gülerler, üstüne tüýkürerler, Ony gamçylap, öldürerler we üçünji günde Ol direler».
35Zebedeýiň ogullary Ýakup bilen Ýahýa Isanyň ýanyna baryp, Oňa: «Mugallym! Biz Senden näme dilesek, şony ýerine ýetirmegiňi isleýäris» diýdiler.
36«Siziň üçin näme etmegimi isleýärsiňiz?» diýip, Isa olardan sorady.
37Olar hem: «Öz şöhratyňda birimiziň sagyňda, birimiziň çepiňde oturmagymyza rugsat et» diýdiler.
38Emma Isa olara: «Siz näme dileýäniňizi bilmeýärsiňiz. Siz Meniň içjek käsämden i��ip bilersiňizmi? Ýa Meniň çokunyşym bilen çokunyp bilersiňizmi?» diýdi.
39Olar-da Oňa: «Muny edip bileris» diýdiler. Isa olara şeýle diýdi: «Siz Meniň içjek käsämden içersiňiz. Meniň çokunyşym bilen çokunarsyňyz.
40Ýöne size sagymda ýa çepimde oturmaga rugsat bermek Meniň elimde däl. Bu kimler üçin taýynlanan bolsa, şolar üçindir».
41Beýleki on şägirt muny eşidip, Ýakup bilen Ýahýa gaharlanmaga başladylar.
42Isa olary ýanyna çagyryp, şeýle diýdi: «Özüňiz bilýärsiňiz, milletleriň arasynda başlyk saýylýanlar olara agalyk edýär, ululary-da olara ygtyýar bilen baştutanlyk edýär.
43Siziň araňyzda beýle bolmasyn. Araňyzda kim uly bolmak isleýän bolsa, beýlekileriň hyzmatkäri bolsun.
44Araňyzda kim ilkinji bolmak isleýän bolsa, hemmäňiziň guly bolsun.
45Çünki Ynsan Ogly-da Özüne hyzmat edilmegi üçin däl, eýsem, hyzmat etmek üçin, köpleriň ugrunda janyny töleg hökmünde bermek üçin geldi».
46Onsoň Eriha geldiler. Isa şägirtleri we uly märeke bilen Erihadan çykyp barýarka, Timaý ogly Bartimaý atly bir kör ýoluň kenarynda dilegçilik edip otyrdy.
47Ol bu gelýäniň nasyraly Isadygyny eşidip: «Eý, Dawut Ogly Isa! Maňa rehim et!» diýip, gygyrmaga durdy.
48Köp adamlar sesini çykarmasyn diýip, oňa käýediler, emma ol öňküden hem gaty ses bilen: «Eý, Dawut Ogly! Maňa rehim et!» diýip gygyrdy.
49Isa aýak çekip: «Ony çagyryň» diýdi. Köri çagyryp oňa: «Batyr bol, tur, seni çagyrýar» diýdiler.
50Ol hem donuny taşlap turdy-da, Isanyň ýanyna geldi.
51Isa ondan: «Seniň üçin näme etmegimi isleýärsiň?» diýip sorady. Kör adam: «Ussat, gözüm görsün» diýdi.
52Isa hem oňa: «Bar, imanyň saňa şypa berdi» diýdi. Onuň gözleri derrew görüp, ýol bilen Isanyň yzyna düşüp gidiberdi.