Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
45 verses
1Bu Hudaýyň Ogly Isa Mesih hakdaky Hoş Habaryň başlangyjydyr.
2Pygamberleriň kitabynda şeýle ýazylgy: «Ine, Men Öz habarçymy Seniň öňüňden iberýärin. Ol Seniň ýoluňy taýýarlar».
3«Çölde gygyrýanyň sesi: Rebbiň ýoluny taýýarlaň, Onuň ýodalaryny dogrulaň diýýär».
4Şeýlelikde, Ýahýa peýda boldy. Ol çölde çokundyrýardy, günäleriň ötülmegi üçin toba edip çokundyrylmagy wagyz edýärdi.
5Bütin Ýahuda ýurdy, iýerusalimlileriň bary onuň ýanyna çozuşýardylar. Olar günälerini boýun alýardy, Ýahýa hem olary Iordan derýasynda çokundyrýardy.
6Ýahýanyň düýe ýüňünden geýimi, bilinde gaýyşdan guşagy bardy we çekirtge bilen ýabany bal iýerdi.
7Ol wagyz edip: «Menden soň menden has güýçli Biri geler. Men egilip, Onuň çarygynyň bagyny çözmäge-de mynasyp däldirin.
8Men sizi suw bilen çokundyrdym, emma Ol sizi Mukaddes Ruh bilen çokundyrar» diýýärdi.
9Şol günlerde Isa Jeliläniň Nasyra şäherinden geldi, Ýahýa Ony Iordan derýasynda çokundyrdy.
10Isa suwdan çykyp gelýärkä, Gögüň ýarylyp açylanyny, Ruhuň kepderi kimin Öz üstüne inip gelýänini gördi.
11Gökden: «Sen Meniň söýgüli Oglumsyň, Men Senden köp razydyryn» diýen owaz geldi.
12Ruh Isany derrew çöle ýollady.
13Ol kyrk günläp çölde boldy; şeýtan Ony synady. Isa wagşy haýwanlaryň arasynda boldy, perişdeler Oňa hyzmat etdiler.
14Ýahýa tutulandan soň, Isa Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary wagyz edip, Jelilä geldi.
15Ol: «Wagt doldy, Hudaýyň Patyşalygy golaýlady. Toba ediň, Hoş Habara ynanyň!» diýýärdi.
16Isa Jelile kölüniň kenaryndan geçip barýarka, Simun bilen onuň dogany Andreýasyň köle torlaryny zyňyp duranlaryny gördi. Bular balykçydylar.
17Isa olara: «Meniň yzyma düşüň, Men sizi ynsan tutýan balykçylar edeýin» diýdi.
18Olar-da derrew torlaryny taşlap, Onuň yzyna düşdüler.
19Biraz ýöränlerinden soň, Isa Zebedeýiň ogullary Ýakup bilen onuň dogany Ýahýany gördi. Olar gaýygyň içinde torlaryny bejerip otyrdylar.
20Isa derrew olary çagyrdy. Olar-da kakalary Zebedeýi öz günlükçileri bilen gaýykda galdyryp, Isanyň yzyna düşdüler.
21Kapernauma geldiler. Sabat güni Isa sinagoga baryp, sapak bermäge durdy.
22Onuň taglymatyna haýran galdylar. Çünki Isa olara kanunçylar kimin däl-de, erk-ygtyýarly biri ýaly bolup sapak berýärdi.
23Şol wagt olaryň sinagogasynda arwaha sataşan bir adam bardy. Ol:
24«Biziň bilen Seniň näme işiň bar, eý, Nasyraly Isa? Bizi heläk etmäge geldiňmi? Men Seniň kimdigiňi bilýärin, Sen Hudaýyň Mukaddesisiň» diýip gygyrdy.
25Isa arwaha käýäp: «Sem bol-da, ondan çyk!» diýdi.
26Arwah hem ol adamy sandyratdy-da, bagyryp, ondan çykdy.
27Hemmeler geňirgenişip, biri-birlerine: «Bu näme boldugy? Bu täze taglymat näme? Ol al-arwahlara-da ygtyýar bilen buýruk berýär, olar-da aýdanyna gulak asýarlar!» diýişdiler.
28Şeýlelikde, Isa hakdaky gürrüňler tiz Jeliläniň bütin etrabyna ýaýrady.
29Sinagogadan çykan batlaryna, Ýakup we Ýahýa bilen bilelikde Simun we Andreýasyň öýüne gitdiler.
30Simunyň gaýynenesi gyzzyrma tutup ýatyrdy. Muny derrew Isa aýtdylar.
31Ol-da syrkawyň ýanyna bardy, ony elinden tutup galdyrdy. Aýalyň gyzzyrmasy aýrylyp, olara hyzmat etmäge durdy.
32Gün ýaşyp, agşam düşende, ähli syrkawlary, arwah-jyn uran adamlary Onuň ýanyna getirdiler.
33Bütin şäher halky gapynyň agzyna ýygnanyşypdy.
34Isa dürli syrkawçylyklara ýolugan ençeme adamy sagaltdy, ençeme jyny kowup çykardy. Ol jynlary gepletmeýärdi, çünki olar Onuň kimdigini bilýärdiler.
35Ertir irden, şapak entek gyzarmanka, Isa turup, daşaryk çykdy, bir çola ýere baryp, doga etmäge durdy.
36Simun bilen ýanyndakylar Ony gözlemäge gitdiler.
37Ony tapanlarynda: «Her kes Seni gözläp ýör» diýdiler.
38Isa olara: «Başga ýere, golaýdaky şäherlere gideliň, Men ol ýerlerde-de wagyz etjek, çünki şonuň üçin geldim» diýdi.
39Şeýlelikde, sinagogalarynda wagyz edip, jynlary kowup, bütin Jeliläni gezdi.
40Isanyň ýanyna heýwere keselli bir adam geldi, dyza çöküp: «Eger isleseň, meni tämiz edip bilersiň» diýip, Oňa ýalbardy.
41Isanyň ýüregi awady, elini uzatdy-da: «Isleýärin, tämiz bol!» diýip, oňa elini degirdi.
42Heýwere keseli ondan derrew aýrylyp, ol adam tämiz boldy.
43Isa oňa berk tabşyryk berip, ony derrew ugradyp:
44«Seret, hiç kime aýtma, ýöne bar, özüňi ruhana görkez-de, hemmelere güwälik bolar ýaly, tämizligiň üçin Musanyň tabşyran gurbanlaryny bagyş et» diýdi.
45Emma ol adam çykdy, köp gürrüň berip, bolan zatlary ýaýratmaga başlady. Şonuň üçin, Isa, artykmaç, hiç bir şähere aç-açan girip bilmän, daşarda, çola ýerlerde bolýardy. Halk hem her tarapdan Onuň ýanyna çozýardy.