Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
30 verses
1Isa bu sözleri tamamlanyndan soň, Jelileden çykyp, Ýahudanyň çäklerine, Iordan derýasynyň aňyrsyna gitdi.
2Uly märeke Onuň yzyna düşdi, Isa hem şol ýerde olary sagaltdy.
3Fariseýler geldiler we Ony synap: «Her bir sebäp bilen aýaly aýyrmak dogrumydyr?» diýip soradylar.
4Ol hem şeýle jogap berdi: «Ýaradanyň olary başda erkek we aýal edip ýaradandygyny,
5„Şol sebäpden hem erkek ata-enesini goýup, aýaly bilen höwrüger we ikisi bir ten bolar" diýenini siz okamadyňyzmy?
6Şoňa görä, indi olar iki däl-de, bir ten hasaplanarlar. Hudaýyň goşanyny bendesi aýyrmasyn».
7Olar Isa şeýle diýdiler: «Onda näme üçin Musa aýaly aýranda, onuň talak hatyny bermekligi tabşyrypdyr?»
8Isa olara şeýle jogap berdi: «Doňýürek adamlar bolanyňyz üçin, Musa size aýalyňyzy aýyrmaga ygtyýar berdi, ýöne owal-başda beýle däldi.
9Men size aýdýaryn, kim aýalyny zynadan başga sebäp bilen aýryp, başga aýala öýlense, zyna edýändir. Ärinden aýrylan aýala öýlenen hem zyna edýändir».
10Şägirtler Oňa: «Erkek bilen aýal arasynda ýagdaý şeýle bolsa, onda öýlenmezlik gowudyr» diýişdiler.
11Emma Isa olara şeýle diýdi: «Hemme adamlar bu sözi kabul edip bilmezler, diňe özlerine berlenler kabul edip bilerler.
12Çünki dogabitdi agtalar, adamlar tarapyndan agta edilenler we Gögüň Patyşalygy ugrunda özlerini agta edenler hem bardyr. Muny kabul edip bilen kabul etsin».
13Onsoň olaryň üstüne elini goýup doga etsin diýip, Isanyň ýanyna çagalary getirdiler. Şägirtler çagalary getirenlere käýediler.
14Emma Isa: «Degmäň, çagalar Meniň ýanyma gelsin, olary bökdemäň, çünki Gögüň Patyşalygy şular ýalylaryňkydyr» diýdi.
15Isa olaryň üstüne elini goýanyndan soň, ol ýerden gitdi.
16Ine, biri Onuň ýanyna gelip: «Eý, ýagşy Mugallym, ebedi ýaşaýşym bolar ýaly, men näme ýagşy zat etmeli?» diýdi.
17Isa şeýle diýdi: «Näme üçin Maňa ýagşy diýýärsiň? Ýagşy bolan täk Biri ― Hudaý. Ýöne ebedi ýaşaýşa gowuşmak isleýän bolsaň, tabşyryklary berjaý et».
18Ol Isadan: «Haýsy tabşyryklary?» diýip sorady. Isa şeýle jogap berdi: «Adam öldürme, zyna etme, ogrulyk etme, ýalan güwälik berme,
19ene-ataňy syla, goňşyňy özüň ýaly söý».
20Ýaş ýigit: «Men bularyň hemmesini berjaý etdim, ýene näme kemim bar?» diýip, Isadan sorady.
21Isa oňa: «Kämil bolaýyn diýseň, git, nämäň bar bolsa, sat-da, garyplara ber, Gökde hazynaň bolar, onsoň gel-de, Meniň yzyma düş» diýdi.
22Ýaş ýigit bu sözi eşidip, tukat bolup gitdi, çünki onuň köp mal-mülki bardy.
23Isa şägirtlerine diýdi: «Size dogrusyny aýdýaryn, barly adam Gögüň Patyşalygyna çetinlik bilen girer.
24Size ýene aýdýaryn, bir düýäniň iňňäniň gözünden geçmegi barly adamyň Hudaýyň Patyşalygyna girmeginden aňsatdyr».
25Muny eşidenlerinde şägirtleri: «Onda kim halas bolup biler?» diýip, çakdanaşa geňirgenişdiler.
26Isa olara seredip: «Ynsanlar üçin bu mümkin däl, ýöne Hudaý üçin ähli zat mümkin» diýdi.
27Onsoň Petrus Oňa şeýle diýdi: «Ine, biz ähli zadymyzy taşlap, Seniň yzyňa düşdük, onda biziň nämämiz bolar?»
28Isa-da olara şeýle diýdi: «Size dogrusyny aýdýaryn, ähli zadyň täzelenjek wagty, Ynsan Ogly Öz şöhratly tagtynda oturanda Meniň yzyma düşen siz hem on iki tagtda oturyp, Ysraýylyň on iki taýpasynyň üstünden höküm çykararsyňyz.
29Meniň hatyram üçin öýlerini, doganlaryny, uýalaryny, atasyny, enesini, aýalyny, oglan-uşagyny ýa ýerlerini taşlan her kes ýüz esse edip alar, ebedi ýaşaýşyň mirasçysy bolar.
30Ýöne köp ilkinjiler iň soňkular, iň soňkular hem ilkinjiler bolar».