Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
38 verses
1Isa gaýyga mündi-de, beýleki kenara geçip, öz şäherine geldi.
2Ine, Onuň ýanyna düşekde ýatan bir ysmazy getirdiler. Isa olaryň imanyny görüp, ysmaza: «Oglum, batyr bol, seniň günäleriň ötüldi» diýdi.
3Şonda kanunçylardan käbirleri öz içlerinden: «Bu adam Hudaýa dil ýetirýär» diýdiler.
4Emma Isa olaryň pikirlerini bilip, şeýle diýdi: «Näme üçin göwnüňize erbet pikirler getirýärsiňiz?
5Haýsysy aňsat: „Günäleriň ötüldi" diýmekmi ýa-da „Tur, ýöre" diýmek?
6Emma siz Ynsan Oglunyň ýer ýüzünde günäleri ötmäge ygtyýarynyň bardygyny biler ýaly...» diýdi-de, ysmaz bolan adama: «Tur, düşegiňi al-da, öýüňe git» diýdi.
7Ol-da turup, öýüne gitdi.
8Märeke muny görüp haýran galdy. Olar adama beýle ygtyýar beren Hudaýy şöhratlandyrdylar.
9Isa şol ýerden geçip barýarka, Matta atly bir adamyň salgythanada oturanyny görüp, oňa: «Meniň yzyma düş» diýdi. Ol hem turup, Onuň yzyna düşdi.
10Isa öýde saçak başynda otyrka, ine, köp salgytçylar, günäkärler gelip, Isa we Onuň şägirtleriniň ýanynda oturdylar.
11Fariseýler muny görüp, Onuň şegirtlerinden: «Näme üçin siziň Mugallymyňyz salgytçylardyr günäkärler bilen bile nahar iýýär?» diýip soradylar.
12Isa muny eşidip, şeýle diýdi: «Tebip saglara däl-de, syrkawlara gerekdir.
13Ýöne siz gidiň-de: „Men gurban däl-de, rehimdarlyk isleýärin" diýen sözüň manysyny öwreniň, çünki Men dogry adamlary däl-de, günäkärleri toba çagyrmaga geldim».
14Onsoň Ýahýanyň şägirtleri Isanyň ýanyna gelip, şeýle diýdiler: «Näme üçin biz we fariseýler oraza tutýarys-da, Seniň şägirtleriň oraza tutmaýarlar?»
15Isa olara şeýle jogap berdi: «Giýew ýanlaryndaka, toýa çagyrylanlar ýas tutup bilermi? Ýöne giýewiň olardan alynjak günleri geler, şonda olar oraza tutarlar.
16Hiç kim köne eşige täze matadan ýama salmaz, çünki salnan ýama köne eşikden gopup, ýyrtyk has erbet bolar.
17Şonuň ýaly, täze şerap-da köne meşiklere guýulmaz. Şeýle edilse, meşikler ýarylyp, şerap döküler, meşikler hem zaýalanar. Täze şerap täze meşiklere guýulýandyr, şeýlelikde, ikisi hem aýawly saklanýandyr».
18Bu zatlary olara aýdyp durka, ine, bir sinagoga başlygy geldi, Onuň aýagyna ýykylyp: «Meniň gyzym ýaňyja öldi. Muňa garamazdan, gel-de, eliňi onuň üstünde goý, ol direler» diýdi.
19Isa turup, şägirtleri bilen bile onuň yzyna düşüp gitdi.
20Ine, on iki ýyldan bäri gan akma keselinden ezet çekýän bir aýal Isanyň ýeňsesinden gelip, Onuň geýiminiň syýyna elini degirdi.
21Çünki ol aýal öz içinden: «Diňe geýimine-de elimi degirsem, sagalaryn» diýýärdi.
22Isa-da yzyna öwrülip, ony gördi-de: «Batyr bol, gyzym, imanyň saňa şypa berdi» diýdi. Aýal şol sagadyň özünde sagaldy.
23Isa başlygyň öýüne gelende, tüýdükçileri, galmagal edişip duran märekäni görüp,
24olara: «Aýrylyň, gyz ölenok, diňe uklap ýatyr» diýdi. Olar Isa gülüşdiler.
25Märeke daşaryk çykarylanda, Isa içerik girip, gyzyň elinden tutdy, gyz hem aýaga galdy.
26Bu habar ol ýurduň ähli ýerine ýaýrady.
27Isa ol ýerden gelýärkä, iki sany kör adam Onuň yzyna düşüp: «Bize rehim et, eý Dawut Ogly» diýip gygyryşdylar.
28Isa öýe girende, körler Onuň ýanyna geldiler. Isa olara: «Meniň bu işi başarjagyma ynanýarsyňyzmy?» diýdi. Olar hem Oňa: «Hawa, ýa Reb» diýdiler.
29Onsoň Isa olaryň gözlerine elini degrip: «Size imanyňyza görä bolsun» diýdi.
30Olaryň hem gözleri açyldy. Isa: «Ägä boluň, muny hiç kim bilmesin» diýip, olara berk tabşyrdy.
31Emma olar çykan batlaryna, Onuň at-owazasyny ýurduň ähli ýerine ýaýratdylar.
32Olar çykyp barýarka, ine, jyn uran bir lal adamy Onuň ýanyna getirdiler.
33Jyn kowlandan soň, lal adam geplemäge başlady. Märeke geň galyp: «Ysraýylda hiç haçan beýle zat görlen däldir» diýişdiler.
34Emma fariseýler: «Ol jynlary jynlaryň hany arkaly kowup çykarýar» diýişdiler.
35Isa şäherme-şäher, obama-oba aýlanyp, olaryň sinagogalarynda sapak bererdi, Patyşalygyň Hoş Habaryny wagyz edip, her syrkawlygy, her hassalygy bejererdi.
36Isa märekäni görüp, olara haýpy geldi, çünki olar çopansyz goýunlar ýaly pytraňňydy, alaçsyzdy.
37Şonda, Isa şägirtlerine şeýle diýdi: «Hasyl bol, ýöne işçi az.
38Munuň üçin, Öz hasylyny ýygmaga işçi iberer ýaly, hasyl eýesi Rebbe ýalbaryň».