Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
20 verses
1Sabat güni geçenden soň, hepdäniň ilkinji güni daň bilen magdalaly Merem we beýleki Merem mazary görmäge gitdiler.
2Ine, birden ýer güýçli titredi, çünki Rebbiň bir perişdesi Gökden indi we gelip, daşy bir çete togalady-da, onuň üstünde oturdy.
3Onuň görnüşi ýyldyrym kimin, eginbaşy gar ýaly akdy.
4Garawullar gorkularyndan ýaňa sandyraşyp, öli kimin ýere ýykyldylar.
5Perişde aýallara şeýle diýdi: «Gorkmaň, çünki men siziň haça çüýlenen Isany gözleýändigiňizi bilýärin.
6Ol bu ýerde däl, aýdyşy ýaly, direldi. Geliň, Rebbiň ýatan ýerini görüň.
7Tiz gidip şägirtlerine: „Isa direlipdir, ine, sizden öň Jelilä barýar. Ony ol ýerde görersiňiz" diýiň. Ine, men size aýtdym».
8Aýallar gorky hem şatlyk bilen tiz mazaryň ýanyndan aýrylyp, habary Isanyň şägirtlerine bildirmek üçin ylgaşdylar.
9Onuň şägirtlerine habar berjek bolup barýarkalar, Isa olara sataşyp: «Salam!» diýdi. Olar hem ýakyna gelip, Onuň aýagyna ýapyşdylar, Oňa sežde etdiler.
10Onsoň Isa olara: «Gorkmaň, baryň, doganlaryma aýdyň, Jelilä gitsinler. Meni şol ýerde görerler» diýdi.
11Olar barýarkalar, garawullaryň birnäçesi şähere baryp, bolan ähli zatlary baş ruhanylara habar berdiler.
12Olar-da ýaşulular bilen ýygnanyşyp maslahat geçirenlerinden soň, esgerlere köp pul berip,
13şeýle diýdiler: «Halka: „Şägirtleri gije gelip, biz ýatyrkak, Onuň jesedini ogurlapdyrlar" diýiň.
14Bu söz häkimiň gulagyna baryp ýetse, biz ony ynandyryp, sizi ünjüden dyndararys».
15Garawullar puly alyp, özlerine buýrulyşy ýaly etdiler. Bu gürrüň ýehudylaryň arasynda şu güne çenli dowam edip gelýär.
16Şunluk bilen, on bir şägirt Jelilä ― Isanyň aýdan dagyna gitdi.
17Isany görüp, Oňa sežde etdiler, ýöne olaryň käbiri şübhelendi.
18Isa hem ýanlaryna gelip, olara şeýle diýdi: «Ähli ygtyýar ýerde-Gökde Maňa berildi.
19Şonuň üçin, gidiň-de, bütin milletleri şägirt ediň, olary Ata, Ogul we Mukaddes Ruhuň ady bilen çokundyryň.
20Size tabşyran ähli zatlarymy berjaý etmegi olara öwrediň. Men dünýäniň soňuna çenli siziň bilen bolaryn. Omyn».