Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
42 verses
1Isa on iki şägirdini ýanyna çagyryp, olara al-arwahy kowmaga, her hili syrkawlygy, her hili hassalygy bejermäge ygtyýar berdi.
2On iki resulyň atlary şular: birinjisi Petrus diýlen Simun we dogany Andreas, Zebedeýiň ogly Ýakup we dogany Ýahýa,
3Filipus, Bartolomeus, Tomas we salgytçy Matta, Alfeusyň ogly Ýakup we Taddeus lakamly Lebbeus,
4Watançy Simun we Isa haýynlyk eden Iuda Iskariot.
5Isa bu Onkileri ýollap, olara şeýle buýruk berdi: «Özge milletlere degişli ýerlere gitmän, samariýalylaryň şäherleriniň hiç birine barman,
6Ysraýyl öýüniň ýiten goýunlarynyň ýanyna baryň.
7Barýarkaňyz Gögüň Patyşalygynyň golaýlandygyny wagyz ediň.
8Syrkawlary sagaldyň, heýwere kesellileri tämiz ediň, ölüleri direldiň, jynlary çykaryň. Mugt aldyňyz, mugt beriň.
9Guşagyňyzda ne altyn, ne kümüş, ne-de mis saklaň.
10Ýol üçin ne torba, ne-de iki köýnek, ne çaryk, ne-de taýak alyň. Çünki işgär öz azygyna mynasypdyr.
11Haýsy şähere ýa oba barsaňyz, ol ýerde kimiň mynasypdygyny sorap-idäň-de, gaýdýançaňyz şol ýerde boluň.
12Bir öýe gireniňizde, şol öýe salam beriň.
13Öýdäkiler salama mynasyp bolsa, salamyňyz olaryň üstüne geler. Öýdäkiler mynasyp bolmasa, salamyňyz özüňize döner.
14Kim sizi kabul etmese, sözleriňizi diňlemese, ol öýden ýa şäherden çykyp barýarkaňyz aýaklaryňyzyň tozanyny kakyň.
15Size dogrusyny aýdýaryn, magşar güni Sodom we Gomorra şäherleriniň ýagdaýy ol şäheriň ýagdaýyndan has ýeňil bolar».
16Ine, Men sizi möjekleriň arasyna goýunlar ýaly ýollaýaryn, şonuň üçin ýylanlar ýaly akylly, kepderi ýaly sada boluň.
17Adamlardan ägä boluň, çünki olar sizi mejlislere tabşyrarlar, sinagogalarynda ýenjerler.
18Siz olara we milletlere güwälik bolar ýaly, Men sebäpli hökümdarlaryň, patyşalaryň huzuryna eltilersiňiz.
19Ýöne olar sizi eltip tabşyranlarynda, nähili ýa näme diýjegiňizi gaýgy etmäň, çünki näme diýilmelidigi şol sagatda size berler.
20Çünki gepleýän siz däl-de, siz arkaly gepleýän Ataňyzyň Ruhudyr.
21Dogan dogany, ata çagasyny ölüme tabşyrar, çagalar hem ata-enelerine baş göterip, olary öldürderler.
22Meniň adym sebäpli hemmeler sizi ýigrener, emma soňuna çenli çydan halas bolar.
23Sizi bir şäherde yzarlasalar, beýlekisine gaçyň. Size dogrusyny aýdýaryn, Ynsan Ogly gelýänçä, siz Ysraýylyň ähli şäherlerine asla aýlanyp bilmersiňiz.
24Şägirt öz mugallymyndan, gul öz agasyndan ýokary däldir.
25Şägirde öz mugallymy ýaly, gula öz agasy ýaly bolmak ýeterlikdir. Öý eýesine Beýelzebul diýen bolsalar, onuň içerisindäkilere ondan hem beter diýerler».
26Şonuň üçin olardan gorkmaň. Çünki üsti açylmajak ýapyk zat, bilinmejek gizlin zat ýokdur.
27Garaňkylykda size näme aýtsam, şony ýagtylykda aýdyň. Gulagyňyza çakylan çawuşy tamlaryň üstünden yglan ediň.
28Bedeni öldürip, jany öldürip bilmeýänlerden gorkman, eýsem, dowzahda hem teni, hem jany ýok etmäge gudraty bar bolan Hudaýdan gorkuň.
29Iki serçe bir köpüge satylmaýarmy? Muňa garamazdan, Ataňyzdan rugsatsyz olaryň biri-de ýere gaçýan däldir.
30Siziň başyňyzyň saçlary hem bütinleý sanalgydyr.
31Munuň üçin gorkmaň, siz köp serçelerden gymmatlysyňyz.
32Kim meni ynsanlaryň öňünde ykrar etse, Men-de ony Gökdäki Atamyň öňünde ykrar ederin.
33Kim-de Meni adamlaryň öňünde inkär etse, Men-de ony Gökdäki Atamyň öňünde inkär ederin».
34Meni ýer ýüzüne parahatlyk getirmäge gelendir öýtmäň. Men parahatlyk däl-de, gylyç getirmäge geldim.
35Çünki Men ogly atasyndan, gyzy enesinden, gelni gaýyn enesinden aýyrmaga geldim.
36Adamyň duşmany öz içerisindäkiler bolar.
37Atasyny, enesini Menden artyk söýen Maňa mynasyp däldir. Ogluny, gyzyny Menden artyk söýen Maňa mynasyp däldir.
38Öz haçyny alyp, Meniň yzyma düşmedik hem Maňa mynasyp däldir.
39Janyny goran ony ýitirer. Meniň ugrumda janyny ýitiren ony gorar.
40Sizi kabul eden Meni kabul eder, Meni kabul eden hem Meni Ýollany kabul eder.
41Kim bir pygamberi pygamberligi üçin kabul etse, pygamberiň sylagyny alar. Bir dogry adamy dogrulygy üçin kabul eden dogry adamyň sylagyny alar.
42Kim şu kiçileriň birine şägirtligi üçin, içmäge diňe bir käse sowuk suw berse hem, size dogrusyny aýdýaryn, ol asla sylagsyz galmaz».