Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
51 verses
1Isa ybadathanadan çykyp barýarka, şägirtleri ýanyna gelip, Oňa ybadathananyň jaýlaryny görkezjek boldular.
2Emma Isa olara şeýle jogap berdi: «Bütin bu zatlary görýärmisiňiz? Size dogrusyny aýdýaryn, bu ýerde daş üstünde daş galmaz, hemmesi dargar».
3Isa Zeýtun dagynda otyrka, şägirtleri ýekelikde Onuň ýanyna gelip, şeýle diýdiler: «Bize aýt, bu zatlar haçan bolar? Seniň gelmegiňiň we ahyrzamanyň alamaty näme bolar?»
4Isa olara şeýle jogap berdi: «Ägä boluň, sizi aldaýmasynlar.
5Çünki köpler: „Men Mesih" diýip, Meniň adym bilen gelerler, köp adamlary aldarlar.
6Uruş seslerini, uruş turanlygy barada habarlar eşidersiňiz. Ägä boluň, gorkmaň, çünki bularyň bary bolmalydyr, ýöne entek dünýäniň soňy däldir:
7Çünki millet-millete, patyşalyk-patyşalyga garşy çykar. Aýry-aýry ýerlerde açlyklar bolar, Ýer titrär.
8Emma bular burgularyň başlangyjydyr.
9Onsoň sizi gaýga basdyrarlar, öldürerler, Meniň adym üçin hemme milletler sizi ýigrener.
10Şonda köpler imandan dänip, biri-birlerine haýynlyk eder, biri-birlerini ýigrenerler.
11Birentek ýalan pygamberler döräp, köpleri azdyrarlar.
12Şer işleriň artanlygy zerarly, köpleriň söýgüsi sowar.
13Emma soňa çenli çydan halas bolar.
14Patyşalyk baradaky bu Hoş Habar hemme milletlere güwälik hökmünde dünýäniň ähli ýerinde wagyz ediler, ahyrzamana şonda geler.
15Şeýlelik bilen, Daniýel pygamber tarapyndan agzalan weýrançylyk getirýän ýigrenjiniň mukaddes ýerde duranyny göreniňizde (okyjy düşünsin),
16Ýahudadakylar daglara gaçsyn.
17Öýüň üçegindäki ― öýünden bir zat almak üçin aşak inmesin.
18Ekin meýdanyndaky ― donuny almak üçin yzyna öwrülmesin.
19Ol günlerde göwreli, çaga emdirýän aýallaryň gününe waý!
20Gaça-gaçlygyňyz gyş ýa Sabat güni bolmasyn diýip doga ediň.
21Çünki şonda uly muşakgat bolar, beýle muşakgat dünýäniň başyndan tä şu wagta çenli bolanam däldir, bolmazam.
22Ol günler gysgaldylmadyk bolsady, onda, hiç kim halas bolmazdy, ýöne saýlananlaryň hatyrasyna ol günler gysgaldylar.
23Şonda biri size: „Ine, Mesih şu ýerde" ýa-da „Ine, ol ýerde" diýse ynanmaň.
24Çünki ýalan mesihler, ýalan pygamberler döräp, mümkin boldugyça, saýlananlary-da azdyrjak bolup, uly alamatlar, gudratlar görkezerler.
25Ine, Men size öňünden aýtdym.
26Şeýlelikde, size: „Ine, Mesih çölde" diýseler-de çykmaň, „Ine, içki otaglarda" diýseler-de ynanmaň.
27Çünki ýyldyrym nähili gündogardan turup, günbatarda hem görünýän bolsa, Ynsan Oglunyň gelşi hem şeýle bolar.
28Maslyk nirede bolsa, garaguşlar şol ýere üýşüşýändir.
29Ol günleriň muşakgatynyň yzysüre Gün garalar, Aý yşygyny bermez, ýyldyzlar Gökden gaçyp, Gök gudratlary titrär.
30Onsoň Gökde Ynsan Oglunyň alamaty görner, şonda ýer ýüzüniň bütin taýpalary perýat eder, Ynsan Oglunyň Gökdäki bulutlarda gudrat hem uly şöhrat bilen gelýänini görer.
31Ol Öz perişdelerini belent surnaý sesi bilen ýollar. Olar-da Onuň saýlananlaryny dört tarapdan, Gögüň bir ujundan ol ujuna çenli ýygnarlar.
32Injir agajyndan sapak alyň: onuň şahalary ýumşap, ýaprak çykaran mahaly tomsuň golaýdygyny bilýärsiňiz.
33Şonuň ýaly-da, bu zatlary göreniňizde, Ynsan Oglunyň golaýdygyny, gapynyň agzyndadygyny biliň.
34Men size dogrusyny aýdýaryn, bu zatlar bolýança, bu nesil dünýäden ötmez.
35Gök hem ýer öter, ýöne Meniň sözlerim asla ötmez.
36Emma ol güni hem ol sagady hiç kim, Gökdäki perişdeler-de bilýän däldir, diňe Ata bilýändir.
37Nuhuň günleri nähili bolan bolsa, Ynsan Oglunyň gelşi-de şeýle bolar.
38Çünki adamlar Nuhuň gämä münen gününe çenli, tupandan öňki günlerde iýip, içip, öýlenip, äre çykýardylar.
39Tupan turup, hemmesini äkidýänçä, olar hiç zady bilmeýärdiler. Ynsan Oglunyň gelşi hem şeýle bolar.
40Şonda ekin meýdanynda iki adam bolar, biri alnar, biri goýlar.
41Degirmen başynda galla üweýän iki aýal bolar, biri alnar, biri goýlar.
42Oýa boluň, çünki siz Rebbiňiziň haýsy gün geljegini bilmeýärsiňiz.
43Emma muny biliň: öý eýesi ogrynyň haýsy sagatda geljegini bilsedi, oýa bolardy, öýüni talatmazdy.
44Munuň üçin, siz hem taýýar boluň, çünki Ynsan Ogly siziň oslamaýan sagadyňyzda geler.
45Hyzmatkärlere wagtly-wagtynda nahar paýlaryny bersin diýip, agasynyň olaryň üstünden goýan sadyk hem akylly hyzmatkäri kim?
46Agasy gelende, şeýle edip ýörenini görjek hyzmatkäri nähili bagtlydyr!
47Size dogrusyny aýdýaryn, agasy bütin mal-mülküni şoňa ynanar.
48Bu ýaramaz hyzmatkär öz içinden: „Agam giç geler" diýip,
49ýoldaşlaryny urmaga, serhoşlar bilen iýip-içmäge başlasa,
50ol hyzmatkäriň agasy onuň oslamaýan gününde, bilmeýän sagadynda gelip,
51ony iki bölüp, paýyny ikiýüzlüleriňki bilen deň eder. Ol ýerde agy we diş gyjama bolar».