Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
48 verses
1Isa märekäni görüp, daga çykdy, oturanynda şägirtleri Onuň ýanyna geldiler.
2Ol söze başlady, olara sapak berip, şeýle diýdi:
3Ruhy garyplar bagtlydyr, çünki Gögüň Patyşalygy olaryňkydyr.
4Ýaslylar bagtlydyr, çünki olara göwünlik berler.
5Ýumşak adamlar bagtlydyr, çünki olar ýeri miras alarlar.
6Dogrulyga ajygyp-suwsanlar bagtlydyr, çünki olar doýup-ganarlar.
7Rehimliler bagtlydyr, çünki olara rehim ediler.
8Ýüregi päkler bagtlydyr, çünki olar Hudaýy görerler.
9Parahatlyk döredýänler bagtlydyr, çünki olara Hudaýyň ogullary diýler.
10Dogrulyk ugrunda yzarlananlar bagtlydyr, çünki Gögüň Patyşalygy olaryňkydyr.
11Men zerarly sögülen, yzarlanan, nähak ýere her hili gybatyňyz edilen mahaly siz bagtlysyňyz!
12Şat boluň, begeniň, Gökde aljak sylagyňyz uludyr, çünki sizden öňki pygamberler-de şeýle yzarlandylar».
13Siz ýeriň duzusyňyz, emma duz tagamyny ýitirse, ol näme bilen duzlanar? Daşaryk taşlanmakdan we aýak astynda depelenmekden başga hiç bir zada ýaramaz.
14Siz dünýäniň yşygysyňyz. Dagyň depesinde gurlan şäher gizlin galyp bilmez.
15Çyrany ýakyp-da, gabyň aşagynda goýman, çyradanyň üstünde goýýandyrlar, şonda ol öýdäkileriň hemmesine yşyk berýändir.
16Siziň yşygyňyz adamlaryň öňünde şeýle bir parlasyn welin, olar gowy işleriňizi görüp, Gökdäki Ataňyzy şöhratlandyrsynlar».
17Meni Mukaddes Kanuny ýa pygamberleriň ýazgylaryny bozmaga gelendir öýtmäň. Men bozmaga däl-de, olary berjaý etmäge geldim.
18Çünki size dogrusyny aýdýaryn, Gök bilen ýer geçip gidýänçä, ähli zat berjaý bolýança, Kanunyň bir harpy-da, bir nokady-da kemelmez.
19Muňa görä, kim şu iň kiçi tabşyryklardan birini bozsa we şeýle etmegi öwretse, Gögüň Patyşalygynda iň kiçi saýylar. Emma kim bulary berjaý etse we öwretse, ol Gögüň Patyşalygynda uly saýylar.
20Çünki Men size aýdýaryn: dogrulygyňyz kanunçylaryňky bilen fariseýleriňkiden artyk bolmasa, Gögüň Patyşalygyna asla girmersiňiz».
21Siz gadymkylara: „Adam öldürme, kim adam öldürse, höküme sezewar bolar" diýlenini eşidensiňiz.
22Emma Men size aýdýaryn: öz doganyna nähak gaharlanan kişi hökümine sezewar bolar. Kim öz doganyna „Raka" diýse, mejlisiň hökümine sezewar bolar. Kim „Samsyk" diýse, dowzahyň oduna sezewar bolar.
23Şonuň üçin gurbanyňy gurbanlyk edilýän ýere alyp baranyňda, doganyň senden öýke-kinesiniň bardygy ýadyňa düşse,
24gurbanyňy şol ýerde, gurbanlyk edilýän ýeriň öňünde goý-da, gidip öňürti doganyň bilen barlyş, onsoň gelip gurbanyňy bagyş et.
25Dawagäriň bilen entek ýoldakaň derrew ýaraş, dawagäriň seni kaza, kazy hem seni garawula berip, zyndana salaýmasyn.
26Saňa dogrusyny aýdýaryn, iň soňky köpügi töleýänçäň, ol ýerden çykmarsyň».
27Siz: „Zyna etme" diýlenini eşidensiňiz.
28Men welin size diýýärin, bir aýala azgyn nebis bilen bakan adam öz ýüreginde eýýäm onuň bilen zyna edendir.
29Sag gözüň seniň günä etmegiňe sebäp bolsa, ony oýup çykar-da taşla, saňa bir synaň ýok bolmagy bütin göwräň dowzaha zyňylmagyndan gowudyr.
30Sag eliň seniň günä etmegiňe sebäp bolsa, ony kes-de taşla, saňa bir synaň ýok bolmagy bütin göwräň dowzaha gitmeginden gowudyr.
31Şeýle hem, „Kim aýalyny goýberse, oňa talak hatyny bersin" diýlendir.
32Men welin size diýýärin, zynadan başga sebäp bilen aýalyny aýyran adam onuň zyna etmegine sebäp bolýandyr. Aýrylan aýala öýlenen-de zyna edýändir».
33Siz ýene-de gadymkylara: „Ýalan ýere ant içme, antlaryňy Rebbiň öňünde berjaý et" diýlenini eşidensiňiz.
34Men welin size asla ant içmäň diýýärin ― Gökden ant içme, çünki ol Hudaýyň tagtydyr.
35Ýerden ant içme, çünki ol Onuň aýaklarynyň basgançagydyr. Iýerusalimden ant içme, çünki ol beýik Patyşanyň şäheridir.
36Öz başyňdan hem ant içme, sebäbi sen onuň bir gylyny-da ak ýa gara edip bilýän dälsiň.
37Siziň ― „Hawa" diýen sözüňiz „Hawa", „Ýok" diýeniňiz ���Ýok" bolsun. Mundan artygy iblisdendir».
38Siz: „Göze ― göz, dişe ― diş" diýlenini eşidensiňiz.
39Men welin size diýýärin, ýamana garşy durma. Gaýta, kim seniň sag ýaňagyňa ursa, ol ýaňagyňy-da oňa öwür.
40Seniň bilen dawalaşyp köýnegiňi aljak bolýana donuňy-da ber.
41Kim seni özi bilen bir çakrym ýol ýöremäge mejbur etse, onuň bilen iki çakrym ýol ýöre.
42Saňa dileg salana ber, karz dilejek bolýandan ýüzüňi öwürme».
43Siz: „Goňşyňy söý, duşmanyňy ýigren" diýlenini hem eşidensiňiz.
44Men welin size diýýärin, Gökdäki Ataňyzyň ogullary bolar ýaly, duşmanlaryňyzy söýüň, özüňize gargaýanlara alkyş okaň, ýigrenýänlere ýagşylyk ediň, size zulum edýänler, sizi yzarlaýanlar üçin doga ediň.
45Çünki Gökdäki Ataňyz Öz Gününi ýamanlaryň hem, ýagşylaryň hem üstüne dogurýar, ýagmyryny dogrularyň hem, egrileriň hem üstüne ýagdyrýar.
46Siz özüňizi söýýänleri söýýän bolsaňyz, onda näme sylagyňyz bolar? Salgyt ýygnaýanlar-da şeýle etmeýärmi?
47Diňe öz gardaşlaryňyza salam berýän bolsaňyz, onda, näme artykmaç iş edýärsiňiz? Milletler-de şeýle etmeýärmi?
48Şeýlelikde, Gökdäki Ataňyzyň kämil bolşy ýaly, siz-de kämil boluň».