Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
58 verses
1Şol gün Isa öýden çykyp, kölüň ýakasynda oturdy.
2Onuň ýanyna şeýle uly märeke ýygnandy welin, Ol gaýyga münüp oturdy, bütin märeke hem kenarda durdy.
3Isa olara tymsallar bilen köp zatlar aýtdy: «Ine, bir daýhan ekin ekmäge gitdi.
4Ekip ýörkä, tohumlaryň birnäçesi ýoluň kenaryna düşdi. Guşlar-da gelip, ony iýdiler.
5Birnäçesi topragy az daşlyk ýere düşüp, tiz gögerip çykdy, çünki toprak galyň däldi.
6Gün galanda bolsa, kökleriniň ýoklugy zerarly ýanyp, gurap gitdiler.
7Birnäçe tohum tikenleriň arasyna düşdi. Tikenler ösüp, olary basdy.
8Birnäçe tohum bolsa gowy ýere düşüp, käbiri ýüz, käbiri altmyş, käbiri hem otuz esse hasyl berdi.
9Kimiň eşitmäge gulagy bar bolsa eşitsin».
10Onsoň şägirtler Isa: «Näme üçin olara tymsallar bilen gürrüň berýärsiň?» diýdiler.
11Ol şeýle jogap berdi: «Gögüň Patyşalygynyň syrlaryna düşünme ukyby size berildi, olara berilmedi.
12Çünki kimde bar bolsa, oňa berler, ondaky bol bolar; kimde ýok bolsa, elindäki hem ondan alnar.
13Meniň olara tymsallar bilen gürrüň bermegimiň sebäbi şu. Çünki olar gözläp görmeýärler, diňläp eşitmeýärler, düşünmeýärler.
14Işaýa pygamberiň aýdan şu welilik sözleri olarda ýerine ýetýär: „Gulagyňyz bilen eşidip, düşünmersiňiz; Gözleriňiz bilen gözläp, görmersiňiz;
15Çünki bu halkyň ýüregi gatady, Gulagy agraldy, Gözlerini-de ýumdular. Beýle bolmadyk bolsady, Gözleri bilen görüp, Gulaklary bilen eşidip, Ýürekleri bilen düşünip, Maňa tarap öwrülerdiler, Men-de olara şypa bererdim".
16Siziň gözleriňiz ne bagtly, çünki olar görýär, gulaklaryňyz ne bagtly, çünki olar eşidýär.
17Size dogrusyny aýdýaryn, köp pygamberler, dogry adamlar siziň görýänleriňizi görmek islediler, ýöne görmediler, siziň eşidýänleriňizi eşitmek islediler, ýöne eşitmediler.
18Indi daýhan hakdaky tymsalyň manysyny diňläň:
19Biri Hudaýyň Patyşalygy hakdaky sözi eşidip, oňa düşünmäninde, şeýtan gelip, onuň ýüreginde ekileni sogrup alýar. Ýoluň kenarynda ekilen budur.
20Daşlyk ýere ekilen bolsa, sözi eşidip, ony derrew şatlyk bilen garşylaýandyr.
21Ýöne onda kök ýokdur, çydamsyzdyr; bu söz üçin muşakgat ýa-da yzarlama bolanda, derrew ýüz dönderer.
22Tikenler arasyna düşenler bolsa budur: ol sözi eşidýär, ýöne dünýäniň gaýgylary, baýlygyň aldawçylygy sözi bogýar we söz hasylsyz bolýar.
23Gowy topraga ekilen bolsa budur: ol sözi eşidip, oňa düşünýär hem-de hasyl berýär, käbiri ýüz, käbiri altmyş, käbiri-de otuz esse hasyl getirýär».
24Isa olara başga bir tymsal-da aýdyp berdi: «Gögüň Patyşalygy öz ekin meýdanynda oňat tohum eken adam ýalydyr.
25Emma her kes ýatyrka, onuň duşmany gelip, bugdaýlaryň arasyna haşal ot ekip gidýär.
26Ekin ösüp hasyl berende, haşal ot hem peýda bolýar.
27Öý eýesiniň hyzmatkärleri onuň ýanyna gelip: „Aga, sen ekin meýdanyňa oňat tohum sepmänmidiň? Onda haşal ot nireden çykdy?" diýip, ondan soraýarlar.
28Ol hyzmatkärlerine: „Muny bir duşman edendir" diýýär. Hyzmatkärleri: „Gidip, olary ýygmagymyzy isleýärsiňmi?" diýip, ondan soraýarlar.
29Emma ol şeýle jogap berýär: „Ýok, haşal oty ýygjak bolup, gaýtam, bugdaýy köki bilen sograýmaň.
30Goý, oraga çenli ikisi bile össün. Orak wagty men orakçylara ilki haşal oty ýygyň-da, desseläp ýakar ýaly ediň, bugdaýy hem meniň ammaryma üýşüriň diýerin"».
31Isa olara başga bir tymsaly-da aýdyp berdi: «Gögüň Patyşalygy bir adamyň alyp, öz mellegine eken gorçisa tohumy ýalydyr.
32Ol tohumlaryň iň ownugydyr, ýöne öseninden soň, beýleki ösümliklerden belent bolup, agaç bolýar. Şeýlelikde, Gögüň guşlary gelip, onuň şahalarynda höwürtgeleýärler».
33Isa olara başga bir tymsaly-da aýtdy: «Gögüň Patyşalygy bir aýalyň alyp, bütin hamyr turşaýança, üç çanak una goşan hamyrmaýasy ýalydyr».
34Isa bu zatlaryň baryny halaýyga tymsallar bilen aýdardy. Tymsalsyz olara hiç zat aýtmazdy.
35Bu pygamber arkaly aýdylan şu sözüň ýerine ýetmegi üçindi: ��Agzymy tymsallar bilen açaryn, dünýä gurlaly gizlin galan zatlary beýan ederin».
36Onsoň Isa halaýygy taşlap öýe girdi. Şägirtleri Onuň ýanyna gelip: «Ekin meýdanyndaky haşal otlar hakdaky tymsaly bize düşündir» diýdiler.
37Ol şeýle jogap berdi: «Oňat tohumy ekýän Ynsan Ogludyr.
38Ekin meýdany bolsa dünýädir. Oňat tohum Hudaýyň Patyşalygynyň ogullary, haşal otlar bolsa iblisiň ogullarydyr.
39Olary eken duşman iblisdir, orak döwrüň soňudyr, orakçylar perişdelerdir.
40Şeýlelik bilen, haşal otlar nähili ýyglyp, otda ýakylýan bolsa, bu döwrüň soňunda hem şeýle bolar.
41Ynsan Ogly Öz perişdelerini iberer, olar-da günä sebäpkär bolýan ähli zatlary, nähak iş edýänleri Onuň Patyşalygyndan ýygnap,
42küräniň oduna taşlarlar. Ol ýerde agy we diş gyjama bolar.
43Onsoň dogry adamlar Gökdäki Atalarynyň Patyşalygynda Gün kimin parlar. Gulagy barlar eşitsin».
44Gögüň Patyşalygy bir ekin meýdanynda gizlengi hazyna ýalydyr. Bir adam ony tapyp, gaýtadan gizleýär we begenip baryp, ähli zadyny satýar-da, ýaňky ekin meýdanyny satyn alýar.
45Ýene, Gögüň Patyşalygy owadan dürdäne agtaran täjir ýalydyr.
46Ol gymmatbaha bir dürdänäni tapýar we baryp, ähli zadyny satýar-da, ony satyn alýar».
47Ýene Gögüň Patyşalygy deňze taşlanyp, her hili balygy ýygnan tor ýalydyr.
48Tor dolanda, ony kenara çekýärler-de, oturyp, oňat balyklary gaplara salýarlar, erbetlerini hem taşlap goýberýärler.
49Döwrüň soňunda hem şeýle bolar. Perişdeler gelip, erbetleri dogry adamlardan aýryp,
50küräniň oduna taşlarlar. Ol ýerde agy we diş gyjama bolar».
51Isa olara: «Bu zatlaryň baryna düşündiňizmi?» diýdi. Olar hem oňa: «Hawa» diýdiler.
52Isa olara: «Şeýlelik bilen, Gögüň Patyşalygy hakda tälim alan her bir kanunçy hazynasyndan hem täze, hem köne zatlar çykarýan öý eýesi ýalydyr» diýdi.
53Isa bu tymsaly aýdyp bolandan soň, ol ýerden gitdi.
54Ol Öz ýurduna gelip, ybadathanalarynda halka şeýle oňat sapak berdi welin, olar geň galyp diýişdiler: «Bu Adam bu akyldarlygy, bu mugjyzalary nireden aldyka?
55Bu neçjaryň Ogly dälmi? Ejesiniň ady Merem dälmi? Doganlary Ýakup, Ýusup, Simun we Iuda dälmi?
56Hemme aýal doganlary biziň ýanymyzda dälmi? Onda bu Adam bütin bu zatlary nireden aldyka?»
57Ony öýke-kine bilen ret etdiler. Emma Isa olara: «Pygamber öz ýurdundan, öýünden başga ýerde gadyrsyz däldir» diýdi.
58Isa olaryň imansyzdyklary zerarly, ol ýerde köp mugjyza etmedi.