Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
28 verses
1Bir näçe gün soň ýene Kapernauma gelende, Isanyň öýdedigi eşidildi.
2Üýşüşen adamlar şeýle bir köpdi welin, gapynyň agzynda-da ýer ýokdy. Isa olara Hudaýyň sözüni aýdyp durdy.
3Şonda Onuň ýanyna dört adam tarapyndan göterilip getirilen bir ysmazy alyp geldiler.
4Märeke zerarly Isanyň ýanyna ýakynlaşyp bilmän, Onuň duran jaýynyň üçegini açyp, ysmazy düşegi bilen deşikden aşak düşürdiler.
5Isa olaryň imanyny görüp, ysmaza: «Oglum, seniň günäleriň ötüldi» diýdi.
6Ol ýerde oturan kanunçylaryň käbiri bolsa:
7«Bu Adam näme üçin beýle gepleýär? Ol Hudaýa dil ýetirýär! Günäleri ýalňyz Hudaýdan başga kim ötüp biljek?» diýip, içlerini gepletdiler.
8Isa derrew beýle oýlanýandyklaryny ruhunda syzyp, olara şeýle diýdi: «Näme içiňizi beýle gepledýärsiňiz?
9Ysmaza haýsyny aýtmak aňsat: „Günäleriň ötüldi" diýmekmi ýa-da „Tur, düşegiňi al-da ýöre" diýmek?
10Emma siz Ynsan Oglunyň ýer ýüzünde günäleri ötmäge ygtyýarynyň barlygyny biler ýaly...» diýdi-de, ysmaz bolan adama:
11«Saňa diýýärin: tur, düşegiňi al-da, öýüňe git» diýdi.
12Ol hem ýokaryk turdy-da, derrew düşegini alyp, hemmeleriň gözüniň alnynda çykyp gitdi. Bary haýran galyşyp, Hudaýy şöhratlandyryp: «Biz beýle zady asla görmändik» diýişdiler.
13Isa çykyp, ýene kölüň ýakasyna gitdi. Bütin halaýyk Onuň ýanyna geldi, Ol hem olara sapak berdi.
14Ol geçip barýarka, gümrükhanada oturan Alfaýyň ogly Lewini görüp oňa: «Meniň yzyma düş!» diýdi. Ol hem turup, Onuň yzyna düşdi.
15Ol Lewiniň öýünde saçak başynda otyrka, Isa we Onuň şägirtleri bilen birlikde birentek salgytçylar we günäkärler-de otyrdylar. Çünki Onuň yzyna düşüp gidenleriň sany köpdi.
16Fariseýler we kanunçylar Isanyň günäkärdir salgytçylar bilen bile nahar iýip oturanyny görenlerinde, şägirtlerinden: «Ol näme üçin salgytçylar we günäkärler bilen bile iýip-içýär?» diýip soradylar.
17Isa muny eşideninde olara: «Tebip saglara däl-de, syrkawlara gerekdir. Men dogry adamlary däl, günäkärleri toba çagyrmaga geldim» diýdi.
18Ýahýanyň şägirtleriniň we fariseýleriň agyzlary orazaka, käbir adamlar gelip, Oňa: «Näme üçin Ýahýanyň şägirtleri, fariseýleriň şägirtleri oraza tutýarlar-da, Seniň şägirtleriň oraza tutmaýarlar?» diýdiler.
19Isa olara şu gaýtargyny berdi: «Giýew ýanlarynda barka, toýdakylar oraza tutup bilermi? Giýew ýanlaryndaka, oraza tutup bilmezler.
20Emma giýewiň olardan alynjak günleri geler, şonda, şol gün olar oraza tutarlar.
21Hiç kim köne eşige täze matadan ýama salmaz. Ýogsa, täze ýama köne eşikden gopup, ýyrtyk has hem erbet bolar.
22Hiç kim-de täze şeraby köne meşiklere guýmaz. Ýogsa, şerap meşikleri ýaryp döküler, meşikler-de zaýalanar. Täze şerap täze meşiklere guýulýandyr».
23Bir Sabat güni Isa bugdaýlygyň arasyndan geçip barýardy. Onuň şägirtleri ýolda barýarkalar, bugdaý başlaryny ýolmaga başladylar.
24Fariseýler Isa: «Seret, näme üçin Sabat güni etmesiz zady edýärler?» diýdiler.
25Isa olara şeýle gaýtargy berdi: «Siz özi we ýanyndakylar aç hem mätäç galanlarynda, Dawudyň näme edenini asla okamadyňyzmy?
26Ol baş ruhany Abiýataryň zamanynda Hudaýyň öýüne bardy, Hudaýa hödürlenen, ruhanylardan başga hiç kimiň iýmeli däl çöreklerini alyp iýdi, ýanyndakylara hem berdi».
27Ýene olara: «Adam Sabat güni üçin däl, eýsem, Sabat güni adam üçin döredildi.
28Şonuň üçin, Ynsan Ogly Sabat gününiň-de Rebbidir» diýdi.