Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
31 verses
1Isa ýene sinagoga bardy. Ol ýerde eli gurap inçelen bir adam bardy.
2Käbirleri Isany aýyplajak bolup, «Sabat güni şypa edermikä?» diýip aňtaýardylar.
3Isa eli gurap inçelen adama: «Orta çyk!» diýdi.
4Onsoň olardan sorady: «Sabat güni haýsysy dogry, ýagşylyk etmekmi ýa ýamanlyk etmek? Jan halas etmekmi ýa öldürmek?» Olardan ses çykmady.
5Isa töweregindäkilere gahar bilen bakyp, olaryň doňýürekdigine gynanyp, ýaňky adama: «Eliňi uzat!» diýdi. Ol hem elini uzatdy, eli sagaldy.
6Fariseýler daşaryk çykyp, Ony nähili heläk etmek barada Hirodesiň tarapdarlary bilen maslahat geçirdiler.
7Isa şägirtleri bilen bile kölüň ýakasyna gitdi. Jelileden bir uly märeke hem Onuň yzyna düşüp barýardy.
8Onuň eden ähli işlerini eşidip, Ýahudadan, Iýerusalimden, Idumeýadan, Iordan derýasynyň aňyrsyndan, Sur we Saýda töwereklerinden-de uly märeke ýanyna çozuşdy.
9Isa märekäniň içinde gysylmazlyk üçin, Öz şägirtlerine bir gaýygy taýýarlap goýmagy buýurdy.
10Bir toparlaryny sagaldany üçin hemme syrkawlar Oňa ellerini degirjek bolup, ýanyna itekleşip gelýärdiler.
11Al-arwahlar Ony görenlerinde, Öňünde ýere ýykylyp: «Sen Hudaýyň Oglusyň!» diýip gygyrýardylar.
12Emma Ol Özüniň kimdigini mälim etmezligi olara berk tabşyrdy.
13Onsoň Isa daga çykyp, Öz islän adamlaryny ýanyna çagyrdy, olar-da Onuň ýanyna bardylar.
14Ol Özi bilen bile bolar ýaly on iki adamy belledi. Onuň wagyz etmäge iberen, syrkawlary sagaldyp, jynlary kowmaga ygtyýar beren bu on iki adamy şulardyr:
17Petrus lakamyny bereni Simun, Beni-Regoş, ýagny «Gök gürrüldisiniň Ogullary» lakamyny bereni Zebedeýiň ogly Ýakup bilen onuň dogany Ýahýa, Andreas, Filipus, Bartolomeus, Matta, Tomas, Alfeusyň ogly Ýakup, Taddeus, watançy Simun we Isa haýynlyk eden Iuda Iskariot.
20Onsoň bir öýe bardylar. Ýene şeýle uly märeke ýygnandy welin, Isa bilen şägirtleriniň nahar iýmäge-de eli ýetmedi.
21Isanyň ýakynlary muny eşidip, Ony alyp gaýtmaga bardylar. Çünki Oňa üýtgäpdir diýýärdiler.
22Iýerusalimden gelen kanunçylar bolsa: «Ony Beýelzebul eýeläpdir, Ol jynlary jynlaryň hany arkaly kowup çykarýar» diýişýärdiler.
23Şonuň üçin Isa halky ýanyna çagyryp, olara tymsal bilen şeýle diýdi: «Şeýtan şeýtany nähili kowup çykarsyn?
24Bir patyşalygyň içinde bölünişik bolsa, ol patyşalyk berk durup bilmez.
25Bir öýüň içinde bölünişik bolsa, ol öý berk durup bilmez.
26Şeýtan öz-özüne garşy çykyp bölünse, berk durup bilmez, onuň soňunyň geldigidir.
27Hiç kim bir güýçli adamyň öýüne girip, malyny talap bilmez; öňürti ony baglamaly bolar, onsoň öýüni talar.
28Size dogrusyny aýdýaryn, ynsanlaryň hemme günäleri, her bir zada dil ýetirmeleri bagyşlanar.
29Emma Mukaddes Ruha dil ýetirene asla bagyşlanma ýokdur. Ol ebedi höküme sezewar bolar».
30Isa muny: «Ol arwahly» diýenleri üçin aýtdy.
31Onsoň Onuň ejesi bilen doganlary geldi. Daşarda durup, ýanyna adam iberip, Ony çagyrdylar.
32Märeke Isanyň daşyny alyp otyrdy. Oňa: «Ejeň bilen doganlaryň, uýalaryň daşarda Seni soraýarlar» diýdiler.
33Isa olara jogap berip: «Meniň ejem, doganlarym kim?» diýdi.
34Onsoň daşyny alyp oturanlara seredip, şeýle diýdi: «Ine, Meniň ejem, Meniň doganlarym!
35Hudaýyň islegini kim berjaý etse, şol Meniň doganym, uýam we ejemdir».