Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
40 verses
1Isa ýene-de kölüň ýakasynda halka sapak bermäge başlady. Daşyna üýşüşen märeke şeýle uludy welin, Ol köldäki bir gaýyga münüp oturdy. Bütin märeke bolsa kölüň ýakasynda, gury ýerde durdy.
2Olara tymsallar bilen köp zatlar öwretdi.
3Olara öwredip otyrka, şeýle diýdi: «Gulak asyň! Ine, bir daýhan ekin ekmäge gidýär.
4Ekip ýörkä, tohumlaryň birnäçesi ýoluň kenaryna düşýär. Guşlar hem gelip, ony iýýärler.
5Birnäçesi topragy az, daşlyk ýere düşüp, tiz gögerip çykýar, çünki toprak çuň däl eken.
6Ýöne olar Gün galanda, kökleriniň ýoklugy zerarly, ýanyp, gurap gidýär.
7Birnäçe tohumlar tikenleriň arasyna düşýär. Tikenler ösüp, olary basýar. Şeýlelikde, olar hasyl bermeýär.
8Birnäçesi bolsa gowy ýere düşýär. Ösüp, köpelip, käbiri otuz, käbiri altmyş, käbiri hem ýüz esse hasyl berýär».
9Isa onsoň olara: «Gulagy barlar eşitsin!» diýdi.
10Ol ýeke galanda, Onkiler bilen daşyndakylar Ondan bu tymsallaryň manysyny soradylar.
11Isa olara şeýle diýdi: «Hudaýyň Patyşalygynyň syry size berildi, ýöne daşardakylara hemme zat tymsallar bilen aýdylýar.
12Bu bolsa gözleýänler gözleri bilen seredip görmesinler, eşidýänler gulaklary bilen eşidip düşünmesinler diýlip edilýär. Beýle bolmasa, Hudaýa tarap öwrülip bagyşlanarlar».
13Isa olara şeýle diýdi: «Siz bu tymsala düşünmeýärsiňizmi? Onda bütin tymsallara nähili düşünjek?
14Daýhanyň ekýäni Hudaýyň sözüdir.
15Sözüň ekilen ýerinde, ýoluň kenaryndakylar sözi eşiden, ýöne ýüreklerine ekilen bu sözi tiz şeýtana aldyran adamlardyr.
16Şonuň ýaly-da, daşlyk ýere ekilenler sözi eşidip, ony derrew şatlyk bilen garşylan adamlardyr.
17Emma olarda kök ýokdur, çydamsyzdyrlar. Bu söz üçin muşakgat ýa-da yzarlama bolanda, derrew ýüz döndererler.
18Tikenler arasyna düşen beýlekiler bolsa, sözi eşiden adamlardyr.
19Emma dünýäniň gaýgylary, baýlygyň aldawçylygy, başga höwesler ara girip, sözi bogýar, ol hasylsyz bolýar.
20Gowy topraga ekilen bolsa, sözi eşidip, kabul eden, käbiri otuz, käbiri altmyş, käbiri hem ýüz esse hasyl berenlerdir».
21Isa olara şeýle diýdi: «Çyra galla ölçeginiň ýa çarpaýanyň aşagynda goýmak üçin getirilýärmi? Çyradanyň üstünde goýmak üçin dälmi?
22Gizlin bolup-da, belli bolmajak zat ýokdur, ýaşyryn bolup-da, üsti açylmajak zat ýokdur.
23Gulagy barlar eşitsin!»
24Isa olara ýene şeýle diýdi: «Eşidýänleriňize üns beriň. Haýsy ölçeg bilen ölçeseňiz, size-de şol ölçeg bilen ölçeler. Siz ― üns berýänler hatda köpräk hem alarsyňyz.
25Çünki kimde bar bolsa, oňa berler, kimde ýok bolsa, elindäki hem ondan alnar».
26Onsoň Isa şeýle diýdi: «Hudaýyň Patyşalygy ýere tohum sepýän adam ýalydyr.
27Gije-gündiz ýatar, turar; tohum biter, öser. Ol munuň nähili bolýanyny bilmez.
28Toprak öz-özünden hasyl berer. Öňürti baldagy, soňra başy, soňra-da başdaky doly däneleri berer.
29Hasyl bişende, ýaňky adam derrew oragy işe salar. Çünki orak wagty gelendir».
30Olara ýene-de şeýle diýdi: «Hudaýyň Patyşalygyny nämä meňzedeli ýa ony haýsy tymsal bilen düşündireli?
31Hudaýyň Patyşalygy gorçisa tohumy ýalydyr. Ýer ýüzünde topraga ekilýän ähli tohumlaryň iň maýdasy bolan bu tohum ekilenden soň ösüp, ähli ösümliklerden belent bolýar. Şeýle uly şahalar çykarýar welin, gögüň guşlary kölegesinde höwürtgeläp bilýärler».
33Isa sözi olara eşidip biljek möçberlerinde şunuň ýaly köp tymsallar bilen aýdardy.
34Olara tymsalsyz hiç zat aýtmaýardy, ýöne ýeke galanlarynda, Öz şägirtlerine ähli zady düşündirerdi.
35Şol gün, agşam bolanda şägirtlerine: «Beýleki kenara geçeliň» diýdi.
36Märekäni ugradyp, Ony şol oturyşyna gaýyk bilen alyp gitdiler. Ýanynda beýleki gaýyklar-da bardy.
37Bir güýçli ýel turup, tolkunlar gaýyga şeýle urdy welin, gaýyk eýýäm suwdan dolup ugrady.
38Ol bolsa gaýygyň artky tarapynda bir ýassygy ýassanyp, uklap ýatyrdy. Şägirtler Ony oýaryp: «Mugallym, heläklenip barýarys! Seniň perwaýyňa-da dälmi?» diýdiler.
39Isa turup, ýele käýäp, köle: «Sem bol, dek otur!» diýdi. Şeýlelikde, ýel ýatyp, imi-salalyk boldy.
40Isa şägirtlere: «Näme üçin gorkýarsyňyz? Näme üçin imanyňyz ýok?» diýdi.
41Olar gaty gorkuşyp, biri-birlerine: «Bu kim? Ýel-de, köl-de Onuň sözüne gulak asýar!» diýişdiler.