Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
34 verses
1Isa dagdan inende, uly märeke Onuň yzyna eýerdi.
2Ine, heýwere keselli bir adam gelip: «Ýa Reb, eger isleseň, meni tämiz edip bilersiň» diýip, Oňa sežde etdi.
3Isa hem elini uzadyp, oňa degirdi-de: «Isleýärin, tämiz bol!» diýdi. Ol hem şol bada heýwere keselinden tämiz boldy.
4Isa oňa şeýle diýdi: «Ägä bol, muny hiç kime aýtma, ýöne git-de, özüňi ruhana görkez, hemmelere güwälik bolar ýaly, Musanyň tabşyran gurbanyny bagyş et».
5Isa Kapernauma girende, bir ýüzbaşy Onuň ýanyna gelip:
6«Reb, meniň hyzmatkärim öýde ysmaz bolup ýatyr, gaty yza çekýär» diýip, Oňa ýalbardy.
7Isa oňa: «Baryp, ony sagaldaryn» diýdi.
8Ýüzbaşy şeýle jogap berdi: «Ýa Reb, Seniň öýüme gelmegiňe men mynasyp däl, diňe birje söz aýt, hyzmatkärim sagalar.
9Çünki men-de bir gol astyndaky adam, meniň gol astymda hem esgerler bar. Birine „Git" diýsem, gidýär, ýene birine „Gel" diýsem, gelýär, hyzmatkärime „Şuny et" diýsem, edýär».
10Isa muny eşidende haýran galdy, yzyna düşüp gelýänlere şeýle diýdi: «Size dogrusyny aýdýaryn, Men hatda Ysraýylda hem beýle imany hiç kimde göremok.
11Size diýýärin, gündogardan, günbatardan köp adamlar gelip, Ybraýym, Yshak we Ýakup bilen birlikde Gögüň Patyşalygynda oturarlar.
12Patyşalygyň mirasçylary bolsa daşaryk garaňkylyga taşlanar, ol ýerde agy we diş gyjama bolar».
13Isa ýüzbaşa: «Git, saňa iman edişiň ýaly bolsun» diýdi. Onuň hyzmatkäri şol sagadyň özünde sagaldy.
14Isa Petrusyň öýüne baranda, onuň gaýynenesiniň gyzzyrma tutup ýatanyny gördi.
15Onuň eline elini degirdi. Şol bada aýalyň gyzzyrmasy aýryldy, turup, Isa hyzmat etmäge durdy.
16Agşam düşende, jyn-arwah uran köp adamlary Onuň ýanyna getirdiler. Ol hem bir söz bilen erbet ruhlary çykardy, syrkawlaryň hemmesini sagaltdy.
17Bularyň hemmesi Işaýa pygamber arkaly aýdylan şu sözüň ýerine ýetmegi üçin boldy: «Biziň ejizliklerimizi Öz üstüne aldy, syrkawlyklarymyzy Öz gerdeninde çekdi».
18Isa töweregindäki uly märekäni görüp, beýleki kenara geçmekligi buýurdy.
19Şol wagt bir kanunçy gelip, Oňa: «Mugallym! Sen nirä gitseň, men-de Seniň yzyňa düşjek» diýdi.
20Isa oňa: «Tilkileriň süreni, Gök guşlarynyň höwürtgesi bardyr, ýöne Ynsan Oglunyň başyny ýassyga goýara-da ýeri ýokdur» diýdi.
21Başga bir şägirdi Isa: «Ýa Reb! Rugsat et, öňürti gidip kakamy jaýlaýyn» diýdi.
22Emma Isa oňa: «Meniň yzyma düş, goý, ölüler öz ölülerini jaýlasynlar» diýdi.
23Isa gaýyga münende, şägirtleri Onuň yzyna eýerdiler.
24Onsoň kölde bir uly tupan turup, gaýyk tolkunlara büreldi. Isa bolsa ýatyrdy.
25Şägirtleri baryp, Ony oýaryp: «Bizi halas et, ýa Reb, heläk bolup barýarys» diýdiler.
26Isa olara: «Eý, imany azlar, näme üçin gorkýarsyňyz?» diýdi. Ol turup, ýele, köle käýänsoň, imi-salalyk boldy.
27Hemmeler: «Bu nähili adam, ýel-de, köl-de Onuň sözüne gulak asýar!» diýip geňirgenişdiler.
28Isa beýleki kenara ― gadaralylaryň ýurduna baranda, Oňa mazardan çykan iki sany jynly adam gabat geldi. Bular gaty howpludy, hiç kim bu ýoldan geçip bilmezdi.
29Olar: «Eý Hudaýyň Ogly Isa, biziň bilen näme işiň bar? Bu ýere wagtyndan öň bizi gynamaga geldiňmi?» diýip gygyryşdylar.
30Olardan uzagrakda otlap ýören bir doňuz sürüsi bardy.
31Jynlar Isa: «Bizi kowjak bolsaň, doňuz sürüsine gönder» diýip ýalbardylar.
32Isa hem olara: «Gidiň» diýdi. Olar hem çykyp doňuzlara girdiler. Onsoň tutuş süri uçutdan kölüň içine paýyrdaşyp, suwda gark boldy.
33Çopanlar bolsa şähere gaçyp gelip, ähli zady, jynlylaryň başyna düşen işi hem habar berdiler.
34Onsoň bütin şäher Isany garşylamaga çykdy we Ony görenlerinde, ülkelerini terk etmegi üçin, Oňa ýalbardylar.