Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
38 verses
1Şol günlerde ýene bir uly märeke ýygnanypdy. Iýmäge hiç bir zatlary bolmansoň, Isa şägirtlerini ýanyna çagyryp, olara şeýle diýdi:
2Bu märekä haýpym gelýär! Bular üç gün bäri Meniň ýanymda, iýmäge hem hiç bir zatlary ýok.
3Bulary öýlerine aç goýbersem, ýolda ysgyndan gaçarlar, çünki käbiri uzak ýerden gelipdir».
4Şägirtleri: «Bu çola ýerde bu adamlary doýrar ýaly çöregi nireden tapyp bolar?» diýip, Ondan soradylar.
5Isa: «Näçe çöregiňiz bar?» diýip, olaryň özlerinden sorady. Olar: «Ýedi» diýip jogap berdiler.
6Ol märekä ýerde oturmagy buýurdy. Ýedi çöregi alyp, şükür edeninden soň, bölüşdirdi-de, paýlasynlar diýip, şägirtlerine berdi. Olar hem märekä paýladylar.
7Olaryň biraz balyklary hem bardy. Isa şükür edeninden soň, bulary-da paýlamagy buýurdy.
8Olar iýip doýdular, artyp galan döwümleri hem ýygnap, ýedi sebedi doldurdylar.
9Iýenler dört müňe golaý adamdy. Onsoň Isa olary ugratdy.
10Özi bolsa derrew şägirtleri bilen gaýyga münüp, Dalmanuta etrabyna gitdi.
11Fariseýler gelip, Onuň bilen jedelleşmäge başladylar. Ony synajak bolup, Gökden bir alamat görkezmegini talap etdiler.
12Ol hem ruhundan ah çekip: «Näme üçin bu nesil alamat talap edýär? Size dogrusyny aýdýaryn, bu nesle hiç bir alamat görkeziljek däldir» diýdi.
13Isa olary ol ýerde taşlady-da, gaýyga münüp, beýleki kenara geçdi.
14Şägirtleri çörek almagy unudan ekenler. Gaýykda ýanlarynda diňe ýekeje çörek bardy.
15«Sak boluň! Fariseýleriň hamyrmaýasyndan, Hirodesiň hamyrmaýasyndan ägä boluň» diýip, Isa olara duýduryş berdi.
16Olar bolsa özara çekişip: «Çöregimiz ýok» diýişýärdiler.
17Isa muny bilip, olara şeýle diýdi: «Näme üçin çöregimiz ýok diýşip çekişýärsiňiz? Entek-de, akyl ýetirmeýärsiňizmi, düşünmeýärsiňizmi? Ýürekleriňiz entek-de gatymy?
18Gözli bolup, görmeýärsiňizmi? Gulakly bolup, eşitmeýärsiňizmi? Bolup geçenler ýadyňyza düşmeýärmi?
19Men bäş çöregi bäş müň adama bölenimde, galan döwümlerden näçe sebet doldurypdyňyz?» Olar: «On iki» diýdiler.
20«Ýedi çöregi dört müň adama bölenimde, galan döwümlerden näçe sebet doldurypdyňyz?» Olar: «Ýedi» diýdiler.
21Isa: «Entek hem düşünmeýärsiňizmi?» diýdi.
22Onsoň Betsaýda geldiler. Ol ýerde bir kör adamy Onuň ýanyna getirip, oňa elini degirsin diýip ýalbardylar.
23Isa kör adamyň elinden tutup, ony obanyň daşyna çykardy. Onuň gözlerine tüýkürip, ellerini üstünde goýup: «Bir zat görýärsiňmi?» diýip sorady.
24Ol hem ýokaryk seredip: «Adamlary görýärin, olar ýöräp barýan agaçlar ýaly bolup görünýär» diýdi.
25Onsoň Isa ýene-de ellerini onuň gözlerine goýdy. Kör çiňerilip seretdi, şypa tapyp, bar zady aýyl-saýyl gördi.
26Isa: «Oba barma, muny obada hiç kime aýtma» diýip, ony öýüne iberdi.
27Isa şägirtleri bilen Kaýsariýa-Filipi etrabyndaky obalara gitdi. Ýolda şägirtlerinden: «Adamlar Maňa kim diýýärler?» diýip sorady.
28Olar-da: «Çokundyryjy Ýahýa, käbiri Ylýas, käbiri-de pygamberleriň biri diýýärler» diýip jogap berdiler.
29Isa olardan: «Siz Maňa kim diýýärsiňiz?» diýip sorady. Petrus: «Sen Mesih» diýip jogap berdi.
30Onsoň Isa olara Özi hakda hiç kime hiç zat aýtmazlygy tabşyrdy.
31Ynsan Oglunyň köp görgi görmelidigi, ýaşulular, baş ruhanylar we kanunçylar tarapyndan ret edilmelidigi, öldürilmelidigi, üç günden soň direlmelidigi hakda olara sapak bermäge başlady.
32Ol bu sözleri açyk aýtdy. Petrus bolsa Ony bir çete çekip, Onuň aýdanlaryna garşy çykmaga başlady.
33Emma Isa öwrülip, şägirtlerine seredip: «Çekil öňümden, şeýtan! Sen Hudaý işlerini däl, ynsan işlerini oýlanýarsyň» diýip, Petrusa käýedi.
34Isa märeke bilen Öz şägirtlerini ýanyna çagyryp, olara şeýle diýdi: «Kim Meniň yzyma eýermek isleýän bolsa, özüni inkär etsin-de, haçyny alyp yzyma düşsün.
35Çünki kim janyny halas etmek islese, ony ýitirer, ýöne kim janyny Meniň we Hoş Habaryň ugrunda ýitirse, ony halas eder.
36Sebäbi bir adam bütin dünýäni gazanyp-da, öz janyny ýogaltsa, oňa näme peýdasy bar?
37Adam öz janyna derek näme berip biler?
38Bu zynahor, günäkär nesliň içinde kim Menden we Meniň sözlerimden utansa, Ynsan Ogly-da mukaddes perişdeleri bilen bilelikde Atasynyň şöhraty bilen gelen mahaly ondan utanar».