Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
66 verses
1Ertir irden ähli baş ruhanylardyr halkyň ýaşululary Isa ölüm jezasyny bermek üçin maslahat geçirdiler.
2Ony baglap, eltip, häkim Pontius Pilatusa tabşyrdylar.
3Onsoň Oňa haýynlyk eden Iuda Isanyň höküm edilenini görüp ökündi, otuz bölek kümşi yzyna ― baş ruhanylara, ýaşululara getirip,
4«Men ýazyksyz gana haýynlyk edip günä etdim» diýdi. Olar-da: «Bu bize näme, özüň bilýärsiň» diýdiler.
5Iuda kümüşleri ybadathana zyňdy-da, çykyp gitdi, baryp hem, özüni dardan asdy.
6Baş ruhanylar bolsa kümüşleri alyp: «Hun bolany üçin, bulary ybadathananyň hazynasynda goýmak bolmaz» diýdiler.
7Şeýlelikde, maslahat geçirip, ýatlara gonamçylyk etmek üçin, ol pul bilen küýzegäriň ýerini satyn aldylar.
8Şonuň üçin ol ýere şu güne çenli «Gan ýeri» diýilýär.
9Şonda Ýeremiýa pygamber arkaly aýdylan bu söz ýerine ýetdi:
10«Ysraýyl ogullarynyň ol Baha Kesilene kesen bahasyny, ýagny otuz bölek kümşi alyp, Hudaýyň maňa buýruşy ýaly, küýzegäriň ýeri üçin berdiler».
11Isa häkimiň öňünde durdy. Häkim Ondan: «Sen ýehudylaryň patyşasymy?» diýip sorady. Isa hem: «Seniň aýdyşyň ýalydyr» diýdi.
12Ýöne baş ruhanylar, ýaşulular Ony aýyplanlarynda, hiç bir jogap bermedi.
13Onsoň Pilatus Oňa: «Saňa garşy, gör, näçe güwälik berilýär, eşitmeýärsiňmi?» diýdi.
14Isa onuň ýekeje sözüne hem jogap bermedi. Häkim muňa gaty geň galdy.
15Pesah baýramynda halkyň dilän bir tussagyny boşatmagy häkim adat edinipdi.
16Şol wagtlar Barabbas atly bir belli tussag bardy.
17Şeýlelikde, halk ýygnanyşanda Pilatus olara: «Siziň üçin kimi boşatmagymy isleýärsiňiz? Barabbasymy ýa-da Mesih diýilýän Isany?» diýdi.
18Çünki ol Isany göripçilikden tabşyrandyklaryny bilýärdi.
19Pilatus höküm kürsüsinde otyrka, aýaly oňa: «Ol dogry Adam bilen seniň işiň bolmasyn, çünki men şu gün düýşümde Ol zerarly köp ezetler çekdim» diýip, habar ýollapdy.
20Baş ruhanylar, ýaşulular Barabbasyň boşadylmagyny we Isanyň öldürilmegini islesinler diýip, halky yrdylar.
21Häkim olara ýüzlenip: «Siz bu ikisinden haýsynyň boşadylmagyny isleýärsiňiz?» diýdi. Olar hem: «Barabbasy» diýdiler.
22Pilatus olara: «Onda, men Mesih diýilýän Isany näme edeýin?» diýdi. Olaryň hemmesi: «Ol haça çüýlensin!» diýdiler.
23Häkim: «Ol näme ýaman iş etdi?» diýdi. Emma olar: «Ol haça çüýlensin!» diýip, has beter gygyryşdylar.
24Pilatus gep peýda bermän, gaýtam, galmagalyň barha artýandygyny görüp, suw aldy-da, märekäniň öňünde elini ýuwup: «Bu dogry Adamyň ganynyň dökülmeginde men ýazyksyz, galanyny özüňiz bilýärsiňiz» diýdi.
25Hemme halaýyk hem jogap berip: «Onuň ganyna biz, biziň çagalarymyz jogapkär!» diýdiler.
26Şonda Pilatus Barabbasy boşatdy, Isany bolsa gamçyladyp, haça çüýlemäge berdi.
27Onsoň häkimiň esgerleri Isany hökümet köşgüne äkitdiler-de, bütin goşun bölümini Onuň daşyna üýşürdiler.
28Egin-eşigini çykaryp, egnine gyrmyzy don geýdirdiler.
29Tikenden täç örüp, başyna geýdirdiler-de, sag eline bir gamyş berdiler. Öňünde dyza çöküp: «Salam, eý ýehudylar patyşasy» diýip, Ony masgaraladylar.
30Onuň üstüne tüýkürdiler, gamşy alyp, başyna urdular.
31Ony masgaralanlaryndan soň, gyrmyzy dony egninden çykardylar-da, Öz egin-eşigini geýdirip, haça çüýlemäge alyp gitdiler.
32Daşaryk çykanlarynda, Simun atly kireneli bir adama sataşdylar. Olar bu adamy Isanyň haçyny götermäge mejbur etdiler.
33Golgata, ýagny «Kelleçanak» diýen ýere gelenlerinde,
34Oňa içirjek bolup, öt gatylan şerap berdiler, ýöne Isa dadanyndan soň, ony içmek islemedi.
35Ony haça çüýlänlerinden soň, bije atyşyp egin-eşigini özara paýlaşdylar.
36Onsoň ol ýerde oturyp, Oňa garawullyk etdiler.
37Depesinde bolsa: «BU ÝeHUDYLARYŇ PATYŞASY ISADYR» diýen etmiş ýazgysyny goýdular.
38Onuň bilen bile iki garakçy haça çüýlendi. Olaryň biri Isanyň sag tarapynda, biri-de çep tarapyndady.
39Geçip barýanlar başlaryny ýaýkap, Isa sögüp:
40«Ybadathanany ýykyp-da, üç günde saljak Sen Özüňi halas et! Hudaýyň Ogly bolsaň, haçdan aşak in!» diýişýärdiler.
41Şunuň ýaly, baş ruhanylar-da kanunçylar we ýaşulular bilen Ony masgaralap, şeýle diýişýärdiler:
42Özgeleri halas etdi, ýöne Özüni halas edip bilmeýär. Ol Ysraýylyň Patyşasy bolsa, goý, häzir haçdan aşak insin, biz-de Oňa iman edeli.
43Hudaýa sygynýardy. Hudaý Ony halaýan bolsa, goý, häzir Ony halas etsin, çünki Ol: „Men Hudaýyň Ogludyryn" diýýärdi».
44Onuň bilen bile haça çüýlenen garakçylar-da Oňa edil şonuň ýaly sögýärdiler.
45Günortandan başlap, öýlän sagat üçe çenli bütin ýurda garaňky düşdi.
46Öýlän sagat üçlerde Isa gaty ses bilen gygyryp: «Eli, Eli, lama sabaktani», ýagny: «Hudaýym, Hudaýym, näme üçin Meni terk etdiň?» diýdi.
47Ol ýerde duranlaryň käbiri muny eşidenlerinde: «Bu Adam Ylýasy çagyrýar» diýişdiler.
48Olaryň biri derrew ylgap, bir gubkany aldy-da, ony sirkeden dolduryp, içirjek bolup Isa uzatdy.
49Beýlekiler-de: «Duruň, göreliň, Ylýas Ony halas etmäge gelýärmi?» diýişdiler.
50Isa ýene gaty ses bilen gygyryp jan berdi.
51Ine, ybadathananyň tutusy ýokardan aşaklygyna ýyrtylyp, ikä bölündi, ýer titräp, daşlar ýaryldy.
52Mazarlar açylyp, uka giden ençeme mukaddesleriň jesedi direldi.
53Olar mazarlardan çykyp, Isanyň direlmeginden soň, mukaddes şähere baryp, köplere göründiler.
54Ýüzbaşy we onuň bilen bile Isa garawullyk edip duranlar bolsa ýer titremegini, bolan beýleki zatlary görenlerinde: «Dogrudan-da, bu Hudaýyň Ogly eken» diýşip, gaty gorkdular.
55Isa hyzmat edip, Jelileden Onuň yzyna düşüp gelen bir topar aýallar-da ol ýerdediler we uzakdan seredişip durdular.
56Magdalaly Merem, Ýakupdyr Ýusubyň ejesi Merem we Zebedeý ogullarynyň ejesi olaryň arasyndady.
57Agşam bolanda, Ýusup atly arimatiýaly bir baý adam geldi, onuň özi-de Isanyň şägirtlerindendi.
58Ol Pilatusyň ýanyna baryp, Isanyň jesedini diledi. Şonda Pilatus jesediň oňa berilmegini buýurdy.
59Ýusup-da meýidi alyp, Ony tämiz kepene dolap,
60gaýanyň içinde gazan täze mazarynda jaýlady, mazaryň agzyna bolsa bir uly daşy togalady-da, gitdi.
61Magdalaly Merem bilen beýleki Merem hem şol ýerde mazaryň garşysynda otyrdylar.
62Ertesi, ýagny Taýýarlyk gününden soňraky gün baş ruhanylar we fariseýler Pilatusyň ýanyna ýygnanyşyp,
63şeýle diýdiler: «Jenap, ol aldawçynyň entek dirikä: „Men üç günden soň direlerin" diýeni biziň ýadymyzda.
64Şonuň üçin, mazaryň üçünji güne çenli saklanmagyny buýur, şägirtleri gije gelip, jesedi ogurlap, halka bolsa: „Ol direldi" diýäýmesinler. Bu soňky ýalan öňküden erbet bolar».
65Pilatus olara: «Siziň garawullaryňyz bar, gidiň-de, mazary bilşiňiz ýaly sakladyň» diýdi.
66Olar hem baryp, daşy möhürlediler-de, garawul goýup, mazary saklatdylar.