Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
39 verses
1Onsoň fariseýler bilen kanunçylar Iýerusalimden Isanyň ýanyna gelip, şeýle diýdiler:
2«Näme üçin Seniň şägirtleriň ata-babalaryň adatyny bozýarlar? Çünki olar nahar iýenlerinde ellerini ýuwmaýarlar».
3Ol bulara şeýle jogap berdi: «Siz näme üçin adatyňyzyň hatyrasyna Hudaýyň tabşyrygyny bozýarsyňyz?
4Çünki Hudaý: „Ataňy, eneňi syla", „Atasyna ýa enesine ýokuş söz aýdan hökman öldürilsin" diýip tabşyrypdyr.
5Ýöne siz: „Kim atasyna ýa enesine menden görjek peýdaň Hudaýa peşgeşdir diýse,
6atasyny ýa enesini sylamaly däl" diýýärsiňiz. Şeýdip, adatyňyzyň hatyrasyna Hudaýyň tabşyrygyny bozýarsyňyz.
7Eý ikiýüzlüler! Işaýa pygamber:
8Bu halk dilinde Meni sylaýar, ýöne olaryň ýürekleri Menden uzakda.
9Biderek ýere Maňa sežde edýärler, çünki taglymat hökmünde öwredýänleri ynsan buýruklary" diýip, siz hakda oňat welilik edipdir».
10Isa märekäni ýanyna çagyryp, olara şeýle diýdi: «Diňläň, düşüniň!
11Agza giren zat adamy murdar edýän däldir, agyzdan çykan zat adamy murdar edýändir».
12Onsoň şägirtler gelip: «Bu sözi eşidenlerinde, fariseýleriň gaharynyň gelenini bilýärsiňmi?» diýip, Ondan soradylar.
13Ol şeýle jogap berdi: «Gökdäki Atamyň ekmedik her ösümligi köki bilen sogrular.
14Olara zat diýmäň, olar körleri idýän körlerdir. Kör köri itse, olaryň ikisi hem guýa gaçar».
15Petrus Oňa: «Bize bu tymsaly düşündir» diýdi.
16Isa hem şeýle diýdi: «Siz henizem düşüneňzokmy?
17Agza giren her bir zadyň garna baryp, daşaryk taşlanýandygyna düşünmeýärsiňizmi?
18Ýöne agyzdan çykan zatlar ýürekden çykyp, adamy murdar edýär.
19Çünki erbet pikirler, adam öldürme, azgynlyk, zynahorlyk, ogrulyk, ýalan güwälik, sögünç ýürekden çykýar.
20Adamy şu zatlar murdar edýär, ýuwulmadyk el bilen nahar iýmek adamy murdar etmeýär».
21Isa ol ýerden çykyp, Sur we Saýda etrabyna çekildi.
22Ine, şol jelagaýda bolýan bir kenganly aýal gelip: «Ýa Reb, eý Dawut Ogly, maňa rehim et, jyn uranlygy sebäpli, gyzym ejir çekýär» diýdi.
23Emma Isa oňa hiç bir jogap bermedi. Şägirtleri ýanyna gelip: «Ony ugrat, çünki yzymyzdan gygyryp gelýär» diýip ýalbardylar.
24Ol bolsa: «Men diňe Ysraýyl öýüniň ýitirim bolan goýunlaryna iberildim» diýip jogap berdi.
25Emma aýal gelip, Onuň öňünde ýere ýykylyp: «Ýa Reb, maňa kömek et» diýdi.
26Isa: «Çagalaryň çöregini alyp, itlere zyňmak dogry däldir» diýip jogap berdi.
27Aýal: «Hawa, ýa Reb, Ýöne itler hem eýeleriniň saçagyndan gaçan çörek owuntyklaryny iýýändir» diýdi.
28Şonda Isa oňa: «Eý aýal, seniň imanyň uly! Saňa isleýşiň ýaly bolsun» diýdi. Ol aýalyň gyzy şol sagadyň özünde sagaldy.
29Isa ol ýeri terk edip, Jelile kölüniň golaýyna geldi, bir dagyň üstüne çykyp, şol ýerde oturdy.
30Onuň ýanyna bir uly märeke geldi, olaryň ýanlarynda agsaklar, körler, lallar, çolaklar we ýene-de bir topar syrkawlar bardy. Olary getirip, Isanyň öňünde duruzdylar. Ol bulary sagaltdy.
31Halk lallaryň gepleýändigini, çolaklaryň sagalandygyny, körleriň görýändigini, agsaklaryň ýöreýändigini görüp haýran galdy, Ysraýylyň Hudaýyny şöhratlandyrdy.
32Isa şägirtlerini ýanyna çagyryp, şeýle diýdi: «Meniň bu märekä haýpym gelýär! Bular indi üç gün bäri Meniň ýanymda, iýmäge-de hiç bir zatlary ýok. Ýolda ysgyndan gaçaýmasynlar diýip, olary aç goýberesim gelenok».
33Şägirtler Oňa: «Beýle uly märekäni doýrar ýaly, bu çola ýerde biz çöregi nireden alaly?» diýdiler.
34Isa olara: «Näçe çöregiňiz bar?» diýdi. Olar: «Ýedi, birnäçe hem maýda balygymyz bar» diýdiler.
35Isa märekä ýerde oturmagy buýurdy.
36Ýedi çörek bilen balyklary alyp, şükür edeninden soň, olary bölüşdirip, şägirtlerine berdi, şägirtleri hem olary märekä paýladylar.
37Hemmeler iýip doýdular, artyp galan döwümleri bolsa ýygnap, ýedi sebedi doldurdylar.
38Iýenler aýallardyr çagalardan başga dört müň adamdy.
39Isa märekäni ugradanyndan soň, gaýyga münüp, Magdala etrabyna gitdi.