Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
25 verses
1Onsoň, Ruh Isany iblisiň synamagy üçin, çöle äkitdi.
2Isa kyrk gije-gündizläp oraza tutansoň ajykdy.
3Synagçy ýanyna gelip, Oňa: «Sen Hudaýyň Ogly bolsaň, şu daşlar çörek bolsun diýip buýur» diýdi.
4Emma Isa: «Adam diňe bir çörek bilen däl-de, eýsem, Hudaýyň agzyndan çykan her bir söz bilen hem ýaşaýandyr diýip ýazylgydyr» diýip jogap berdi.
5Onsoň iblis Ony mukaddes şähere getirip, ybadathananyň küňresinde oturtdy-da,
6Oňa şeýle diýdi: «Sen Hudaýyň Ogly bolsaň, Özüňi aşak zyň. Sebäbi: „Ol Öz perişdelerine Sen hakda buýruk berer, olar aýagyň daşa degäýmesin diýip, Seni ellerinde götererler"».
7Isa oňa: «„Öz Hudaýyň Rebbi synama" diýip-de ýazylgydyr» diýdi.
8Iblis ýene Isany äpet belent daga eltdi, dünýäniň bütin patyşalyklaryny, olaryň şan-şöhratyny görkezip,
9Oňa: «Dyza çöküp, maňa sežde etseň, men şu zatlaryň hemmesini Saňa bereýin» diýdi.
10Şonda Isa oňa: «Ýanymdan aýryl, şeýtan! „Öz Hudaýyň Rebbe sežde et, diňe Oňa gulluk et" diýip ýazylgydyr» diýdi.
11Onsoň iblis Ony terk edip gitdi. Perişdeler gelip, Oňa hyzmat etdiler.
12Isa Ýahýanyň tutulanyny eşidende, Jelilä gitdi.
13Ol Nasyradan aýrylyp, Zebulun we Naftaly etrabyna bardy, deňiz ýakasynda bolan Kapernaumda mekan tutdy.
14Şeýdip, Işaýa pygamber arkaly aýdylan şu sözler ýerine ýetdi:
15«Zebulun ýurdy we Naftaly ýurdy, Iordanyň aňyrsynda, Deňiz ýakasyndaky ýolda, Milletleriň Jelilesinde,
16Garaňkyda oturan halk Bir uly yşyk gördi. Ölüm ýurdunda we kölegesinde Oturanlara yşyk ýalpyldady».
17Şondan soň Isa: «Toba ediň, çünki Gögüň Patyşalygy golaýlaşdy» diýip, wagyz etmäge başlady.
18Ol Jelile kölüniň ýakasyndan geçip barýarka, iki doganyň ― Petrus diýilýän Simun bilen dogany Andreýasyň deňze torlaryny zyňyp duranlaryny gördi. Olar balykçydylar.
19Isa olara: «Meniň yzyma düşüň, Men sizi ynsan tutýan balykçylar edeýin» diýdi.
20Olar-da derrew torlaryny taşlap, Onuň yzyna düşdüler.
21Isa ol ýerden öňräk gidensoň, başga bir iki doganyň ― Zebedeýiň ogly Ýakup bilen onuň dogany Ýahýanyň öz kakalary Zebedeý bilen gaýykda torlaryny bejerip oturanlaryny görüp, olary çagyrdy.
22Olar hem derrew gaýykdyr kakalaryny taşlap, Onuň yzyna düşdüler.
23Isa Jeliläniň her tarapyna aýlanyp, ol ýerlerdäki sinagogalarda sapak bererdi. Patyşalygyň Hoş Habaryny wagyz ederdi, halkyň arasyndaky her hili syrkawlary, hassalary bejererdi.
24Onuň at-owazasy bütin Siriýa ýaýrady, dürli syrkawlygy, keseli bar hassalary, jynly, tutgaýly we oturalary Onuň ýanyna getirdiler, Ol hem olary sagaltdy.
25Jelileden, Dekapolisden, Iýerusalimden, Ýahuda we Iordanyň aňyrsyndan uly märekeler Onuň yzyna düşdi.