Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
43 verses
1Olar kölüň beýleki kenaryna, gadaralylaryň ýurduna geldiler.
2Isa gaýykdan düşen badyna, Oňa mazarlardan çykan bir arwahly adam gabat geldi.
3Bu adam mazarlaryň içinde ýaşardy. Ony, artykmaç, hiç kim zynjyr bilen-de baglap bilmezdi.
4Telim gezek kündelenip zynjyrlanypdy, ýöne ol zynjyrlary gyryp, kündeleri bölek-bölek ederdi. Hiç kim ony ýola getirip bilmezdi.
5Hemişe ― gije-gündiz mazarlar arasynda, daglarda gygyryp, özüni daşlar bilen ýaralar ýörerdi.
6Ol Isany uzakdan görüp, ylgap geldi-de, Oňa sežde etdi.
7Batly ses bilen gygyryp: «Eý Isa! Hemmeden beýik bolan Hudaýyň Ogly, meniň bilen näme işiň bar? Hudaýyň haky üçin Saňa ýalbarýaryn, meni gynama!» diýdi.
8Çünki Isa oňa: «Eý arwah, bu adamdan çyk» diýipdi.
9Onsoň ondan: «Adyň näme?» diýip sorady. Ol hem: «Adym Legion, çünki biz köpdüris» diýip jogap berdi.
10Özlerini ol ýurtdan kowup goýbermezligi üçin Isa köp ýalbardy.
11Şol ýerde dagyň eteginde bir uly doňuz sürüsi otlap ýördi.
12Arwahlar: «Bizi bu doňuzlaryň arasyna goýber, olaryň içine gireli» diýip, Isa ýalbardylar.
13Isa olara rugsat berdi. Al-arwahlar çykyp, doňuzlara girdiler. Iki müňe golaý doňuzdan ybarat bu süri uçutdan aşak kölüň içine paýyrdaşyp gark boldy.
14Çopanlar bolsa gaçyp, şäherdir obalara bu wakany habar berdiler. Halaýyk hem näme bolanyny görmäge geldi.
15Olar Isanyň ýanyna gelenlerinde, bir legion jyn tarapyndan eýelenen adamyň egin-eşikli oturanyny, akylynyň hem ýerindedigini görüp gorkdular.
16Wakany görenler jynlaryň eýelän adamyna hem doňuzlara näme bolanyny olara aýtdylar.
17Onsoň halk öz ülkelerinden gitmegi üçin Isa ýalbarmaga başlady.
18Ol gaýyga münende, jynlardan halas bolan adam Onuň bilen bile gitmek üçin Isa ýalbardy.
19Ol muňa rugsat bermän, ol adama: «Öýüňe, özüňkileriň arasyna git, Rebbiň saňa edenleriniň baryny, saňa nähili rehim edenini olara aýt» diýdi.
20Ol hem gidip, Isanyň özüne edenleriniň baryny Dekapolisde jar etmäge başlady. Hemme adamlar muňa haýran galdy.
21Isa gaýyk bilen ýene beýleki kenara geçende, daşyna uly märeke üýşdi. Isa kölüň kenaryndady.
22Sinagoga başlyklaryndan Ýaýrus atly bir adam geldi. Isany görüp, Onuň aýagyna ýykyldy.
23Oňa köp ýalbaryp: «Meniň gyzjagazym ölüm ýassygynda ýatyr. Gel-de, elleriňi onuň üstünde goý, sagalsyn, ýaşasyn!» diýdi.
24Isa bu adam bilen gitdi. Uly märeke-de yzyna düşüp, Ony her ýandan gysyp-gowrup barýardy.
25Şol ýerde on iki ýyldan bäri gan akmasy bolan bir aýal bardy.
26Ol ençeme tebibiň elinden köp ezetler çekip, bar-ýoguny harç edipdi, ýöne hiç bir peýda görmän, gaýtam, haly has erbetleşipdi.
27Bu aýal Isa hakda aýdylýan zatlary eşidip, märekäniň içi bilen Onuň ýeňsesinden gelip, geýimine elini degirdi.
28Çünki ol öz içinden: «Diňe geýimine elimi degirsem-de, sagalaryn» diýýärdi.
29Şol bada-da gan akmasy kesilip, derdinden açylandygyny endamynda duýdy.
30Isa Özünden bir güýjüň çykandygyny derrew aňyp, märekäniň içinde öwrülip: «Meniň geýimime kim el degirdi!» diýdi.
31Şägirtleri Oňa: «Sen Özüňi gysyp-gowrup gelýän märekäni görýärsiň, ýene-de: „Maňa kim el degirdi?" diýýärsiň» diýdiler.
32Emma Isa muny edeni görjek bolup, daş-töweregine seredýärdi.
33Ýaňky aýal özüne näme bolandygyny bileninden soň gorkup, titräp geldi. Isanyň öňünde ýere ýykylyp, Oňa hemme zadyň dogrusyny aýtdy.
34Isa oňa: «Gyzym, imanyň saňa şypa berdi. Sag-aman git-de, derdiňden açyl» diýdi.
35Ol bu sözleri aýdyp durka, sinagoga başlygynyň öýünden birnäçe adam gelip: «Gyzyň aýryldy. Näme üçin Mugallyma artykmaç zähmet berýärsiň?» diýdiler.
36Isa muny eşiden badyna, sinagoga başlygyna: «Gorkma, diňe iman et!» diýdi.
37Isa Petrus, Ýakup we Ýakubyň dogany Ýahýadan başga hiç kime Özi bilen gitmäge rugsat etmedi.
38Sinagoga başlygynyň öýüne gelenlerinde, Isa galmagaly, aglaşyp, dady-perýat edip oturanlary gördi.
39Içerik girip, olara: «Näme üçin galmagal edip, aglaşyp otyrsyňyz? Çaga ölenok, ol diňe uklap ýatyr» diýdi.
40Olar Oňa gülüşdiler. Emma Isa hemmesini daşarda goýup, çaganyň ata-enesi bilen Öz ýanyndakylary ýanyna alyp, çaganyň ýatan ýerine bardy.
41Çaganyň elinden tutup, oňa: «Talita kumi!» diýdi. Bu bolsa «Gyzjagaz, saňa gal diýýärin» diýmekdir.
42Gyz derrew galyp, ýöräp başlady. Ol on iki ýaşyndady. Ol ýerdäkileriň ählisi gaty geň galdylar.
43Isa olara muny hiç kime bildirmezligi berk tabşyryp, gyza nahar berilmelidigini aýtdy.