Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
29 verses
1Üstüňizden höküm çykarylmaz ýaly, başgalaryň üstünden höküm çykarmaň.
2Çünki nähili höküm çykarsaňyz, siziň-de üstüňizden şonuň ýaly höküm çykarylar; haýsy ölçeg bilen ölçeseňiz, size-de şol ölçeg bilen ölçeler.
3Näme üçin sen doganyňyň gözündäki çöpi görýärsiň-de, öz gözüňdäki agajy saýgarmaýarsyň?
4Ýa-da öz gözüňde agaç barka, doganyňa nädip: „Gel, gözüňdäki çöpi çykaraýyn" diýjek?
5Eý ikiýüzli, ilki öz gözüňden agajy çykar, onsoň doganyň gözünden çöpi çykarmak üçin oňat saýgararsyň.
6Mukaddes zady itlere bermäň, dürdäneleriňizi doňuzlaryň öňüne taşlamaň, olary aýaklary bilen depeläp, öwrülip, sizi tike-tike edäýmesinler».
7Diläň, size berler; agtaryň, taparsyňyz; gapyny kakyň, size açylar.
8Çünki dilän alar, agtaran tapar, gapy kakana açylar.
9Sizden haýsy adam ogly çörek dilände, oňa daş berer?
10Ýa balyk dilände, oňa ýylan berer?
11Şeýlelikde, erbet bolan siz öz oglanlaryňyza oňat sylaglar bermegi bilýän bolsaňyz, onda Gökdäki Ataňyz Özünden dilänlere has-da köp oňat zatlar berer!
12Şoňa görä, adamlaryň özüňize näme etmegini isleýän bolsaňyz, siz hem olara şony ediň, çünki kanun we pygamberler ýazgylarynyň özeni şudur».
13Dar gapydan giriň, çünki heläkçilige getirýän gapy giň, ýol inli, ol gapydan girýänler köpdür.
14Ýöne ýaşaýşa getirýän gapy dar, ýol insiz, ony tapýanlar azdyr».
15Ýalan pygamberlerden ägä boluň. Olar siziň ýanyňyza goýun derisine girip gelerler, emma içi ýyrtyjy möjekdirler.
16Siz olary miwelerinden tanarsyňyz. Tikenden üzüm ýa gyzgandan injir ýygylýarmy?
17Şonuň ýaly-da her bir oňat agaç oňat miwe berýändir, erbet agaç bolsa erbet miwe berýändir.
18Oňat agaç erbet miwe berip bilmez, erbet agaç-da oňat miwe berip bilmez.
19Oňat miwe bermeýän her bir agaç kesilip, oda taşlanýandyr.
20Şeýlelik bilen, ýalan pygamberleri miwelerinden tanarsyňyz.
21Maňa: „Ýa Reb! Ýa Reb!" diýen her bir adam Gögüň Patyşalygyna girmez, diňe Gökdäki Atamyň islegini berjaý eden girer.
22Şol günde köpler Maňa: „Ýa Reb, ýa Reb, biz seniň adyň bilen welilik etmedikmi? Seniň adyň bilen jynlary kowmadykmy? Seniň adyň bilen köp mugjyzalar etmedikmi?" diýerler.
23Şonda Men olara: „Eý betkärler, Men sizi asla tanamaýaryn, ýanymdan aýrylyň!" diýip, açyk aýdaryn».
24Şeýlelikde, Men bu sözlerimi eşidip, olary berjaý edýän kişini öýüni gaýanyň üstünde salan akylly adama meňzedýärin.
25Ýagyş ýagyp siller geldi, ýeller öwsüp, ol öýe urdy, emma öý ýykylmady, çünki ol gaýanyň üstünde gurlupdy.
26Meniň bu sözlerimi eşidip, olary berjaý etmedik kişi öýüni çägäniň üstünde salan akmak adam ýaly bolar.
27Ýagyş ýagyp, siller geldi, ýeller öwsüp, ol öýe urdy; öý ýykyldy, onuň ýykylyşy hem gorkunç boldy».
28Isa bu sözleri aýdyp bolanyndan soň, märeke Onuň taglymatyna haýran galdy.
29Çünki Isa olara kanunçylar ýaly däl-de, erk-ygtyýarly biri ýaly bolup sapak berýärdi».