Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
46 verses
1Şonda Gögüň Patyşalygy çyralaryny alyp, giýewi garşylamaga çykan on gyz ýaly bolar.
2Olaryň bäşisi akylsyz, bäşisi-de akylly eken.
3Akylsyzlar çyralaryny alýarlar, ýöne ýanlaryna ýag almaýarlar.
4Akyllylar çyralary bilen birlikde gaplarda ýag äkidýärler.
5Giýew gijä galanda, hemmesi irkilip uklaýarlar.
6Ýarygije: „Ine, giýew gelýär, garşylamaga çykyň!" diýen batly ses eşidilýär.
7Şonda ýaňky gyzlaryň hemmesi turup, çyralaryny taýýarlaýarlar.
8Akylsyzlar akyllylara: „Bize ýagyňyzdan biraz beriň, çyralarymyz sönüp barýar" diýýärler.
9Emma akyllylar jogap berip: „Bize-de, size-de ýetmezlik edäýmesin, gowusy, satyjylara baryň-da, özüňiz üçin alaýyň" diýýärler.
10Olar ýag satyn almaga gidenlerinde, giýew gelýär, taýýar bolup duranlar onuň bilen toýhana girýärler welin, gapy ýapylýar.
11Beýleki gyzlar hem soň gelip: „Aga! Aga! Gapyny aç" diýýärler.
12Emma ol jogap berip: „Size dogrusyny aýdýaryn, men sizi tanamok" diýýär.
13Şeýlelik bilen, oýa boluň, çünki siz Ynsan Oglunyň ne geljek gününi, ne-de sagadyny bilýärsiňiz».
14Gögüň Patyşalygy uzak ýola çykmakçy bolup, hyzmatkärlerini ýanyna çagyryp, mal-mülküni olara tabşyran adam ýalydyr.
15Bu adam her haýsynyň başarnygyna laýyk: birine ― bäş, birine ― iki, birine ― bir talant berip, derrew ýola düşýär.
16Bäş talant alan gidip, bu pul bilen söwda etmäge girişýär, ýene bäş talant gazanýar.
17Iki talant alan-da şonuň ýaly, ýene iki talant gazanýar.
18Bir talant alan bolsa baryp, topragy gazýar-da, agasynyň puluny gizleýär.
19Köp wagtdan soň bu hyzmatkärleriň agasy gelip, olardan hasabat soraýar.
20Bäş talant alan gelip, ýene bäş talant getirip: „Eý aga! Sen maňa bäş talant beripdiň, ine, men ýene bäş talant gazandym" diýýär.
21Agasy oňa: „Berekella, ýagşy, sadyk hyzmatkär! Sen az zatda sadyk bolduň, men saňa köp zatlary ynanaryn, agaň şatlygyna şärik bol" diýýär.
22Iki talant alan hem gelip: „Eý aga! Sen maňa iki talant beripdiň, ine, men ýene iki talant gazandym" diýýär.
23Agasy oňa: „Berekella, ýagşy we sadyk hyzmatkär! Sen az zatda sadyk bolduň, men seni köp zatlara bellärin, agaň şatlygyna şärik bol" diýýär.
24Bir talant alan hem gelip: „Eý aga, men seniň gaty adamdygyňy bilýärdim. Sen ekmedik ýeriňden orýarsyň, sepmedik ýeriňden ýygýarsyň.
25Şonuň üçin gorkdum, gidip, talantyňy toprakda gizledim, ine, puluňy al!" diýýär.
26Emma agasy oňa şeýle diýýär: „Erbet hem ýalta hyzmatkär! Sen meniň ekmedik ýerimden orýandygymy, sepmedik ýerimden ýygýandygymy bilýärmidiň?
27Onda, pulumy pul işledýänlere bermelidiň, men-de gelip, ony peýdasy bilen alardym.
28Indi bir talanty ondan alyň-da, on talantla beriň.
29Çünki kimde bar bolsa, oňa berler, ondaky bol bolar, kimde ýok bolsa, onuň elindäki hem alnar.
30Peýdasyz hyzmatkäri daşaryk garaňkylyga taşlaň. Ol ýerde agy we diş gyjama bolar"».
31Ynsan Ogly öz şöhraty içinde ähli perişdeler bilen gelip, şöhratly tagtynda oturar.
32Ähli milletler Onuň öňüne ýygnanar, çopanyň goýunlary geçilerden saýlaýşy ýaly, Ol hem olary biri-birinden saýlar.
33Goýunlary sagynda, geçileri hem solunda goýar.
34Onsoň Patyşa sagyndakylara diýer: „Eý, Atamyň gutlanlary! Geliň, dünýä gurlaly beri siziň üçin taýýarlanan patyşalygy miras alyň.
35Çünki açdym ― iýmäge zat berdiňiz, teşnedim ― suw berdiňiz, ýatdym ― myhman aldyňyz,
36ýalaňaçdym ― geýindirdiňiz, syrkawdym ― idetdiňiz, zyndandadym ― görmäge geldiňiz".
37Şonda dogry adamlar Oňa jogap berip diýerler: „Ýa Reb, biz Seni haçan aç görüp, naharladyk ýa haçan teşne görüp, suw berdik?
38Haçan Seni ýat görüp, myhman aldyk ýa ýalaňaç görüp geýindirdik?
39Haçan Seni syrkaw ýa-da zyndanda görüp, ýanyňa geldik?"
40Patyşa jogap berip olara diýer: „Size dogrusyny aýdýaryn, Meniň bu iň kiçi doganlarymdan birine edeniňizi Maňa edensiňiz".
41Onsoň solundakylara şeýle diýer: „Eý, lagnatlylar, Meniň ýanymdan aýrylyň, iblis bilen onuň perişdelerine taýýarlanan ebedi oda gidiň.
42Çünki açdym ― iýmäge zat bermediňiz, teşnedim ― suw bermediňiz,
43ýatdym ― myhman almadyňyz, ýalaňaçdym ― geýindirmediňiz, syrkawdym we zyndandadym ― ýanyma gelmediňiz".
44Şonda olar şeýle jogap bererler: „Ýa Reb, biz Seni haçan aç, teşne, ýat, ýalaňaç, syrkaw ýa zyndanda görüp-de, Saňa hyzmat etmedik?"
45Şonda olara şeýle jogap berer: „Size dogrusyny aýdýaryn, bu iň kiçilerden birine etmedigiňizi, Maňa eden dälsiňiz".
46Bular ebedi jeza, dogry adamlar bolsa ebedi ýaşaýşa giderler».