Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
28 verses
1Fariseýler bilen saddukeýler gelip, Isany synamak üçin, Ondan özlerine Gökden bir alamat görkezmegini haýyş etdiler.
2Ol şeýle jogap berdi: «Agşam bolanda siz: „Howa gowy boljak, çünki asmanyň ýüzi gyzyl" diýýärsiňiz.
3Ertir hem: „Bu gün gaý turjak, çünki asmanyň ýüzi gyzyl hem tutuk" diýýärsiňiz. Siz asmanyň ýagdaýyny saýgaryp bilýärsiňiz-de, döwrüň alamatlaryny saýgaryp bilmeýärsiňizmi?
4Erbet we zynahor nesil bir alamat talap edýär, ýöne oňa Ýunusyňkydan başga alamat berilmez». Şeýlelikde, Isa olary taşlap gitdi.
5Şägirtleri ol tarapa geçenlerinde, çörek almagy unudan ekenler.
6Isa olara: «Sak boluň, fariseýleriň, saddukeýleriň hamyrmaýasyndan ägä boluň» diýdi.
7Olar bolsa özara çekişip: «Çörek almandyrys» diýişýärdiler.
8Emma Isa muny bilip, şeýle diýdi: «Eý imany azlar! Çörek almandyrys diýşip, nämä özara çekişýärsiňiz?
9Bäş müň adam üçin bäş çörege we näçe sebedi dolduryp ýygnanlygyňyza entek hem düşünmeýärmisiňiz, ol ýadyňyza düşmeýärmi?
10Dört müň adam üçin ýedi çörek we näçe sebedi dolduryp ýygnanlygyňyz-da ýadyňyza düşmeýärmi?
11Men size: „Fariseýleriň, saddukeýleriň hamyrmaýasyndan ägä boluň" diýenimde, çörekden gürrüň etmeýänligime näme üçin düşünmeýärsiňiz?»
12Şägirtler özlerine hamyrmaýa däl-de, fariseýler bilen saddukeýleriň taglymatyndan ägä boluň diýýänine şonda düşündiler.
13Isa Kaýsariýa-Filipi etrabyna gelende şägirtlerinden: «Maňa ― Ynsan Ogluna adamlar kim diýýärler?» diýip sorady.
14Olar: «Käbirleri çokundyryjy Ýahýa, käbirleri Ylýas, başgalary-da Ýeremiýa ýa pygamberleriň biri diýýärler» diýdiler.
15Isa olara: «Siz Maňa kim diýýärsiňiz?» diýdi.
16Simun Petrus: «Sen diri Hudaýyň Ogly Mesihsiň» diýip jogap berdi.
17Isa Oňa şeýle diýdi: «Sen bagtlysyň, eý, Ýunus ogly Simun, çünki muny saňa aýan eden ynsan däl-de, Gökdäki Atamdyr.
18Men saňa diýýärin, sen Petrussyň, Men ýygnagymy bu gaýanyň üstünde guraryn, dowzahyň derwezeleri oňa garşy durup bilmez.
19Gögüň Patyşalygynyň açarlaryny saňa bererin. Ýer ýüzünde baglan her zadyň Gökde bagly bolar. Ýer ýüzünde açan her zadyň Gökde açyk bolar».
20Onsoň şägirtlerine Özüniň Isa Mesihdigini hiç kime aýtmazlygy tabşyrdy.
21Isa şondan beýläk şägirtlerine Özüniň Iýerusalime gitmelidigini, ýaşulularyň, baş ruhanylaryň we kanunçylaryň elinden görgi görmelidigini, öldürilip, üçünji güni direlmelidigini düşündirmäge başlady.
22Petrus Ony bir çete çekip: «Ýa Reb, Hudaý saklasyn! Seniň başyňa asla beýle iş düşmez!» diýip, Onuň aýdanlaryna garşy çykdy.
23Ol öwrülip, Petrusa: «Çekil öňümden, şeýtan! Sen Maňa päsgel berýärsiň, çünki sen Hudaý işlerini däl-de, ynsan işlerini oýlanýarsyň» diýdi.
24Onsoň Isa şägirtlerine şeýle ýüzlendi: «Kim Meniň yzyma eýermek isleýän bolsa, özüni inkär etsin-de, haçyny alyp, yzyma düşsün.
25Çünki kim janyny halas etmek islese, ony ýitirer, ýöne kim öz janyny Meniň ugrumda ýitirse, ony halas eder.
26Sebäbi bir adam bütin dünýäni gazanyp, janyny ýogaltsa, oňa näme peýdasy bolar? Ýa-da adam janyna derek näme berip biler?
27Ynsan Ogly Atasynyň şöhratynda Öz perişdeleri bilen gelende, her kime eden işlerine görä hakyny berer.
28Size dogrusyny aýdýaryn, bu ýerde duranlaryň arasynda Ynsan Oglunyň Öz Patyşalygynda gelýänini görmezden öň, ölümi datmajak käbir adamlar bar».