Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
39 verses
1Onsoň Isa halka, Öz şägirtlerine şeýle gürrüň berdi:
2Kanunçylar bilen fariseýler Musanyň ornunda otyrlar.
3Şonuň üçin olaryň size aýdýanlarynyň baryny ýerine ýetiriň, berjaý ediň, ýöne olaryň edenlerini etmäň, çünki aýdyp-da, özleri edýän däldirler.
4Olar agyr, götermesi kyn ýükleri baglap, adamlaryň gerşine goýýandyrlar, ýöne özleri bu ýükleri götermek üçin bir barmaklaryny hem gymyldatmak isleýän däldirler.
5Olar edýän ähli zatlaryny göz üçin edýändirler. Doga gutularyny giňeldip, geýimleriniň pürçügini uzaldýandyrlar.
6Zyýapatlarda töri, sinagogalarda baş kürsüleri,
7bazar ýerinde salam almagy, adamlaryň özlerine „mugallym" diýmegini söýýändirler.
8Siz özüňize „mugallym, mugallym" diýdirmäň, çünki siziň Mugallymyňyz birdir, siziň baryňyz dogansyňyz.
9Ýer ýüzünde hiç kime „Ata" diýmäň, çünki siziň Ataňyz birdir, Ol Gökdedir.
10Özüňize „Ýolbaşçy" diýdirmäň, çünki siziň Ýolbaşçyňyz birdir, Ol Mesihdir.
11Ulyňyz hemmäňize hyzmatkär bolsun.
12Çünki özüni beýgelden peseler, özüni peselden beýgeler.
13Waý günüňize, eý, kanunçylar we fariseýler, ikiýüzlüler! Çünki siz Gögüň Patyşalygyny adamlara baglaýarsyňyz, ne özüňiz girýärsiňiz, ne-de girjeklere ýol berýärsiňiz.
14Waý günüňize, eý, kanunçylar we fariseýler, ikiýüzlüler! Çünki siz dul hatynlaryň öýlerini talap, göz üçin uzyn-uzyn dogalar okan bolýarsyňyz. Şonuň üçin siz has agyr jeza sezewar bolarsyňyz.
15Waý günüňize, eý, kanunçylar we fariseýler, ikiýüzlüler! Çünki birje adamy öz diniňize girizjek bolup, deňizlere, düzlere aýlanýarsyňyz. Girizeniňizde bolsa, ony özüňizden iki esse dowzah ogly edýärsiňiz.
16„Biriniň ybadathanadan ant içmegi möhüm däl, ýöne kim ybadathananyň gyzylyndan ant içse, öz antyna daňylgy bolar" diýýän kör ýol görkezijiler, waý günüňize!
17Eý, akmaklar we körler! Haýsysy uly, gyzylmy ýa gyzyly mukaddes edýän ybadathana?
18Ýene: „Biriniň gurbanlyk edilýän ýerden ant içmegi möhüm däl, ýöne kim onuň üstündäki gurbandan ant içse, öz antyna daňylgy bolar" diýýärsiňiz.
19Eý, akmaklar we körler! Haýsysy uly, gurbanmy ýa gurbany mukaddes edýän gurbanlyk ýeri?
20Gurbanlyk edilýän ýerden ant içýän ondan hem onuň üstündäki zatlaryň hemmesinden ant içýändir.
21Ybadathanadan ant içýän ondan we onuň içinde mekan tutan Hudaýdan ant içýändir.
22Gökden ant içýän Hudaýyň tagtyndan we onuň üstünde Oturandan ant içýändir.
23Waý günüňize, eý, kanunçylar we fariseýler, ikiýüzlüler! Çünki siz narpyzdan, anisden we zireden zekat berip, kanunyň wajybrak işlerini, adyllygy, rehimdarlygy, imany taşladyňyz. Bu zatlary etmeli, beýlekileri-de taşlamaly däldiňiz.
24Eý çybyny süzüp aýryp, düýäni ýuwudýan kör ýol görkezijiler!
25Waý günüňize, eý, kanunçylar we fariseýler, ikiýüzlüler! Çünki siz käsedir gap-çanagyň daşyny arassalaýarsyňyz, olaryň içi bolsa ogurlyk hem nebisjeňlikden doly.
26Eý, kör fariseý! Käsedir gap-çanagyň daşy-da arassa bolar ýaly, öňinçä içini arassala.
27Waý günüňize, eý, kanunçylar we fariseýler, ikiýüzlüler! Çünki siz agardylyp, daşyndan owadan görünýän, ýöne içi ölüleriň süňkleri we her tüýsli murdarlykdan doly mazarlarsyňyz.
28Siz hem daşyňyzdan adamlara dogry adam ýaly görünýärsiňiz, ýöne içiňiz ikiýüzlülikden, erbetlikden doly.
29Waý günüňize, eý, kanunçylar we fariseýler, ikiýüzlüler! Çünki siz pygamberlere mazarlar salyp, dogry adamlaryň ýadygärliklerini bezäp:
30„Biz atalarymyzyň günlerinde bolan bolsak, pygamberleriň ganyny dökmekde olara şärik bolmazdyk" diýýärsiňiz.
31Şeýlelik bilen, pygamberleri öldürenleriň ogullarydygyňyza özüňiz güwä geçýärsiňiz.
32Onda, atalaryňyzyň başlan işlerini tamamlaň!
33Eý ýylanlar we alahöwrenler nesli! Dowzah höküminden nähili gaçjak?
34Şoňa görä, ine, Men size pygamberler, akyldarlar we kanunçylar ýollaýaryn. Siz olaryň käbirini öldürersiňiz, haça çüýlärsiňiz, käbirini-de sinagogalaryňyzda ýenjersiňiz, şäherden-şähere kowalarsyňyz.
35Şeýlelikde, dogry adam bolan Habylyň ganyndan tä ybadathana bilen gurbanlyk edilýän ýer arasynda öldüreniňiz Berekýanyň ogly Zekerýanyň ganyna çenli, her dogry adamyň ýer ýüzünde dökülen ganyna siz jogapkärsiňiz.
36Size dogrusyny aýdýaryn, bu zatlaryň ählisine şu nesil jogapkärdir.
37Eý, Iýerusalim! Pygamberleri öldürýän, özüne ýollananlary daşlaýan Iýerusalim! Bir towugyň jüýjelerini ganatlarynyň aşagyna ýygnaýşy ýaly, Men hem ençeme gezek seniň çagalaryňy ýygnajak boldum, emma siz islemediňiz.
38Ine, öýüňiz size haraba bolup galýar.
39Çünki size aýdýaryn, siz „Rebbiň adyndan gelen gutly bolsun" diýene deňeç Meni gaýtadan görmersiňiz».