Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
36 verses
1Iýerusalimden gelen fariseýler bilen birnäçe kanunçylar Onuň daşyna üýşüşdiler.
2Olar Onuň şägirtlerinden käbirleriniň hapa eli bilen, ýagny dini adat boýunça elini ýuwman, nahar iýýänini gördüler.
3Fariseýler we bütin ýehudylar ata-babalarynyň adatlaryny saklap, ellerini ýagşy ýuwman nahar iýmeýärler.
4Bazardan gelenlerinde ýuwunman, nahar iýmeýärler. Başga-da käse, gap-çanak, mis gaplary ýuwma ýaly adatlary saklaýarlar.
5Fariseýler bilen kanunçylar Oňa sorag berip: «Näme üçin Seniň şägirtleriň ata-babalaryň adatyna görä gezmän, hapa elleri bilen nahar iýýärler?» diýdiler.
6Isa olara şeýle diýdi: «„Bu halk dilinde Meni sylaýar, emma ýürekleri Menden uzakdyr.
7Biderek ýere Maňa sežde edýärler, çünki taglymat hökmünde öwredýänleri ynsan buýruklary" diýip ýazylyşy ýaly, Işaýa pygamber siz ikiýüzlüler hakda oňat welilik edipdir.
8Siz Hudaýyň tabşyryklaryny terk edýärsiňiz, küýzedir käsäni ýuwmak ýaly köp zatlary edip, adamlaryň adatlaryny berjaý edýärsiňiz».
9Ýene olara şeýle diýdi: «Öz adatlaryňyzy berjaý etmek üçin, Hudaýyň buýruklaryndan ýüz dönderýärsiňiz!
10Musa: „Ataňy, eneňi syla", „Atasyna ýa enesine ýokuş söz aýdan hökman öldürilsin" diýip aýdypdyr.
11Emma siz: Eger bir adam atasyna ýa enesine: „Menden görjek peýdaň gurbandyr, Hudaýa peşgeşdir" diýse,
12siz oňa artykmaç ata ýa enesine hiç hili kömek etmäge rugsat etmeýärsiňiz.
13Şeýdip, nesilden-nesle galdyrýan adatlaryňyz arkaly Hudaýyň sözüni bozýarsyňyz. Şunuň ýaly zatlary köp edýärsiňiz».
14Ol märekäni ýene ýanyna çagyryp, olara şeýle diýdi: «Hemmäňiz Meni diňläň, düşüniň:
15adamyň içine daşardan girip-de, ony murdar edip biljek hiç bir zat ýokdur, ýöne adamy murdar edýän adamdan çykýan zatlardyr.
16Kimiň eşitmäge gulagy bar bolsa, eşitsin!»
17Ol märekäniň ýanyndan aýrylyp, öýe girende, şägirtleri Ondan bu tymsalyň manysyny soradylar.
18Isa-da olara şeýle jogap berdi: «Eýsem siz hem düşüneňzokmy? Adamyň içine daşardan giren hiç bir zadyň ony murdar edip bilmejegine düşünmeýärsiňizmi?
19Bular adamyň ýüregine däl-de, garnyna girýär, ol ýerden-de daşaryk çykýar». Şeýlelik bilen, Isa ähli iýmitleriň tämizdigini aýdypdyr.
20Ol ýene şeýle diýdi: «Adamy murdar edýän onuň öz içinden çykýan zatdyr.
21Çünki içden, adamyň ýüreginden erbet pikirler, zynahorluk, ogrulyk, adam öldürme, azgynlyk, açgözlülik, ýamanlyk, hile, ahlaksyzlyk, bahyllyk, sögünç, tekepbirlik we akylsyzlyk çykýar.
23Bu erbet zatlaryň ählisi içden çykyp, adamy murdar edýär».
24Isa ol ýerden aýrylyp, Sur we Saýda etrabyna gitdi. Bu ýerde bir öýe bardy. Ol muny hiç kimiň bilmegini islemeýärdi, ýöne muny gizlin saklap bilmedi.
25Kiçijik gyzyna arwah ýolugan bir aýal Isa hakdaky habarlary eşiden badyna gelip, Onuň aýagyna ýykyldy.
26Bu aýal grek, siriýa-finikiýalydy. Ol gyzyndaky jyny kowup çykarmagy üçin, Isa ýalbardy.
27Isa oňa: «Goý, öňürti çagalar doýsun. Çagalaryň çöregini alyp-da, itlere zyňmak dogry däldir» diýdi.
28Aýal hem: «Hawa, ýa Reb! Ýöne itler hem saçagyň aşagynda çagalaryň çöreklerinden gaçan owuntyklary iýýändir» diýdi.
29Isa oňa: «Bu sözüň üçin bar, gidiber, jyn seniň gyzyňdan çykdy» diýdi.
30Aýal öýüne baranda, jyn çykyp, gyzy düşeginde ýatan eken.
31Onsoň Isa Sur we Saýda etrabyndan gaýdyp, Dekapolis sebitleriniň üsti bilen Jelile kölüne geldi.
32Onuň ýanyna hem ker, hem peltek adamy getirip, onuň üstünde elini goýmagy üçin Isa ýalbardylar.
33Isa ol adamy märekäniň içinden bir çete çekip, barmaklaryny onuň gulaklaryna sokdy, tüýkürip, onuň diline elini degirdi.
34Onsoň Göge bakyp, ah çekdi-de: «Effata!», ýagny: «Açyl» diýdi.
35Ýaňky adamyň gulaklary derrew açylyp, dili dogry geplemäge başlady.
36Isa olara muny hiç kime aýtmazlygy tabşyrdy. Emma ol näçe tabşyran bolsa, olar habary şonça köp ýaýratdylar.
37Olar çakdanaşa geňirgenişip: «Ol hemme zady ýagşy edýär. Kerleriň gulagyny açýar, dilsizleri gepledýär» diýişýärdiler.