Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
36 verses
1Şol wagt Isanyň owazasy tetrarh Hirodesiň gulagyna ýetdi.
2Ol öz nökerlerine: «Bu çokundyryjy Ýahýadyr. Ol ölümden direlendir. Bu mugjyzalaryň ondan çykmagynyň sebäbi şeýledir» diýdi.
3Çünki Hirodes Ýahýany tutduryp, el-aýagyny bagladyp, zyndana saldyrypdy. Ol muny öz dogany Filipusyň aýaly Hirodiýas sebäpli edipdi.
4Çünki Ýahýa Hirodese: «Seniň ony almagyň dogry däl» diýipdi.
5Hirodes Ýahýany öldürmek isleýärdi, ýöne halkdan gorkýardy, çünki halk Ýahýany pygamber hasaplaýardy.
6Emma Hirodes öz doglan güni mynasybetli toý tutanda, Hirodiýasyň gyzy ortada tans edip, Hirodesiň göwnüni çaglady.
7Şoňa görä, Hirodes gyza näme dilese, bererin diýip, ant içip, söz berdi.
8Gyz hem ejesiniň öwretmegi bilen: «Çokundyryjy Ýahýanyň başyny bir tabakda goýup, şu ýerde maňa ber» diýdi.
9Patyşa gamgyn boldy, ýöne myhmanlaryň ýanynda ant içensoň, Ýahýanyň başynyň oňa berilmegini buýurdy.
10Adam iberip, zyndanda Ýahýanyň başyny kesdirdi.
11Onuň başy bir tabakda getirilip, gyza berildi, ol hem ejesine getirdi.
12Ýahýanyň şägirtleri gelip, jesedi äkitdiler-de jaýladylar. Onsoň baryp, Isa habar berdiler.
13Isa muny eşidende, ol ýerden ýeke Özi gaýyga münüp bir çola ýere çekildi. Halaýyk muny eşidip, şäherlerden çykyp, paý-pyýada Onuň yzyndan gitdiler.
14Ol gaýykdan düşende, uly märekäni görüp, olara haýpy geldi, syrkawlaryny sagaltdy.
15Agşam düşende şägirtler Onuň ýanyna gelip: «Bu bir çola ýer, wagt hem gijikdi, märekäni goýber, obalara gidip, özlerine iýmit satyn alsynlar» diýdiler.
16Emma Isa olara: «Olara gitmegiň geregi ýok, siz iýmäge zat beriň» diýdi.
17Şägirtler hem Isa: «Biziň bu ýerde bäş çörek bilen iki balykdan başga zadymyz ýok» diýdiler.
18Ol hem: «Olary şu ýere, Meniň ýanyma getiriň» diýdi.
19Şonda Isa märekä otuň üstünde oturmagy buýurdy. Bäş çörek bilen iki balygy alyp, Göge bakyp şükür etdi-de, çörekleri bölüşdirip, şägirtlere berdi, şägirtler hem olary märekä paýladylar.
20Hemmeler iýip doýdular. Artyp galan döwümleri bolsa ýygnap, on iki sebedi doldurdylar.
21Iýenler aýallardyr çagalardan başga bäş müňe golaý adamdy.
22Märekäni ugradyp durka, Isa şägirtlerine gaýyga münüp, Özünden öň beýleki kenara geçmegi buýurdy.
23Märekäni ugradanyndan soň, Onuň ýeke Özi doga etmek üçin daga çykdy. Ol agşam düşende hem şol ýerde ýekedi.
24Gaýyk bolsa şol wagt kölüň ortasyndady, tolkunlarda eýläk-beýläk zyňylýardy.
25Gijäniň dördünji nobatynda Isa kölüň ýüzünden ýöräp, olara tarap geldi.
26Emma şägirtler Onuň deňziň ýüzünden ýöräp gelýänini görenlerinde: «Bu bir gözümize görünýän zatdyr!» diýşip aljyradylar, gorkudan ýaňa gygyryşdylar.
27Emma Isa derrew: «Batyr boluň, bu Men, gorkmaň» diýip, olara söz gatdy.
28Petrus Oňa jogap berip: «Ýa Reb, bu Sen bolsaň, maňa suwuň ýüzi bilen ýanyňa barmagy buýur» diýdi.
29Isa: «Gel» diýdi. Petrus hem gaýykdan düşüp, Isanyň ýanyna barjak bolup, suwuň ýüzi bilen ýöremäge başlady.
30Emma ýeliň güýjüni görüp gorkdy, ýaňy gark bolup ugranda: «Ýa Reb, meni halas et» diýip gygyrdy.
31Isa derrew elini uzadyp ony tutdy-da: «Eý, az imanly adam, näme üçin şübhelendiň?» diýdi.
32Olar gaýyga münenlerinde, ýel ýatdy.
33Gaýykdakylar: «Sen, dogrudan-da, Hudaýyň Oglusyň» diýip, Oňa sežde etdiler.
34Olar deňziň aňyrsyna geçip, Jenesaret ýurduna bardylar.
35Ol ýeriň adamlary Isany tanap, tutuş şol töwereklere adam iberip, syrkawlaryň baryny Onuň ýanyna getirdiler.
36Olar diňe geýiminiň syýnyna elini degirmäge rugsat sorap, Oňa ýalbardylar. El degrenleriň hemmesi-de sagaldy.