Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
46 verses
1Isa olara ýene-de tymsallar bilen gürrüň berip, şeýle diýdi:
2Gögüň Patyşalygy öz ogly üçin gelin toýuny tutan patyşa ýalydyr.
3Ol toýa çagyrylanlara habar etmek üçin hyzmatkärlerini iberýär, ýöne çagyrylanlar gelmek islemeýärler.
4Patyşa ýene başga hyzmatkärleri iberip, olara şeýle diýýär: „Çagyrylanlara aýdyň, ine, men naharymy taýýarladym, öküzler, semiz mallar soýuldy, ähli zat taýýar, toýa gelsinler".
5Emma olar ähmiýet bermeýärler, biri öz ekin meýdanyna, ýene biri öz söwdasynyň ugruna çykýar.
6Beýlekiler-de onuň hyzmatkärlerini tutup, horlaýarlar, olary öldürýärler.
7Şeýlelikde, patyşa gazaplanyp, goşun ýollaýar-da, ýaňky ganhorlary derbi-dagyn edýär, şäherlerini otlaýar.
8Onsoň hyzmatkärlerine diýýär: „Toý taýýar, ýöne çagyrylanlar muňa mynasyp däl eken.
9Ýol çatryklaryna baryň-da, kimi tapsaňyz, toýa çagyryň".
10Bu hyzmatkärler hem ýollara çykyp, ýaman diýmän, ýagşy diýmän, tapanlarynyň baryny üýşürýärler, toýhana myhmandan dolýar.
11Patyşa myhmanlara seretjek bolup içerik girende, toý geýimini geýmedik bir adama gözi düşýär.
12Oňa diýýär: „Eý dost, sen toý geýimini geýmän, bu ýere nähili girdiň?" Ýöne ol sesini çykarmaýar.
13Onsoň patyşa hyzmatkärlere diýýär: „El-aýagyny baglaň-da, ony daşaryk, garaňkylyga taşlaň, ol ýerde agy we diş gyjama bolar".
14Çünki çagyrylanlar köp, saýlananlar azdyr».
15Onsoň fariseýler gidip, Ony gepde tutmak barada maslahat geçirdiler.
16Hirodesçiler bilen öz şägirtlerini Isanyň ýanyna iberip diýdiler: «Mugallym! Biz Seniň dogruçyldygyňy, Hudaýyň ýoluny hakykat ýüzünden öwredýändigiňi, hiç kime ýaranjak bolmaýandygyňy bilýäris, çünki Sen adamlaryň derejesine bakmaýarsyň.
17Indi bize aýt, Sen näme diýýärsiň, kaýsara salgyt tölemek dogrumy ýa dälmi?»
18Isa olaryň ýaman niýetlerini bilip diýdi: «Meni näme üçin synaýarsyňyz, eý ikiýüzlüler?
19Maňa salgyt puluny görkeziň». Olar hem Oňa bir dinar getirdiler.
20Isa olara: «Şu surat bilen ýazgy kimiňki?» diýdi.
21Olar: «Kaýsaryňky» diýdiler. Şonda Isa olara: «Onda, kaýsaryňkyny kaýsara, Hudaýyňkyny Hudaýa beriň» diýdi.
22Olar muny eşidenlerinde haýran galyp, Onuň ýanyndan gitdiler.
23Ölümden direlme ýokdur diýýän saddukeýler şol gün Isanyň ýanyna gelip, Oňa sorag berdiler:
24Mugallym, Musa: „Eger bir adamyň zürýady bolman ölse, dogany onuň aýalyny alyp, doganyna nesil ýetişdirmelidir" diýipdir.
25Biziň aramyzda ýedi dogan bardy. Birinjisi öýlendi-de öldi. Zürýady bolmansoň, aýalyny doganyna galdyrdy.
26Ikinjisi, üçünjisi, tä ýedinjisine çenli şeýle boldy.
27Olaryň hemmesinden soň hem aýal öldi.
28Indi, ölüler direlende, bu aýal ol ýedi doganyň haýsysynyň aýaly bolar? Çünki hemmesi ony alypdy».
29Isa olara şeýle jogap berdi: «Siz Mukaddes Ýazgylary, Hudaýyň gudratyny bilmän ýalňyşýarsyňyz.
30Ölüler direlenlerinde öýlenmän, äre çykman, Hudaýyň Gökdäki perişdeleri ýaly bolarlar.
31Ölümden direlmä gelenimizde bolsa, siz Hudaýyň özüňize:
32„Men Ybraýymyň Hudaýy, Yshagyň Hudaýy, Ýakubyň Hudaýydyryn" diýenini okamadyňyzmy? Ol ölüleriň däl, dirileriň Hudaýydyr».
33Märeke muny eşidip, Onuň taglymatyna haýran galdy.
34Fariseýler Isanyň saddukeýleriň sesini çykartmanlygyny eşidenlerinde, bir ýere ýygnanyşdylar.
35Olardan bir kanunçy Isany synamak üçin:
36«Mugallym, kanunda iň uly tabşyryk näme?» diýip sorady.
37Isa oňa şeýle diýdi: «„Hudaýyň Rebbi bütin ýüregiň, bütin janyň, bütin düşünjäň bilen söý".
38Şu birinji we iň uly tabşyrykdyr.
39Ikinji hem şonuň ýaly: „Goňşyňy özüň ýaly söý".
40Bütin kanun we pygamberler ýazgylary şu iki tabşyryga baglydyr».
41Fariseýler ýygnanyşyp durkalar, Isa olardan:
42«Mesih barada näme pikir edýärsiňiz? Ol kimiň Ogly?» diýip sorady. Olar hem Isa: «Ol Dawudyň Ogly» diýdiler.
43Isa olara şeýle diýdi: «Onda, näme üçin Dawut Ruhdan ylham alyp, Oňa Reb diýip:
44„Reb meniň Rebbime diýdi: Duşmanlaryňy aýaklaryň astynda goýýançam, Meniň sagymda otur" diýýär?
45Eger Dawut Oňa Reb diýýän bolsa, Ol nähili Dawudyň ogly bolýar?»
46Hiç kim Isa jogap berip ýekeje söz hem aýdyp bilmedi, şol günden beýläk hiç kim Ondan bir zat soramaga ýürek etmedi.