Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
32 verses
1Sak boluň, etjek dogry işleriňizi göz üçin adamlaryň öňünde etmäň, ýogsa, Gökdäki Ataňyzdan aljak sylagyňyz bolmaz.
2Şonuň üçin, sadaka bereniňde ikiýüzli adamlaryň il arasynda taryplanjak bolup, sinagogalarda, köçelerde edişi ýaly, öňüňde surnaý çaldyrma. Size dogrusyny aýdýaryn, olar öz sylaglaryny eýýäm alandyrlar.
3Sadakaň gizlin bolar ýaly, bereniňde sag eliň näme edýänini sol eliň bilmesin. Gizlinlikde edileni görýän Ataň saňa ony açyk gaýtaryp berer».
5Doga edeniňde ikiýüzlüler ýaly bolma, çünki olar göz üçin sinagogalarda, köçe burçlarynda durup doga etmegi halaýarlar. Men size dogrusyny aýdýaryn, olar öz sylaglaryny eýýäm alandyrlar.
6Emma sen doga edeniňde, öz otagyňa girip, gapyny ýap-da, gizlinlikdäki Ataňa doga et. Gizlinlikde edileni görýän Ataň saňa ony açyk gaýtaryp berer.
7Siz doga edeniňizde milletler ýaly, boş sözleri gaýtalap durmaň, çünki olar köp sözlemek bilen eşidileris öýdýärler.
8Olar ýaly bolmaň, çünki Ataňyz size nämeleriň gerekdigini, Ondan dilemänkäňiz bilýändir.
9Şonuň üçin, şeýle doga ediň: „Eý, Gökdäki Atamyz! Adyň mukaddes bolsun.
10Patyşalygyň gelsin. Gökde bolşy ýaly, Ýerde-de Seniň islegiň amala aşsyn.
11Gündelik çöregimizi Bize şu gün ber.
12Bize ýamanlyk edýänleriň ýazyklaryny $geçişimiz ýaly, Sen-de biziň ýazyklarymyzy geç.
13Bizi synaga salma, bizi iblisden halas et. Çünki patyşalyk, gudrat we şöhrat Ebedilik Seniňkidir. Omyn".
14Siz adamlaryň ýazyklaryny bagyşlasaňyz, Gökdäki Ataňyz hem siziň ýazyklaryňyzy bagyşlar.
15Adamlaryň ýazyklaryny bagyşlamasaňyz, Ataňyz hem siziň ýazyklaryňyzy bagyşlamaz».
16Oraza tutanyňyzda ikiýüzlüler ýaly ýüzüňizi çytmaň, çünki olar adamlara oraza tutýanyny görkezjek bolup, ýüzlerini çytýarlar. Size dogrusyny aýdýaryn, olar öz sylaglaryny eýýäm alandyrlar.
17Emma sen oraza tutanyňda adamlara däl-de, gizlinlikdäki Ataňa oraza tutýanyňy görkezer ýaly, başyňa ýag çal, ýüzüňi ýuw. Gizlinlikde edileni görýän Ataň saňa ony açyk gaýtaryp berer».
19Ýer ýüzünde özüňize hazyna ýygnamaň, bu ýerde güýe bilen pos iýýändir, bu ýere ogrular girip ogurlaýandyr.
20Özüňize Gökde hazyna ýygnaň, ol ýerde ne güýe, ne pos iýýändir, ne-de ogrular girip ogurlaýandyr.
21Hazynaňyz nirede bolsa, ýüregiňiz hem şol ýerde bolar.
22Bedeniň çyrasy gözdür. Gözüň sag bolsa, bütin bedeniň hem ýagty bolar.
23Gözüň şikesli bolsa, bütin bedeniň garaňky bolar. Şeýlelik bilen, eger sendäki yşyk garaňky bolsa, ol garaňky nähili goýy bolar!
24Hiç kim iki hojaýyna hyzmat edip bilmez, çünki ýa birini ýigrenip, ol birini söýer, ýa-da birine wepaly bolup, ol birini äsgermezlik eder. Siz-de hem Hudaýa, hem-de mammona hyzmat edip bilmersiňiz».
25Munuň üçin size diýýärin, näme iýip, näme içerin diýip, janyňyzy, näme geýerin diýip, teniňizi gaýgy etmäň. Jan iýmitden, ten egin-eşikden ýokary dälmidir?
26Gögüň guşlaryna serediň, olar ne ekýärler, ne orýarlar, ne-de ammarlara üýşürýärler. Gökdäki Ataňyz onda-da olary iýmitlendirýär. Siz olardan gymmatly dälmisiňiz?
27Siziň haýsy biriňiz alada edip, öz boýuňyzy tirsek boýy artdyryp bilýärsiňiz?
28Näme üçin egin-eşik hakda gaýgy edýärsiňiz? Meýdan liliýalarynyň ösüşine serediň: olar ne zähmet çekýärler, ne-de ýüp egirýärler.
29Emma size diýýärin, Süleýman hem özüniň bütin şan-şöhratynda bularyň biri ýaly-da geýinmändi.
30Ýöne şu gün bolup, ertir ojaga taşlanýan meýdan otuny Hudaý şeýle geýindirýän bolsa, sizi ondan has artyk geýindirmezmi, eý, imany azlar?
31Şoňa görä, „Näme iýeris?", „Näme içeris?", „Näme geýeris?" diýip, gaýgy etmäň.
32Bütin bu zatlary başga milletler agtarýarlar, ýöne Gökdäki Ataňyz bu zatlaryň barynyň size gerekdigini bilýär.
33Siz öňürti Hudaýyň Patyşalygyny, Onuň dogrulygyny agtaryň, şonda bu zatlar hem size onuň üstüne goşulyp berler.
34Şonuň üçin, ertiri gaýgy etmäň, çünki ertir öz gaýgysyny özi eder. Her günüň derdi özüne ýeterlikdir».