Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
50 verses
1Ol olara şeýle diýdi: «Size dogrusyny aýdýaryn, bu ýerde duranlaryň arasynda Hudaýyň Patyşalygynyň gudrat bilen gelenini görmezden öň ölümi datmajak käbir adamlar bar».
2Isa alty günden soň Petrusy, Ýakuby we Ýahýany ýanyna alyp, aýratyn olary bir beýik dagyň üstüne çykardy. Şol ýerde olaryň gözleriniň alnynda Onuň görnüşi üýtgedi.
3Egin-eşigi ýaldyrap, şeýle bir agardy welin, ýer ýüzünde hiç bir ýuwujynyň ony beýle agardyp biljek gümany ýokdy.
4Olara Ylýas bilen Musa göründi. Olar Isa bilen gepleşip durdular.
5Petrus Isa: «Mugallym! Bize bu ýerde bolmak gowy, üç çadyr guraly: biri Saňa, biri Musa, biri Ylýasa» diýdi.
6Ol näme diýjegini bilmeýärdi, çünki gaty gorkupdylar.
7Bir bulut gelip, olara kölege saldy. Bulutdan: «Bu Meniň söýgüli oglum! Ony diňläň» diýen owaz geldi.
8Birden, töwereklerine seredenlerinde, ýanlarynda Isadan başga hiç kime gözleri düşmedi.
9Dagdan inip gelýärkäler, Isa olara Ynsan Ogly ölümden direlýänçä gören zatlaryny hiç kime aýtmazlygy buýurdy.
10Olar bu sözi ýüreklerinde saklap, Onuň näme diýmek isleýänini biri-birlerinden soraşýardylar.
11Olar Isadan: «Näme üçin kanunçylar öňürti Ylýas gelmelidir diýýärler?» diýip soradylar.
12Ol hem olara şeýle diýdi: «Dogrudan-da, Ylýas öňürti gelip, hemme zady düzeder, ýöne näme üçin Ynsan Oglunyň köp görgi görüp-de, ret edilmegi ýazylypdyr?
13Men size aýdýaryn: Ylýas geldi, ol hakda ýazylyşy ýaly, oňa halanlaryny etdiler».
14Beýleki şägirtleriň ýanlaryna gelenlerinde, olaryň daşyny alyp duran märekäni, olar bilen jedelleşip duran kanunçylary gördüler.
15Isany görende, märeke gaty geňirgendi, hemmeler derrew ylgaşyp gelip, Oňa salam berdiler.
16Isa olardan: «Bular bilen näme hakda jedelleşýärsiňiz?» diýip sorady.
17Märekäniň içinden biri Oňa şeýle jogap berdi: «Mugallym, Saňa oglumy getirdim, oňa bir dilsiz ruh ýolugypdyr.
18Ony tutan ýerinde ýere urýar. Oglan agzyny köpürjikledip, dişlerini gyjyrdadyp, gatap galýar. Seniň şägirtleriňden ruhy çykarmaklaryny haýyş etdim, ýöne olar başarmadylar».
19Isa olara: «Eý, imansyz nesil, Men haçana çenli siz bilen bile bolaýyn? Haçana çenli size çydaýyn? Oglany Meniň ýanyma getiriň» diýdi.
20Olar ony Isanyň ýanyna getirdiler. Ruh Isany gören badyna, oglany gaty silterledi. Oglan ýere ýykylyp, agzyny köpürjikledip, togalanmaga başlady.
21Isa oglanyň kakasyndan: «Munuň beýle bolanyna näçe wagt boldy?» diýip sorady. Kakasy: «Çagalygyndan bäri şeýle.
22Ruh ony heläklejek bolup, telim gezek oda, suwa atdy. Eliňden bir zat gelse, bize haýpyň gelsin, kömek et!» diýdi.
23Isa oňa: «Imanyň bar bolsa, iman edýän üçin hemme zat mümkindir!» diýdi.
24Şol bada oglanyň kakasy aglap gygyrdy: «Iman edýärin, imansyz bolmazlygym üçin maňa kömek et!»
25Isa märekäniň ylgaşyp gelýänini görüp: «Eý, güň hem lal ruh! Saňa buýurýaryn, oglandan çyk, oňa gaýdyp girme!» diýip, arwaha käýedi.
26Arwah-da gygyryp, oglany has beter silterläp, daşyna çykdy. Oglan ölene meňzeýärdi, şonuň üçin märekäniň köpüsi: «Ol öldi» diýişýärdi.
27Emma Isa onuň elinden tutup galdyrdy, ol hem ör turdy.
28Isa öýe girenden soň, şägirtleri öz-özlerikä Ondan: «Biz näme üçin ruhy çykaryp bilmedik?» diýip soradylar.
29Isa olara: «Bu hili ruhlary dogadan, orazadan başga hiç bir zat bilen çykaryp bolýan däldir» diýdi.
30Ol ýerden çykyp, Jeliläniň üstünden geçdiler. Isa muny hiç kimiň bilmegini islemeýärdi.
31Ol şägirtlerine sapak berýärkä şeýle diýipdi: «Ynsan Ogly ynsan eline berler, Ony öldürerler, ýöne öldürenlerinden üç gün soň Ol direler».
32Emma olar bu söze düşünmediler, soramaga-da çekindiler.
33Olar Kapernauma bardylar. Öýe girenden soň, Isa olardan: «Ýolda näme hakda jedelleşýärdiňiz?» diýip sorady.
34Emma olaryň hiç birinden ses çykmady. Çünki ýolda biri-birleri bilen kimiň uludygy hakda jedelleşýärdiler.
35Isa oturyp, Onkileri ýanyna çagyrdy. Olara: «Biri ilkinji bolmak isleýän bolsa, hemmäniň soňkusy, hemmäniň hyzmatkäri bolmalydyr» diýdi.
36Onsoň bir çagany alyp, olaryň ortasynda duruzdy-da, ony gujaklap, olara şeýle diýdi:
37«Kim şunuň ýaly çagalaryň birini Meniň adymdan kabul etse, Meni kabul etdigidir. Kim-de Meni kabul etse, Meni däl, Meni Ýollany kabul eder».
38Ýahýa Oňa şeýle diýdi: «Mugallym! Biz Seniň adyň bilen jynlary çykarýan, ýöne biziň yzymyza eýermeýän bir adamy görüp, ony bökdedik, çünki ol biziň yzymyza eýerenok».
39Isa oňa şeýle diýdi: «Ony bökdemäň! Çünki Meniň adym bilen mugjyza edip-de, derrew yzysüre Meni ýamanlap biljek adam ýokdur.
40Kim bize garşy bolmasa, biziň tarapdarymyzdyr.
41Size dogrusyny aýdýaryn, Mesihe baglydygyňyz üçin, kim Meniň adym bilen size bir käse suw berse, ol asla sylagsyz galmaz».
42Kim Maňa iman eden bu çagalardan biriniň günä etmegine sebäp bolsa, boýnundan uly degirmen daşy asylyp, deňze zyňylmak onuň üçin has gowy bolar.
43Eliň seniň günä etmegiňe sebäp bolsa, ony kes. Saňa çolak bolup ýaşaýşa gowuşmak, iki elli bolup sönmez oda, dowzaha gitmekden gowudyr.
44Ol ýerde olaryň gurdy ölýän däldir, ody sönýän däldir.
45Eger aýagyň seniň günä etmegiňe sebäp bolsa, ony kes. Saňa agsak bolup ýaşaýşa gowuşmak, iki aýakly bolup dowzaha, sönmez oda zyňylmakdan gowudyr.
46Ol ýerde olaryň gurdy ölýän däldir, ody sönýän däldir.
47Gözüň seniň günä etmegiňe sebäp bolsa, ony oýup çykar. Saňa ýeke gözli bolup Hudaýyň Patyşalygyna girmek, iki gözli bolup dowzaha zyňylmakdan gowudyr.
48Ol ýerde olaryň gurdy ölýän däldir, ody sönýän däldir.
49Çünki hemmeler ot bilen duzlanar, hemme gurbanlar duz bilen duzlanar.
50Duz gowy zatdyr, ýöne duz şorlugyny ýitirse, onda oňa näme bilen tagam berler? Içiňizde duz bolup, araňyzda parahatlyk bolsun».