Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
75 verses
1Bu sözlerden soň Isa şägirtlerine şeýle diýdi:
2«Ýene iki günden Pesah baýramydygyny bilýärsiňiz. Ynsan Ogly haça çüýlenmäge tabşyrylar».
3Şol wagt baş ruhanylar bilen halkyň ýaşululary Kaýafa atly baş ruhanynyň howlusyna ýygnanyp,
4Isany hile bilen tutup öldürmek üçin maslahat geçirdiler.
5Olar: «Baýram günlerinde däl, halk galmagal turzaýmasyn» diýişdiler.
6Isa Beýtaniýada heýwere keselli Simunyň öýündekä,
7bir aýal içinde gaty gymmat atyr ysly ýag bolan ak mermer gap bilen Isanyň ýanyna gelip, Ol saçak başynda otyrka, ýagy Onuň depesinden guýdy.
8Şägirtler muny görenlerinde gaharlanyp: «Beýle isrip etmek nämä gerek?
9Bu ýagy köp pula satyp, garyplara berip-de bolardy» diýişdiler.
10Isa muny bilip, olara şeýle diýdi: «Näme üçin aýaly ynjadýarsyňyz? Ol Maňa ýagşylyk etdi.
11Çünki garyplar hemişe siziň ýanyňyzda, ýöne Men hemişe siziň ýanyňyzda bolmaryn.
12Ol bu ýagy Meniň bedenime guýmak bilen, Meni jaýlanmaga taýýar etdi.
13Size dogrusyny aýdýaryn, şu Hoş Habar dünýäniň niresinde wagyz edilse, bu aýalyň edeni-de ony ýatlamak üçin aýdylar».
14Onsoň Onkilerden Iuda Iskariot atly biri baş ruhanylaryň ýanyna baryp,
15olara: «Eger men Ony size tabşyrsam, maňa näme berersiňiz?» diýdi. Olar hem Iuda otuz bölek kümüş çekip berdiler.
16Ol şondan beýläk Isany tabşyrmak üçin amatly pursat peýläp gezdi.
17Petir baýramynyň ilkinji güni şägirtler Isanyň ýanyna gelip: «Pesah naharyny iýmegiň üçin, nirede taýýarlyk görmegimizi isleýärsiň?» diýdiler.
18Ol şeýle diýdi: «Şähere gidiň-de, pylanynyň ýanyna baryp: „Mugallym: wagtym golaý, Pesahy şägirtlerim bilen bilelikde seniň öýüňde geçirjek" diýýär diýiň».
19Şägirtler hem Isanyň özlerine buýruşy ýaly edip, Pesahy taýýarladylar.
20Agşam düşende, Isa on iki şägirdi bilen bilelikde saçak başynda oturdy.
21Olar naharlanyp otyrkalar, Isa: «Size dogrusyny aýdýaryn, sizden biri Maňa haýynlyk eder» diýdi.
22Olar gaty tukatlanyp, yzly-yzyna Oňa: «Ýa Reb, men-ä däldirin?» diýmäge başladylar.
23Ol hem şeýle jogap berdi: «Elini Meniň bilen bile tabaga batyran Maňa haýynlyk eder.
24Ynsan Ogly Özi hakda ýazylyşy ýaly barýar, ýöne Ynsan Ogluna haýynlyk edeniň gününe waý! Ol adam eneden dogulmadyk bolsa, onuň üçin has oňat bolardy».
25Oňa haýynlyk eden Iuda: «Mugallym, men-ä däldirin?» diýdi. Isa hem oňa: «Seniň aýdyşyň ýalydyr» diýdi.
26Olar naharlanyp otyrkalar, Isa çörek alyp, şükür etdi-de, ony döwüp şägirtlere berdi we: «Alyň, iýiň, bu Meniň tenimdir» diýdi.
27Onsoň käsäni aldy, şükür edeninden soň, olara berip, şeýle diýdi: «Şundan hemmäňiz içiň.
28Çünki bu Meniň ganym, günäleriň bagyşlanmagy üçin köp adamlaryň hatyrasyna dökülen täze ähtiň ganydyr.
29Size diýýärin, Atamyň Patyşalygynda siziň bilen bile täzesini içjek günüme çenli üzüm şiresini gaýtadan içmerin».
30Olar bir öwgüli aýdym aýdyp bolanlaryndan soň, Zeýtun dagyna çykdylar.
31Onsoň Isa olara şeýle diýdi: «Bu gije siziň hemmäňiz Menden ýüz dönderersiňiz, çünki: „Çopany uraryn, sürüdäki goýunlar dagar" diýip ýazylgydyr.
32Emma Men ölümden direlenimden soň, sizden öň Jelilä bararyn».
33Petrus Oňa jogap berip: «Hemmeler Senden ýüz dönderse-de, men asla döndermerin» diýdi.
34Isa oňa: «Saňa dogrusyny aýdýaryn, şu gije horaz gygyrmazyndan öň, sen Meni üç gezek inkär edersiň» diýdi.
35Petrus Oňa: «Men Seniň bilen ölmeli bolsam-da, Seni asla inkär etmerin» diýdi. Şägirtleriň hemmesi-de şeýle diýdiler.
36Onsoň Isa şägirtleri bilen Getsemani diýen ýere gitdi. Ol olara: «Men hol ýere baryp, doga edip bolýançam, şu ýerde oturyň» diýdi.
37Petrus bilen Zebedeýiň iki ogluny ýanyna aldy-da, tukatlanyp, gaýgylanmaga başlady.
38Onsoň olara: «Meniň janym öler ýaly tukat, bu ýerde galyp, Meniň bilen bile oýa boluň» diýdi.
39Biraz öňe gidip, ýüzin ýatdy-da: «Eý Atam! Mümkin bolsa, bu käsäni Menden geçir; ýöne Meniň isleýşim ýaly däl, Seniň isleýşiň ýaly bolsun» diýip doga etdi.
40Isa şägirtleriň ýanyna gelse, olar uklap ýatan eken. Ol Petrusa şeýle diýdi: «Meniň bilen bile bir sagat-da oýa bolup bilmediňizmi?
41Synaga düşmez ýaly oýa boluň, doga ediň. Ruh islegli, ýöne ten ejizdir».
42Isa ikinji gezek gidip: «Eý Atam, Men içmesem, bu käsäniň geçmegi mümkin däl bolsa, onda, Seniň islegiň bolsun» diýip doga etdi.
43Ýene gelende, şägirtleri uklap ýatan eken, çünki olaryň gözleri ýumlup gelýärdi.
44Isa olary galdyryp, ýene gitdi, ýene şol öňki sözler bilen üçünji gezek doga etdi.
45Onsoň şägirtleriň ýanyna gelip, olara diýdi: «Siz entek-de uklap ýatyrmysyňyz? Dynjyňyzy alýarmysyňyz? Ine, sagat golaýlady, Ynsan Ogly günäkärleriň eline berilýär.
46Turuň, gideliň, ine, Maňa haýynlyk eden golaýlady».
47Ol entek gepläp durka, ine, Onkileriň biri bolan Iuda, onuň bilen bilelikde baş ruhanylar we halkyň ýaşululary tarapyndan gylyçly, taýakly bir uly märeke geldi.
48Oňa haýynlyk eden Iuda olara: «Men kimi öpsem, Şoldur, Şony tutuň» diýip, alamat beripdi.
49Ol derrew Isanyň ýanyna baryp: «Salam, Mugallym!» diýip, Ony öpdi.
50Isa hem oňa: «Näme üçin geldiň, dostum!» diýdi. Onsoň olar Isa golaý gelip, el urup, Ony tutdular.
51Ine, Isanyň ýanyndakylardan biri elini uzadyp, gylyjyny syrdy-da, baş ruhanynyň hyzmatkärini urup, gulagyny kesdi.
52Şonda Isa oňa şeýle diýdi: «Gylyjyňy gynyna sal, çünki gylyç çekenleriň hemmesi gylyç bilenem öldüriler.
53Ýa Men on iki legiondan köp perişdäni derrew ibersin diýip, Atama ýüz tutup bilmez öýdýärsiňmi?
54Onda, bu şeýle bolmalydyr diýen Mukaddes Ýazgylar nähili ýerine ýeter?»
55Şol sagat Isa märekä ýüzlenip, şeýle diýdi: «Bir talaňçynyň garşysyna çykýan ýaly, Meni tutmak üçin gylyç hem taýak bilen geldiňizmi? Her gün ybadathanada oturyp, sapak berenimde, Meni tutmandyňyz.
56Ýöne bularyň hemmesi pygamberleriň ýazgylarynyň ýerine ýetmegi üçin boldy». Şonda şägirtleriň hemmesi Ony taşlap gaçdylar.
57Isany tutanlar Ony baş ruhany Kaýafanyň ýanyna getirdiler, kanunçylar bilen ýaşulular-da şol ýere ýygnanypdylar.
58Petrus bolsa baş ruhanynyň howlusyna çenli gara görnümden Isanyň yzyna düşüp gitdi. Içerik girdi-de, işiň soňuny görjek bolup, hyzmatkärler bilen bile oturdy.
59Baş ruhanylar we bütin mejlis Isa ölüm jezasyny berjek bolup, Oňa garşy ýalan şaýatlar agtardylar.
60Köp ýalançy şaýatlar geldi, ýöne onda-da tapyp bilmediler. Ahyrsoňy iki ýalançy şaýat gelip,
61şeýle diýdi: «Bu Adam: „Men Hudaýyň ybadathanasyny ýykyp, ony üç günüň içinde salyp bilerin" diýdi».
62Baş ruhany ýokaryk galyp: «Sen asla jogap berjek dälmi? Bu adamlaryň Seniň garşyňa berýän güwäligi näme?» diýdi.
63Emma Isa dymdy. Baş ruhany Oňa: «Saňa diri Hudaýdan kasam edýärin, bize aýt, Hudaýyň Ogly Mesih Senmi?» diýdi.
64Isa oňa: «Seniň aýdyşyň ýalydyr, ýöne size diýýärin, mundan soň Ynsan Oglunyň gudratly Hudaýyň sagynda oturanyny, Gögüň bulutlary bilen gelýänini görersiňiz» diýdi.
65Şonda baş ruhany öz egin-eşigini ýyrtyp: «Ol Hudaýa dil ýetirdi, bize başga şaýat nämä gerek? Ine, Onuň Hudaýa dil ýetirenini özüňiz eşitdiňiz.
66Näme diýýärsiňiz?» diýdi. Olar hem jogap berip: «Ol ölüme mynasyp» diýdiler.
67Onsoň Isanyň ýüzüne tüýkürdiler, Ony ýumrukladylar, käbirleri Oňa:
68«Eý, Mesih, bize welilik et, Seni uran kim?» diýip, Ony şapbatladylar.
69Petrus bolsa daşarda howluda otyrdy. Bir keniz onuň ýanyna gelip: «Sen-de jelileli Isa bilen bilediň» diýdi.
70Emma ol hemmäniň ýanynda inkär edip: «Men seniň näme diýýäniňi bilmeýärin» diýdi.
71Derwezä tarap barýarka, başga bir keniz ony görüp, ol ýerde duranlara: «Bu adam hem Nasyraly Isa bilen biledi» diýdi.
72Petrus ýene-de inkär edip: «Men ol Adamy tanamaýaryn» diýip ant içdi.
73Az salymdan soň, ol ýerde duranlar gelip, Petrusa: «Dogrudan hem, sen-de olardan, çünki gepleýşiň muny bildirip dur» diýdiler.
74Şonda Petrus: «Men ol Adamy tanamaýaryn» diýip, ant içip, awy ýalamaga durdy. Edil şol wagt horaz gygyrdy.
75Petrus Isanyň: «Horaz gygyrmazyndan öň, sen Meni üç gezek inkär edersiň» diýen sözüni ýatlady-da, daşaryk çykyp, möňňürip aglady.