Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
17 verses
1Şol günlerde Ýahudanyň çölünde wagyz edip, çokundyryjy Ýahýa peýda boldy.
2Ol: «Toba ediň, çünki Gögüň Patyşalygy golaýlady» diýýärdi.
3Sebäbi ol Işaýa pygamberiň: «Çölde gygyrýanyň sesi: „Rebbiň ýoluny taýýarlaň, Onuň ýodalaryny dogrulaň" diýýär» diýenidir.
4Ýahýanyň düýe ýüňünden geýimi, bilinde gaýyş guşagy bardy, iýmiti bolsa ýabany bal bilen çekirtgedi.
5Şonda Iýerusalim, tutuş Ýahuda we bütin Iordan etraby onuň ýanyna eňdi.
6Olar günälerini boýun alýardylar, Ýahýa hem olary Iordan derýasynda çokundyrýardy.
7Ýahýa köp fariseýleriň we saddukeýleriň-de çokundyrylmaga gelýändiklerini görüp, olara şeýle diýdi: «Eý, alahöwrenler nesli! Geljek gazapdan gaçmagy size kim salgy berdi?
8Indi toba mynasyp hasyl beriň.
9Içiňizden: „Biziň atamyz Ybraýymdyr" diýip oýlanmaň. Çünki men size aýdýaryn, Hudaý bu daşlardan-da Ybraýyma perzent ýaratmagy başarýandyr.
10Palta eýýäm agaçlaryň düýbünde ýatyr: oňat miwe bermeýän agaç kesilip, oda taşlanar.
11Men sizi toba üçin suw bilen çokundyrýaryn, ýöne menden soňra Geljek menden has güýçlüdir. Men Onuň çaryklaryny götermäge-de mynasyp däldirin. Ol sizi Mukaddes Ruh hem-de ot bilen çokundyrar.
12Onuň küregi elindedir. Ol harman ýerini süpürip, bugdaýy Öz ammaryna ýygnap, samany sönmez otda ýakar».
13Onsoň Isa Ýahýa tarapyndan çokundyrylmak üçin, Jelileden Iordana, Ýahýanyň ýanyna geldi.
14Emma Ýahýa Ony saklap: «Meni Sen çokundyrmaly welin, Sen meniň ýanyma gelýärsiňmi?» diýdi.
15Isa oňa: «Häzir, goý, şeýle bolsun, çünki bize hak zady berjaý etmek ýaraşýandyr» diýip jogap berdi.
16Isa çokundyrylyp, derrew suwdan çykdy. Ine, Gök açyldy, Ol Hudaýyň Ruhunyň kepderi kimin Öz üstüne inip gelýänini gördi.
17Şonda Gökden bir ses: «Bu Meniň söýgüli Oglum. Men Ondan köp razydyryn» diýdi.