Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
27 verses
1Isa alty günden soň, diňe Petrusy, Ýakuby we onuň dogany Ýahýany ýanyna alyp, olary bir beýik dagyň üstüne çykardy.
2Olaryň gözleriniň alnynda Onuň görnüşi üýtgedi, ýüzi Gün kimin parlady, egin-eşigi yşyk ýaly agardy.
3Birdenkä, olara Musa bilen Ylýas göründi. Olar Isa bilen gepleşip durdular.
4Petrus Isa şeýle diýdi: «Ýa Reb! Bize bu ýerde bolmak ýakymly. Eger Sen isleseň, men üç çadyr guraýyn: biri ― Saňa, biri ― Musa, biri ― Ylýasa».
5Ol entek gepläp durka, nurly bir bulut olara kölege saldy. Bulutdan şeýle bir owaz geldi: «Bu Meniň söýgüli Oglumdyr, Men Ondan gaty razydyryn. Ony diňläň».
6Şägirtler muny eşidenlerinde, gaty gorkup, ýüzin ýykyldylar.
7Emma Isa gelip, olara elini degrip: «Turuň, gorkmaň» diýdi.
8Olar gözlerini galdyranlarynda, diňe Isadan başga hiç kimi görmediler.
9Dagdan inip gelýärkäler, Isa olara: «Ynsan Ogly ölümden direlýänçä, göreniňizi hiç kime aýtmaň» diýip tabşyrdy.
10Şägirtleri Ondan: «Eýse näme üçin kanunçylar öňürti Ylýas gelmelidir diýýärler?» diýip soradylar.
11Ol hem jogap berip diýdi: «Dogrudan-da, Ylýas gelip, hemme zady düzetmelidir.
12Emma Men size aýdýaryn, Ylýas eýýäm geldi, ony tanamadylar, oňa halanlaryny etdiler. Şonuň ýaly, Ynsan Ogly-da olaryň elinden görgi görer».
13Şonda şägirtler Onuň özlerine Çokundyryjy Ýahýa barada gürrüň berýändigine düşündiler.
14Märekäniň ýanyna baranlarynda, bir adam gelip, Isanyň öňünde dyza çöküp, şeýle diýdi:
15Ýa Reb! Meniň ogluma rehim et, sebäbi ol tutgaýly, köp ezet çekýär, ýygy-ýygydan özüni oda, suwa urýar.
16Men ony Seniň şägirtleriňe getirdim, ýöne olar sagaldyp bilmediler».
17Isa şeýle jogap berdi: «Eý ýoldan çykan, imansyz nesil! Men haçana çenli siz bilen bile bolup, size çydaýyn? Oglany şu ýere Maňa getiriň».
18Isa jyna käýedi, jyn hem oglandan çykdy. Oglan şol sagadyň özünde sagaldy.
19Onsoň şägirtler Isanyň ýanyna gelip, öz-özlerikä Oňa: «Biz näme üçin ony çykaryp bilmedik?» diýdiler.
20Isa hem olara diýdi: «Imanyňyzyň ýoklugy üçin. Men size dogrusyny aýdýaryn, bir gorçisa dänesi ýaly-da imanyňyz bolup, şu daga: „Bu ýerden ol ýere göç" diýseňiz, ol göçer, size başartmajak zat bolmaz.
21Bu hili jynlary doga we orazadan başga hiç zat bilen çykaryp bolýan däldir».
22Jelilede gezip ýörkäler Isa olara şeýle diýdi: «Ynsan Ogly ynsan eline berler.
23Ony öldürerler, Ol üçünji güni direler». Şägirtler gaty gynandylar.
24Kapernauma gelenlerinde iki drahma ýygnaýanlar Petrusa gelip: «Siziň Mugallymyňyz iki drahma bermeýärmi?» diýdiler.
25Petrus: «Hawa, berýär» diýdi. Öýe gelende, Isa ondan öňürdip: «Simun, sen näme diýýärsiň? Ýer ýüzündäki patyşalar gümrük ýa salgydy kimden alýarlar? Öz ogullaryndanmy ýa kesekilerdenmi?» diýdi.
26Petrus Oňa: «Kesekilerden» diýende, Isa oňa şeýle diýdi: «Onda, ogullar erkindir.
27Ýöne olary büdretmezlik üçin köle git-de, çeňňek taşla. Oňa ilkinji ilen balygy alyp, agzyny açsaň, bir teňňä gözüň düşer. Ony al-da, Meniň üçinem, özüň üçinem olara ber».